TEHNOLOGIÝA

Ýewropada iň köp satylan awtoulag modelleri yglan edildi

Iýul aýynda Ýewropanyň awtoulag bazarynda iň köp satylan modeller yglan edildi. “Peugeot 208” awtoulagy 3 aýdan soň “Volkswagen T-Roc” awtoulagyndan yza galdy.

Ýewropa awtoulag öndürijiler birleşiginiň (ACEA) iýul aýyndaky hasabatyna görä, awtoulag bazarynyň söwdasy birneme pese gaçdy.

Ýewropanyň 27 ýurduny öz içine alýan maglumatlara görä, ilkinji ýedi aýda 6 milion 398 müň 609 täze awtoulag satyldy.

Hasabat döwründe gibrid modelleriň satuwy azalyp, elektrik modelleriniň satuwy 20 göterim ýokarlandy.

Diňe iýul aýynda 19 müň 130 sany ​​“Volkswagen T-Roc” awtoulagy satyldy. Iň köp satylan awtoulaglaryň sanawynda ikinji orny eýelän “Dacia Sandero” awtoulagyndan 17 müň 228-si satyldy.

Ozal bu sanawda öňdelige eýelän “Peugeot 208” kysymly ulagyň 16 müň 423-si müşderilerine gowşuryldy.

 

 

 

Related posts

Görünmez selfi kamerasyna eýe bolan smartfon

“Toyota” global önümçiligini azaldar

“Realme Flash” smartfonynyň aýratynlyklary mälim edildi

Ata Watan Eserleri