BIZNES

Hytaýdan Merkezi Aziýa ýük demirýol gatnawy işe başlady

Hytaýdan Merkezi Aziýa täze ýük demirýol gatnawy ýola goýuldy. Bu barada Hytaýyň metbugat neşirleri habar berýär.

Täze ýük demirýol gatnawy Hytaýyň gündogar welaýaty bolan Szýansu şäheriniň Usi şäherinden Gazagystan we Özbegistan ugry boýunça hereket eder.

Bir müň tonnadan gowrak hojalyk harytlary we awtoulag şaýlaryndan ybarat bolan ýükler ahyrky nokady bolan Özbegistana 20 günde barýar.

Ilkinji ýük otlusynyň bahasy 4,4 million dollara deňdir. Bellenilişi ýaly, bu demirýol gatnawy Lýanýungat deňiz portundan hem geçýär.

Hytaýyň Szýansu welaýatynyň daşary söwda kärhanalarynyň bileleşiginiň ýolbaşçysy Huan Hunlýanyň aýtmagyna görä, täze otly ugrunyň Lýanýungan portundan Merkezi Aziýa ýük daşamak üçin amatly logistika ugry boljakdygyny belledi.

Mälim bolşuna görä, 2014-nji ýyldan bäri bu portda Gazagystanyň logistika terminaly hereket edýär. usi şäheri Hytaýyň Ýanszi derýasynyň ykdysady zolagynyň esasy merkezleriniň biridir. 2021-nji ýylda bu şäheriň haryt dolanyşygy 100 milliard dollardan geçip, onuň 65 milliardy eksport, 40 milliardy import bolup durýar.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär