BILIM

Talyp-2022:Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Býu­jet esa­syn­da:

1.Nak­gaş­çy­lyk.
2. Me­ta­ly çe­per be­jer­mek.
3. Heý­kel­ta­raş­lyk.
4.Çe­per ke­ra­mi­ka.

II. Tö­leg­li esas­da:

1. Me­ta­ly çe­per be­jer­mek.
2.Di­zaýn.

Ýörite çeperçilik mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 —       24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny;

— 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy
jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 27-si, 28-i we 29-y günleri;

Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 4-i, 5-i we 6-sy günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 9-y we 10-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 12-si, 13-i we 14-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 17-si we 18-i günleri.

Gi­riş sy­nag­la­ry ähli hünärler boýunça galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa)
dersleri boýunça çeperçilik we sungat mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça bolsa orta mekdepleriň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synagy döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä
gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäs­le­şik­siz we ta­lyp­lyga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hukuk­dan çeperçilik mekdebini we sungat mekdepleriniň çeperçilik bölümini tamamlanlar peýdalanýarlar.

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Türk­men döw­let ýö­ri­te çe­per­çi­lik mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., 2087-nji (Aga Ber­di­ýew) köçe, jaý 127, tel.: 75-65-70, 75-65-69, 75-65-62.

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar