DÜNÝÄ

Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi: “Ýol kartasy” taýýarlanar

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar Aşgabat bilen Brýusseliň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly meseläni ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan oňyn mümkinçilikler barada bellenildi.

Taraplar şu ýyl işjeň gatnaşyklary dowam etdirmek barada, hususan-da, 17-nji maýda Brýusselde ÝB hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli gepleşikleri, noýabr aýynda Ýewropanyň paýtagtynda “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” 18-nji ministrleriň duşuşygy, oktýabr aýynda Aşgabatda Bilelikdäki ikitaraplaýyn komitet, şu ýylyň iýul aýynda Brýusselde “Türkmenistan – ÝB” Adam hukuklary boýunça gepleşikler, şeýle hem noýabr-dekabr aýlarynda türkmen paýtagtynda Parlamentara gepleşikleri ýaly formatlarda dowam etdiriler.

Energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesi söhbetdeşligiň aýratyn temasy boldy. Bu ugurda taraplar bar bolan uly mümkinçilikler barada nygtadylar.

Duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak we daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlyk boldy.

Taraplar biodürlüligi gorap saklamak, suw gorlary we gowşak ekosistemalary goramak ugurlaryndaky anyk meýilnamalar we taslamalar arkaly bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy barada ylalaşdylar.

T.Hakalanyň Türkmenistana amala aşyran saparyndan soň ikitaraplaýyn we sebitara gün tertibiniň çäginde bilelikdäki hereketleriň “Ýol kartasyny” taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.

 

“Arçman” şypahanasynda goşmaça binalar gurlar

Ýene-de okaň

Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Arkadag şäheriniň önümleri Moskwada “Ýylyň önümi” atly altyn medala mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

“Jahan” döredijilik merkeziniň binalary döwrebaplaşdyrylar

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝUNISEF-iň wekili bilen duşuşdy