Amazon hakynda gyzykly maglumatlar dünýäniň iň uly derýalary barada has köp zat öwrenmäge şert döredýär. Käbir ýerlerde Amazon şeýle bir giň welin, derýa garanyňda deňze meňzeýär. Kenarlarynda köp haýwanlar we guşlar bilen birlikde dürli halklar ýaşaýar.
- Amazon planetanyň iň uzyn derýalaryň biri hasaplanýar – 6992 km.
- Amazon dünýädäki iň bol suwly derýa.
- Amazon derýasynyň basseýniniň meýdany 7 million km³-den gowrak.
- Bir günde derýa ummana 19 km³ çenli suw guýýar. Ýeri gelende aýtsak, bu uly suw ortaça uly şäher üçin 15 ýyllap ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýeterlikdir.
- 2011-nji ýylda Amazon dünýäniň tebigy täsinliginiň biri diýlip yglan edildi.
- Derýa basseýniniň esasy bölegi Boliwiýa, Braziliýa, Peru, Kolumbiýa we Ekwador ýurtlarynyň territoriýasynda ýerleşýär.
- Amazona baryp gören ilkinji ýewropaly ispaniýaly Fransisko de Orelýandyr. Derýanyň Amazon tokaýlyklarynyň hormatyna şeýle atlandyrylmagy hem oňa degişlidir.
- Amazonyň kenarlarynda palma agaçlarynyň 800-den gowrak görnüşi ösýär.
- Alymlar henizem ýerli jeňňeldäki ösümlikleriň we mör-möjekleriň täze görnüşlerini tapýarlar.
- Takmynan 4000 metr çuňlukda, planetanyň iň uly ýerasty derýasy bolan Hamza Amazonyň aşagyndan akýar.
- Portugaliýaly syýahatçy Pedru Teýşeýra Amazon derýasynyň gözbaşyndan aýagyna çenli ýüzüp geçen ilkinji ýewropalydyr. Bu waka 1639-njy boldy.
- Amazonda köp sanly goşandy bolup, olaryň 20-siniň uzynlygy 1500 km.
- Amazony gurşap alan agaçlar we ösümlikler dünýädäki kislorodyň 20% -ini öndürýär.
- Hünärmenleriň pikiriçe, derýanyň kenarýaka zolaklarynda mör-möjekleriň takmynan 2,5 million görnüşi ýaşaýar.
- Amazon derýasynyň kenaryndaky jeňňelliklerde köp sanly taýpalar bolup, olar dünýä medeniýeti bilen hiç haçan aragatnaşyk saklamadylar.
- Amazon derýasy Atlantik ummanyna köp möçberde süýji suw goşant edýär, ol hem ummanyň kenaryndan 150 kilometr aralygynyň suwunyň süýji bolmagyna getirýär.
- Ýer togalagynyň ähli haýwanlarynyň 50% -den gowragy Amazonyň kenarlarynda ýaşaýar.
Gunça Hemdemowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
4-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama