JEMGYÝET

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenbaşa geldi

2025-nji ýylyň 3-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek üçünji BMG-niň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Eswatini Patyşalygynyň Patyşasy Mswati III Türkmenbaşy şäherine geldi.

Belent mertebeli myhmanyň uçary Türkmenbaşy Halkara howa menziline gondy. Patyşa Mswati III bu ýerde türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda mähirli garşylandy.

Eswatininiň Patyşasy beýleki döwletleriň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birlikde Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ähmiýetli halkara foruma gatnaşar.

Related posts

Aziýa Kubogy badalga aldy: ilkinji duşuşyklar we ilkinji netijeler

vepa

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti “ABŞ-Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşar

Ata Watan Eserleri