Daglar hakynda gyzykly maglumatlar, Veriň topografiýasy barada has köp zat öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Daglar diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem köp adamyň we haýwanlaryň mekanydyr. Bu ýerde pes temperatura agdyklyk edýändigi sebäpli köplenç dag depelerinde gar görüp bilersiňiz.
Ýeriň astynda bolup geçýän tebigy hadysalar daglaryň azda-kände hem bolsa beýgelmegine, kähalatlarda bolsa peselmegine sebäp bolýar. Daglaryň beýikliginiň üýtgemegine wulkanlaryň partlamagy hem sebäp bolýar. Ýewropanyň iň uzyn işjeň wulkany Italiýanyň Sisiliýa adasynda ýerleşýär.
Daglar barada gyzykly maglumatlar:
- Daglar, ýanaşyk düzlükleriň üstünden 500 m ýa-da ondanam ýokary belentlikdäki ýer bölekleridir. Bu belligiň aşagyndaky hemme zat depe hasaplanýar.
- Ýer togalagynyň iň beýik dagy Ewerestdir, beýikligi 8848 metre ýetýär.
- Gawaýy suwasty wulkany Mauna Keanyň beýikliginiň 10203 metrdir, ýöne onuň köp bölegi suw astyndadyr.
- Planetamyzda beýikligi 7200 m-den gowrak bolan ýüzden gowrak dag depesi bar.
- Dag ulgamlary Aziýanyň üçden iki bölegini öz içine alýar.
- Dünýädäki derýalarynyň köpüsi daglardan gözbaş alýar.
- Iň uly wulkanly Mauna Loa dagynyň göwrümi 75,000 km³.
- Monadnok dagy (ABŞ) köplenç täze alpinistler tarapyndan çykylýan ilkinji dagdyr. Beýikligi ortaça 965 m.
Nazar Haýdarow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/at-myrat/
