MEDENIÝET

Dehistan – ösen medeniýetiň göwheri

Türkmenistanyň orta asyr şäherleri binagärligiň, senetçiligiň, söwdanyň, dokmaçylygyň, medeniýetiň biçak ösendigine şaýatlyk edýär. Şolaryň biri-de Dehistandyr. Bu şäheriň şöhratly geçmişden habar berýän galyndylary Hazar deňziniň kenaryndan 60 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu barada Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi ylmy işgäri Mähriban Annageldiýewanyň “Türkmenistan” gazetindäki makalasynda bellenip geçilýär.

Dehistan öz döwründe diňe bir 200 gektar meýdany tutýan paýtagt şäher bolman, eýsem, galalar ulgamyny we ownukly-irili obalary özünde birleşdirýän, gür ilatly welaýat bolupdyr. Hazar deňziniň kenarynyň Köpetdagyň baýyrlaryna çenli uzalyp gidýän günorta-gündogar bölegi häzirki döwrüň geografik kartalarynda «Misserian düzlügi» diýlip atlandyrylýar. Ir döwürlerde bu ýerde «Girkaniýa» ady bilen meşhur bolan bag-bakjaly, giň oazis bolupdyr.

1947-nji ýylda meşhur arheologlar W.A.Litwinskiý we W.M.Masson tarapyndan Dehistanyň sebitlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri gadymy döwürde şol ýerlerde giň gerimli ýaşaýşyň bolandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Orta asyrlarda bu sebitlerde ençeme ymaratlar bina edilipdir, ekerançylyk, maldarçylyk bilen birlikde, senetçilik we hünärmentçilik hem ösüpdir. Munuň özi alyş-çalşyň, söwdanyň ösmegine uly itergi berýär. Dehistanda gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde, ownuk we iri şahly mallaryň, düýäniň süňkleri tapylypdyr. Tapyndylaryň arasynda metaldan ýasalan zatlaryň gaty azlyk edýändigi şol döwürlerde metalyň örän gyt bolandygyny aňladýar. Miladydan öňki XII — VII müňýyllyklary öz içine alýan orta daş-mezolit döwrüne degişli Jebel, Damdamçeşme II, Gubaseňňir, Gaýly ýaly gonalgalardan jandarlaryň süňkünden ýasalan temenleriň, iňňeleriň tapylmagy şol döwürde ata-babalarymyzyň deri eýlemek, dokmaçylyk bilen içgin meşgullanandyklaryny aýdyň görkezýär.

Günorta-Günbatar Türkmenistanda giçki bürünç, irki demir eýýamlarynda we orta asyrlarda ösen medeni ojaklaryň biri bolan Dehistanda geçirilen gazuw-barlag işleri netijesinde, bu sebitde arakesmeli üç döwürde ýaşalandygy ýüze çykaryldy. Ilat, esasan, söwda, ylym-bilim, hünärmentçilik, binagärlik, senetçilik, dokmaçylyk, balykçylyk, oba hojalygy bilen meşgul bolupdyr. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda gadymy Dehistan medeniýeti bilen döwürdeş Sumbarda gazuw-barlag işleri geçirilende, zenanlaryň mazarlaryndan dokmaçylykda ulanylan keserler, daraklar, haly nagyşlary üçin ülňüler, şeýle-de iňňeler, ikler, ikbaşlar tapylypdyr. Arheolog I.N.Hlopiniň pikirine görä, şeýle dokma keserleri ýiti bolup, ýüpi kynçylyksyz kesip, zenanlaryň halyny çalt dokamaklaryna mümkinçilik beripdir. Häzirki döwrüň dokma keserleri müňlerçe ýyl mundan ozal ulanylan bürünç keserleriň demir görnüşidir. Şol ýerden tapylan bürünç çişler, diňe tikinçilikde däl, haly ýüwürdilende hem ulanylypdyr. Şeýle-de gadymy Dehistana degişli ýadygärliklerden (miladydan öňki II-I müňýyllyklar) bürünçden ýasalan gazanlar, çişler, dokmaçylykda ulanylan ýiti pyçaklar, iňňeler, temenler, ikler tapylýar. Ilat öý haýwanlarynyň ýüňüni işläp taýýarlamagy başarypdyr.

Türkmen arheology Ý.Atagarryýew hem Dehistanda köp ýyllaryň dowamynda gazuw-barlag işlerini alyp bardy. Onuň maglumatyna görä, kerpiç bişirýänler, küýzegärler, demir ussalary şäheriň çetinde, dokmaçylyk bilen meşgullanýanlar şäheriň merkezinde işläpdirler. 1970 — 1974-nji ýyllarda geçirilen gazuw işleriniň netijesinde Dehistanda ýüpek we nah matalaryň, ýüň ýüpleriň bölekleri (mikroskop arkaly öwrenilende, ol ýüpüň, mata bölekleriniň gyzyl reňkde bolandygy anyklanyldy), bürünçden ýasalan gazanlar, çişler, dokmaçylykda ulanylan ýiti pyçaklar, iňňeler, temenler tapylýar. Tapyndylaryň arasyndaky gazanlarda boýaglaryň yzlary bar. Diýmek, olarda matalar we ýüň ýüpler boýalypdyr. Dehistanyň binalarynda epigrafik we ösümlik nagyşly bezegler örän ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Halylara salynýan «Derwezegöl», «Çarhypelek», «Kejebegöl», «Saýnak», «Gülýaýdy», «Sekme», «Sekizgoçak», «Altybasar», «Çemçe», «Aşyk», «Okgözi», «Goçak», «Kyrkgoçak», «Buýnuz», «Üzümjik», «Gelinbarmak», «Çakmak», «Tegbent», «Damdyrma», «Saryiçýan», «Dagdan», «Hüjre», «Gyýak», «Sagdak», «Tazyguýruk», «Sekizkeşde» ýaly göller bilen binalardaky nagyşlar örän meňzeş.

Orta asyr Dehistanyndan tapylan käselerde aýallaryň keşpleri şöhlelendirilipdir. Ol aýallaryň köýnekleriniň ýakasy alty şöhleli ýyldyzjyklar, örülen, burum-burum we «Goçak» nagyşlar bilen bezelipdir. Ýene bir käsede iki sany aýalyň şekili bolup, olaryň köýnekleri dürli nagyşlar, ýagny palmettalar bilen utgaşýan alty şöhleli ýyldyzlar we damja nagyşlary bilen bezelipdir. Damja görnüşli nagyşlar häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň milli egin-eşiklerinde, halylarda, palaslarda, keçelerde köp duş gelýär. Bulardan başga-da, XII-XIII asyrlar bilen senelenýän faýans önümleriniň bölekleri tapylyp, olaryň ýüzüniň haýwanlaryň, guşlaryň şekilleri bilen birlikde, «Saryiçýan» nagşy bilen hem bezelendigi aýratyn gyzyklydyr. «Saryiçýan» nagşy gorag ähmiýetli bolup, aýratyn hem Günbatar we Günorta-Günbatar Türkmenistanda ýörgünli bolupdyr. Küýze böleklerinde «Damdyrma» nagşynyň yzlary saklanyp galypdyr. «Damdyrma» alaja görnüşinde ak, gara sapaklar bilen häzirki döwrüň dokmaçylygynda giň meşhurlyk gazanan nagyşlaryň biridir. Şeýle-de keramiki önümleriň goýy gyzyl reňk bilen boýalmagy türkmen halylaryna mahsusdyr. Orta asyr Dehistanynyň keramiki önümlerindäki bezegleriň häzirki döwürde türkmen halylaryna, ýakalara salynýan nagyşlar bilen örän meňzeşdigini görmek bolýar. Gazuw-barlag işleri netijesinde Dehistan şäherinden gulanyň, öküziň, goýnuň, geçiniň, keýigiň, itiň süňkleri tapylypdyr. Çarwalar bazarlara dowarlary, gara mallary, ýüň, deri, keçe, haly ýaly önümleri satmaga getiripdirler, oturymly ilatdan bolsa däne, gap-gaç, aýakgap, demir önümlerini satyn alypdyrlar.

Günbatar Türkmenistanyň ilaty iki ýüzli keçeleri basmak bilen tapawutlanypdyr. Bu sebitde ýaşan ilat gadymy döwürde we orta asyrlarda keçe basmak sungatyny öz nesillerine geçirmegi başarypdyr. Türkmen keçeleriniň beýleki halklaryňkydan berkligi we uzak saklanýandygy bilen tapawutlanýandygyny halyşynaslar, beýleki hünärmenler öz işlerinde belleýärler.

Berkarar döwletimizde ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň, nepis sungatyň gadymy nusgalarynyň ýitip gitmezligini maksat edinip, halk arasynda tanyşdyrylyş işlerini yzygiderli geçirýäris. Bu bolsa ýaş nesli Watana söýgi, geçmişe we şu güne hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

 

Taryhy we medeni ýadygärliklere bagyşlanan maslahatlar

Ýene-de okaň

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi geçiriler

Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan konsert

Dünýäniň iň owadan pişigi Norwegiýada saýlandy