Daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde duran esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Biziň ata Watanymyz Türkmenistanda köp ýyllardan bäri, dürli miweli, saýaly we pürli baglaryň, ýylyň dört paslynda hem gök öwsüp otyrýan arça agaçlarynyň dürli görnüşleri ekilýär. Ekilen baglara ideg etmek işleri hem uly depginler bilen alnyp barylýar.
Ekologiýa abandançylygyny üpjün etmek tebigaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde döwletimiz iri halkara guramalary, düzümleri bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Ýurdumyz häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli, köptaraplaýyn işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Mundan başga-da ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça konwensiýalaryň hem köpüsine goşulandyr.
Şeýle başlangyçlar dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem işjeň häsiýete eýe boldy. Şol ýurtlardan biri hem Mongoliýa Respublikasydyr. Bu ýurtda köpçülikleýin agaç ekmek işini guramaçylykly alyp barmak maksady bilen «Milliard agaç» kampaniýasy üçin gazna dörediildi.
Geçen ýyl Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öz ýurdunyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine we çölleşmäge garşy göreşmek kararyna gelendigini we 2030-njy ýyla çenli azyndan 1 milliard agaç nahalyny ekmek boýunça tutuş ýurt boýunça milli kampaniýanyň resmi taýdan başlanandygyny habar beripdi.
Gaznanyň maksady tokaý döretmek, agaç nahallaryny ekmek we beýleki tebigaty goraýyş çäreleri üçin durnukly serişdeleri üpjün etmek maksady bilen gurluş we ulgam döretmekden ybarat. Mongol banklary assosiasiýasyna agza guramalaryň her ýylda, azyndan, 2 milliard mongol tugrikini – 679 müň dollary gazna bagyş etmegine garaşylýar. Mundan başga-da, 2030-njy ýyla çenli bank pudagynda ýaşyl karzlaryň paýy 10 göterime çenli ýokarlanar.
Mongoliýanyň meýdany 1,564,116 inedördül kilometre deň bolup, bary-ýogy 7,9 göterimi tokaýlar bilen örtülendir. 2020-2024-nji ýyllar üçin hökümet meýilnamasy zeper ýeten tokaýlary dikeltmek we tokaý meýdanyny 8,6 göterime çenli ýokarlandyrmak ýaly birnäçe möhüm çäreleri öz içine alýar.