DÜNÝÄ

Wladimir Žirinowski aradan çykdy

Russiýa Federasiýasynyň görnükli syýasy işgäri – Liberal-demokratik partiýanyň başlygy Wladimir Žirinowski aradan çykdy. Bu barada Russiýanyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Wolodin habar berdi. Deputatlar plenar mejlisde Wladimir Žirinowski ýagty ýadygärligi üçin bir minutlyk dymyşlyk yglan etdiler.

“Açyk, zehinli syýasatçy. Dünýäniň nähili gurlandygy we köp zady öňünden görýän adam” diýip, Wolodin belläp geçdi. Şeýle hem, Wolodin Žirinowski bolmazdan häzirki Russiýanyň syýasy ulgamynyň ösüş taryhyny göz öňüne getirmek kyndygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Wladimir Žirinowski fewral aýynda koronawirus ýokanjy bilen keselläpdi. syýasatçy 75 ýaşynda aradan çykdy.

Wladimir Žirinowski Türkmenistany hem ýakyndan tanaýan syýasatçydy. Ol  Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň hem eýesidir.

 

 

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Related posts

TZP Devlet Başkanı Adayını Açıkladı

vepa

Türkmenistan Ösüş boýunça ylym we tehnika komissiýasynyň agzalygyna saýlandy

Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň wekiliýetleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri