SIZDEN GELENLER

Bananyň gabygyny aýyrýan robot

Tehnologiýanyň ösmegi bilen gündelik durmuşynda hem ýeňillikler döreýär. Köp zatlar tehnologiýanyň kömegi bilen aňsat amala aşyrylar. Bu ugurda ýene-de bir geň täzelik bolup geçdi.

Ýaponiýaly alymlar robota bananyň gabygyny aýyrmagy öwretdiler. Tokio uniwersitetiniň hünärmenleri häzirki zaman robotlary üçin ownuk işleri ýerine ýeitrmegi öwretmek kyn bolup durýar. Adam nukdaýnazaryndan gaty ýönekeý bolan – miweleriň gabygyny aýyrmak, çyra dakmak we şuňa meňzeş hereketleri hem robotlary öwretmek babatda degişli işler alnyp baryldy. Alym Hiçhol Kim bananyň gabyny aýyrmak üçin robot döretdi.

Miweler çylşyrymly görnüşe eýe bolansoň, alym inžener täze döreden robot ulgamyna bananyň gabygyny aýyrmagy öwretmek üçin 811 minutlyk wideo ýazga we köp bananyň gabygyny aýyrmaly boldy.

Netijede, robot bary-ýogy 13 sagat maglumatlary öwrenmek bilen, 57% ýagdaýynda bananlaryň gabyklaryny üstünlikli aýyrmagy öwrendi. Alymlar geljekde bu robot ulgamy bilen beýleki miweleriň hem gabyklaryny aýyrmak üçin degişli işleri geçirmegi meýilleşdirýär.

Bilşimiz ýaly, banan iýmitlik ähmiýeti bolan we öz düzüminde köp derejede ýokumly maddalary saklaýan miweleriň biridir. Onuň diňe bir ýakymly tagamy bolman eýsem ol çagalar we ulular üçin sagdyn bejergidir. Onda adamyň bedenine peýdaly täsir edýän ýokumly maddalaryň köp bölegi jemlenendir.

Özüniň azyklyk ähmiýeti bilen tapawutlanýan miweleriň biri hem banandyr. Onuň watany Günorta-gündogar Aziýa (Malaý arhipelagy) hasaplanylýar. Bu ýerde milady ýyl hasabyndan öňki XI asyrdan bäri banany ösdürip ýetişdirip gelýärler.

Nurana Begmatowa,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we
dolandyrylyşy fakultetiniň talyby,
“Türkmenistanyň Prezidentiniň talyp hakynyň” eýesi.

 

Magtymguly – milli edep-terbiýe mekdebi

 

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…