Käbir adamlar her gün banan iýýärler, beýlekiler artykmaç semremekden gorkup, olardan gaça durýarlar. Hawa, banan uglewodlara we kaloriýalara baýdyr.
Köp kaloriýaly bananlar köp babatda peýdaly taraplary bilen tapawutlanýar. Banan ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegi, myşsa dokumalarynyň işjeňligi we suw deňagramlylygyny saklamak üçin zerur bolan kaliň ajaýyp çeşmesidir. Bu möhüm elementi diňe iýmit bilen alyp bileris we 100 gram bananda takmynan 340 mg bar.
Banan antidepressant täsiri bolan miweleriň biridir. Banan aminokislotaly triptofana baýdyr. Triptofan, bedenimizdäki birnäçe biohimiki proseslerden soň bagt gormony diýlip atlandyrylýan serotonine öwrülýär. Keýpiňi ýokarlandyrmakdan başga-da, ýady, ünsi we ukyny gowulaşdyrýar.
Banan dürli witaminlere hem baýdyr. 100 gram banan, immunitetiň kadaly işlemegi üçin zerur bolan C witamini gündelik zerurlygynyň 11 göterimini öz içine alýar. 100 gram banan nerw ulgamynyň işlemegi üçin zerur bolan B6 witaminine bolan zerurlygyň takmynan 19 göterimini üpjün edýär. Bananlarda A we E witaminleri antioksidant täsirleri bilen bedeni goramaga kömek edýär.
Adatça, käşir göz saglygy üçin peýdalydyr, ýöne bananlaryň hem paýy bar. Bu miwelerde A witamini bolup, bu gözleri goramak, adaty görüşi saklamak we gijeki görüşi gowulandyrmak üçin zerurdyr. A witamini gözüň töweregindäki membranalary goraýan birleşmeleri öz içine alýar.
Aýşat Ýakubowa, TOHU-nyñ talyby.
«Ãylyň zenany» atly bäsleÅŸiginiň ýeňijileri kesgitlendi