Bedew bady bilen öňe barýan, Türkmenistan Diýarymyz bu günki gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna ýokary öndürijilikli tehnikalary ornaşdyrmak, zähmet resurslaryň iş öndürijiligini artdyrmak, olary önümçilik serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmek hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän, iň täze tehnikalary we tehnologiýalary ýagny, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bilen önümçiligiň ykdysady netijeliligini artdyrmak hem-de önümçilik gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe netijeli işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyz iňňän ösen tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, ösen internet ulgamynyň kömegi bilen önümçiligi has-da ýokary derejede alyp barmakda, has dogrusy sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda möhüm çözgütleriň biri boldy. Ýurdumyzda bu Konsepsiýanyň kabul edilmeginiň esasy maksady ilkinji nobatda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygynyň has-da ýokary bolmagyna itergi berjek sanly ulgamy kemala getirmekden, ilata edilýän sanly hyzmatlaryň hilini gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sanly maglumat gorlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ahyrynda bolsa sanly ulgam milli ykdysadyýetiň ýokary derejede ösmegine hem-de ýurtda öndürilýän önümleriň dünýä bazarynda ýokary isleg bildirilýän önüm bolmagyna we ýurduň bäsleşik derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berer.
Elbetde, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaklyk bu ugurda ýokary taýýarlygy bolan zähmet resurslaryny hem talap edýär. Kämil taýýarlygy bolan, sanly tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän hünärmenleri taýýarlamak we olary önümçiliklere ugratmak bilim edaralarynyň paýyna düşýär.
Häzirki wagtda bilim edaralarynda önümçilikde zähmet çekjek geljekki hünärmenlere “sanly ykdysadyýete” degişli meseleler nazary hem-de tejribe taýdan içgin öwredilýär.
“Sanly ykdysadyýet” düşünjesini ilkinji bolup 1995-nji ýylda Nikolas Negroponte ylmy dolanyşyga girizýär. Ýöne ylmy edebiýatlarda “sanly ykdysadyýet” düşünjesiniň ählumumy ykrar edilen ýeke-täk kesgitlemesi ýokdur.
“Sanly ykdysadyýet” adalgasy boýunça alymlaryň arasynda döreýän kesgitlemeler:
- “Sanly ykdysadyýet” – bu sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmaga esaslanýan ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň bitewi bir ulgamy;
- “Sanly ykdysadyýet” – bu kärhanalarda sanly önümler we hyzmatlar bilen bagly bolan gymmatlyklary döretmek hem-de olary sarp etmek we dolandyrmak işi;
- “Sanly ykdysadyýet” – bu ykdysady giňişlige gatnaşýanlaryň ählisi tarapyndan sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy.
Gülşat Aýhanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.