SIZDEN GELENLER

21-nji fewral halkara ene dili güni

Dil milletiň ruhy hazynasy hasaplanýar. Her bir milletiň beýleki halklardan tapawutlandyrýan aýratynlygy onuň ene dilidir. Halkara ene dili güni ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň karary esasynda 1999-njy ýylda döredilýär. 2000-nji ýyldan başlap, her ýylyň 21-nji fewralynda Halkara ene dili güni bellenilýär. Bu halkara gününiň temasy ýylda bir mowzuga bagyşlanýar. Mysal üçin, geçen ýylyň temasy “Bilime we jemgyýete goşulmak üçin köp dillilik” diýlip atlandyrylypdy. Şu ýylyň temasy bolsa, “Köp dili öwrenmek üçin tehnologiýany ulanmak: meseleler we mümkinçilikler” diýlip atlandyrylýar.

BMG-niň resmi dilleri hökmünde iňlis, rus, fransuz, hytaý, ispan, arap dilleri çykyş edýär. Bularyň hem her birine bagyşlanan ýörite halkara güni bar. Häzirki wagtda dünýäde bar bolan 6 müňden gowrak diliň ýarysyna ýitip gitmek howpy abanýar. Hünärmenleriň pikirine görä, bir diliň ýaşamagy üçin azyndan 100 müň adam şol dilde gürlemeli. Dünýäniň ilatynyň 40%-den gowragy düşünýän dilinde bilim almaga mümkinçiligi ýok diýlip hasap edilýär. Munuň özi hem, diliň ýitip gitmegine sebäp bolýan ýagdaýlaryň biri hasaplanýar.

Gözbaşyny geçmişiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan türkmen dili ýazuw resminamalaryň, gadymy halk döredijiliginiň, edebi eserleriň üsti bilen biziň günlerimize ýetipdir. Şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň türkmen dili hakynda ajaýyp goşgy setirleri bar:

Ýüz müň öwüşginden örülen desse

Şahyra – şygyr sen, gürrüňçä – kyssa,

Ak säheriň nury ýaly arassa –

Eziz ene dilim, mähriban dilim.

Garaşsyzlygymyzyň taryhyna nazar aýlasak, türkmen dilini ösdürmek ugrunda birnäçe işler amala aşyryldy. 1990-njy ýylyň 24-nji maýynda “Döwlet dili hakyndaky” Kanun kabul edildi. 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolsa, täze türkmen elipbiýi kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda türkmen dilini ylmy esasda öwrenmäge uly mümkinçilikler döredildi. “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi”, “Türkmen diliniň orfografik sözlügi” atly kitaplaryň neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi türkmen dilini has içgin öwrenmekde, duş gelýän taryhy sözleriň manysyna düşünmekde uly gollanma bolup durýar.

Aýlar Atajykowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

Olimpiýa oýunlarynyň baýdagy Italiýa gowşuryldy

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…