Milli aýdym-saz sungatymyzda hiç haçan ýitmejek ýol goýan meşhur aýdymçy Öwezgeldi Tekäýewiň hoş owazly aýdymlary teleradioýaýlymlarda häli-şindi ýaňlanyp dur. Onuň täsin sahna ussatlygy, ezber sazandalygy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuň pelsepä ýugrulan goşgularyna ýerine ýetirip, mirasymyzyň altyn hazynasynda galdyran ýazgylarynyň ýyl geldigiçe gymmaty artyp barýar. Ol aýdymlary ýüzleý diňlemek mümkin däl. Durkuň-düýrmegiň bilen oýlanmalara berilýäň. Näme üçindir, bu aýdymçynyň aýdymlary ýaňlansa hemişe kalbymy ýatlamalar gurşap alýar. Belki, onuň aýdymlarynyň çyn muşdagy bolanym üçindir, belki-de, aýdymçy bilen bagly ykbalymdaky ömrüm bilen ömürdeş ýaşajak ýatlamanyň galdyran hakyda ýazgysyndandyr…
Ol wagtlar paýtagtymyzdaky haly fabrikde işleýärdim. Bir gün dokma dokap otyrkam kimdir biriniň sojap-sojap aglaýan sesi eşidildi. Ses gelýän tarapa seretsem kärdeşlerimiň biri ýarym-ýaş bolup aglap dur. Ol göz ýaşyny süpürişdirdi-de ýuwaşlyk bilen: «Öwezgeldi Tekäýew ýogalypdyr. Wah, men ony oglumy öýeremde-de gelin toýumyza çagyrjakdym» diýdi-de, oýlanmalara berlip esli salym dymyp oturdy. Soňra-da gürrüňini dowam etdi. «Men ýeke ösdüm. Oglandan-gyzdan doganym ýok. Maşgalamyzda bolsa gyz, perzentlerimden soň kän ýyllap garaşyp-garaşyp ogul perzentli bolduk. Ogul toýumyzda Öwezgeldi Teke aýdym aýdypdy. Nesip bolsa, oglumyzy öýeremizde-de bagşyny ýene-de toýumyza çagyrarys diýdik. Emma oglumyz doga ýatygly maýyp boldy. Onuň sagalyp gitmejegine gözüm ýetip dursa-da, teleýaýlymda ýa-da radioda Öwezgeldi Tekäýewiň aýdymlary ýaňlansa, kalbymdaky ýagşy umytlarym ganatlanýardy. Öz ýanymdan hamana oglum sagalyp gelin toýunyň sähedi alynaýjak ýaly duýgyny başdan geçirýärdim. Indi welin, şol arzuwlarymyň ganaty gyrlan ýaly boldy» diýip pikirini paýlaşypdy. Onuň şol pursatdaky keşbi ykbalym bilen bagly hakydamda galan ýatlamany gozgady. Şonda oňa ynha, şu wakany gürrüň beripdim.
Mahal-mahal ýüregim gysyp, giň dünýä sygmadyk pursadym:
«Aýdym bilen indim ýagty jahana,
Aýdym bilen bu jahandan giderin» — diýip, ine, şu aýdyma hiňlenýän. Şeýdibem 30 ýaşda 6 ýaşly ogly bilen dünýeden giden, kalby bahar paslyna meňzäp duran doganym Ýazmyrady ýatlamalarym arkaly ýagty jahana täzeden gaýtaryp getirýän.
Ol tanymal aýdymçam däldi, bagşam däldi. Ýöne hakydamda welin, meşhur aýdymçy Öwezgeldi Tekäýewiň çyn şägirdi bolup ýaşaýar. Sebäbi ol Öwezgeldi aganyň aýdymlarynyň ölemen aşygydy. Özem onuň Magtymgulynyň sözlerine aýdýan aýdymlarynyň ählisini diýen ýaly ýatdan bilýärdi. Oňa öýkünip aýdym aýdardy. Ine-de, bir gün şeýle waka boldy.
Doganym bolsa 10-11 ýaşlarynda bolmaly. Ol Öwezgeldi Tekäýewiň aýdym-saz çykyşynyň boljagyny eşidipdir. Bir bahana bilen mugallymyndan rugsat alyp, Bäherdene gidipdir. Okuw esbaplarynam synpdaşlarynyň birine tabşyrypdyr. Zatdan habarymyz ýok. Gün ýaşdy okuwyndan gelenok. Mekdepden habar tutsak mugallymy: «Häli rugsat alyp, öýüňize gitdi ahyry» diýip, ör-gökden geldi. Onsoň synpdaşlaryndan habar alyp, anygyna ýetdik.
Bu ýagdaý özümiz üçinem geňdi. Sebäbi öýümizde kakamdan birugsat iş edilenokdy. Golaý ýerem däl, 200 kilometre golaý aralyk. Indi ejem-ä: «Hudaý jan, oglum sag aman gelewersin» diýip, gaýgy edýärdi. Kakam bolsa hem-ä: «Şu wagtdan şeýdýän bolsa, ulalansoňam gönençlik berjek däl diýildigidir» diýip, gaharlanýardy hemem: «Beh, akly bir ýerindemikä, mundan ozal edýän işi däldi-le» diýip, onuň bu bolşuna akyl ýetirip bilenokdy.
Garaz, öýümizdäkileriň ählisi uly alada galdy. Gije ýatar wagty boldy. Hiç birimiziň gözümize uky gelenokdy. Ejem görgüli garşy zowzuldap daş çykýardy, içeri girýärdi. Sagada seredip, otlynyň gelerine garaşýardy. Ahyry ejem: «Kakasy, ot-la geldi. Deýýus, indi bir sag-aman dolanaýsa» diýip öýe girdi. Kakam bolsa: «Sen öýde otur. Men ýoluna çykyp seredeýin» diýip, eli oklawly daş çykdy. Bizem äpişgeden seredýäris. Kakam gapymyzdaky agaç sekiniň üstünde garaşyp otyr welin, gahardan ýaňa onuň ýüzüne sereder ýaly däldi. Ýarym sagat töweregi wagt geçdi. Doganym hol aňyrdan gelýär. Kakam ony görenden ýerinden turdy. Doganym bolsa hamana: «Gelýäňmi, oglum?» diýip garşylanjak ýaly, azaryna-da däl. Gaýta: «Kaka! Ynha, muňa seret! Iň soňkusyny klub müdirinden diläp-diläp aldym. Menem şunuň ýaly bagşy boljak» diýip, gygyryp, elindäki dolangy kagyzy uzadýar. Kakam onuň bolup gelşini görüp, kagyza nädip elini ýetireninem duýmady. Şu wagtky ýaly göz öňümde. Dolangy kagyzy açdy welin, daşarky çyramyzyň ýagtysyna kagyzyň ýüzündäki gyzyl reňk bilen çekilen Öwezgeldi Tekäýewiň eli tarly suraty, suratyň aşagynda-da «Çykyş 19-da başlanýar» diýen ýazgy ýalpyldap göründi. Kakam doňan ýaly boldy. Ol doganymyň 7-8 sagat bäri aç-suwsuzlykdan ýaňa garalyp giden ýüzüni, kepäp giden dodaklaryny synlap durşuna lampa aşak oturyberdi. Haýran galdyk. Şeýle gazaba münüp duran adamyň, soňam öýe girip: «Ölmän-ýitmän geleniňe şükür! Ýöne bu hereketiň iň soňky gezek bolsun, oglum. Heý, beýle-de bir ata-eneden bidin, geňeşmänem gidilermi?» diýip, ýalbarýan ýaly äheňde düşündirip oňuşy gaty geňdi.
Belki, kakam ony aýdyma bolan söýgüsiniň güýçlüdigi üçin bagyşlandyr?! Sebäbi doganym, çaga-da bolsa, hemişe aýdyma hiňlenip ýörendigini kakam aňryýany bilen bilýärdi. Aýdymçy bolmak onuň ýeke-täk arzuwydy.
Orta mekdebi tamamlady. Onuň ýene bir aýdan sözi ýadymdan çykanok. «Sungat institutyna okuwa giräýsem» diýip geňeşende, kakam pahyr: «Başga haýsy ugurdan okuwa girseň gir, ýöne bagşy bolma, oglum!» diýip göwnemändi. Şonda doganym: «Aý, onda başga okuwam gerek däl, kaka. Çopan bolaýjak. Hem-ä mal bakaryn, hemem gül-gülälekli meýdanda aýdym aýdaryn. Göý, meniň sesim daglara siňip gitsin» diýipdi. Hawa, ol dogrudanam çopan bolupdy. Ýöne arman ömri gysga boldy.
Indi kä ýarym atam öýüme oba gidýän welin, her gezek otludan düşdügim, ilki bilen obamyzyň gündogarsyndaky «Helebaý depe» gonamçylygyna gözüm düşýär. Onsoň oturyp bilýän doga-dileglerimi sanap, töwir galdyrýan.Soňam ýuwaşlykdan ädimläp, ýöräp ugraýan. Şol wagt hökman dag tarapdan ýaňky aýdymyň sesi eşidilýän ýaly bolýar. Göz öňümde bolsa Öwezgeldi Tekäýewiň şol eli tarly suraty peýda bolýar. Şol pursat men olaryň bu owadan dünýäni müdimi goýup gitmändiklerine göz ýetirýärin. Gözüm doýman aýdym siňen daglary synlap, öýe ýetýärin.
Ynha, bir günem bazardan gelýärdim. Ýolda taksi saklajak bolup durdym. Hususy ulagyň biri deňimde saklandy. Ulag durandan gapysyny açdym welin, radiosynda «Kadyr allam senden dilegim kändir-ow, gel kändir,
Sen meni namarda mätäç eýleme…» diýip, Öwezgeldi Tekäýewiň aýdymy ýaňlanyp dur. Haýdap ulagyň yzky oturgyjynda ýerleşipdirin. Birden ulagyň sürüjisi: «Uýam, nirä gitjekdigiňizi aýtmadyňyz-a» diýdi. Wiý, ünsüm aýdyma gidip, şo bada ulaga münäýipdirin. Bagyşlaň!» diýip, müýnürgedim. Sürüji: «Zyýany ýok, bu bagşyny özümem söýüp diňleýän. «Öýlenäýsem toýumda hökman şu bagşyny aýtdyraryn» diýip arzuw edýärdim. Onsoň toýum golaýlady welin, kakam bilen bagşynyň öýlerine gitdik. Şonda bagşy şeýle diýipdi.« Nesip bolsa, toýuňyzda aýdym aýdyp bererin, ýöne bir zady anyklap geliň! Eger toý günüňizde töweregiňizde başga toý tutýan bar bolsa, olara toýuňyzda meniň aýdym aýtjakdygymy duýduryň. Ýogsa olaryň myhmanlary siziň toýuňyza gaýtsa öýke-kine edäýmesinler» diýdi. Bagşynyň tabşyryşy ýaly toýumyz bilen toýy deň düşen obadaşymyza ýagdaýy aýtdyk. «Zeleli ýok, toý bolsa bolýar, sähedi süýşürip durmalyň, oňşarys» diýdiler. Bagşynyň aýdyşy ýaly boldy. Toý günümizde hakykatdanam beýleki toýa gelen märeke Öwezgeldi Tekäýewi diňlemek üçin howlymyza üýşdiler. Onsoň ol toýuň eýesi toýa ataran naharlaryny biziň öýümize daşadylar — diýip gürrüň beripdi. Şonda ol sürüjiden anyk öý salgysyny almandygyma indi ökünýän. Belki, onda bagşy barada başga-da kän ýatlamalary bardyr. Şeýle ýatlamalar barada gyzyklanyp, ýakynda aýdymçynyň gyzy Maýa bilen jaňlaşdym. Ol:
Kakam Öwezgeldi Tekäýew 1941-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Ýüzbaşy obasynda doglan. 1994-nji ýylyň 5-nji maýynda-da ýogaldy. Maşgalamyzda biz 5 gyz, 3 oglan dogan. Ejemiň ýogalanyna-da 4 ýyl boldy.
Kakamdan çekinýärdik. Kiçiligimden aýdym aýtmaga höwesim uly bolsa-da, diňe tikin-çatyn el işlerini edenimde hiňlenip oňýardym. Durmuşa çykyp, şäherde ýaşaýardym. Bir gün kakam: «Maýa jan gelsin» diýip ulag ugradyp, sargyt edipdir. Öýümem Aşgabatda. Bardym ýarawsyz ýatan ýerinde meniň bilen «Läle gyz» hem-de «Gözleýän» diýen aýdyşyk aýdymlary aýdyp magnitafona ýazgy etdirdi. Geň galdym. Soň ol şol ýazgydaky aýdymlary Bibi Welmyradowa, Oguljan Makyýewa ýaly halypalara diňledýän eken. Kakam bilen bagly ýatlamalar hakynda gürrüň gozgalsa, bir pursat hiç ýadymdan çykanok. Kakam 1993-nji ýylda ýarawsyzlyk tapdy. Ýygy-ýygydan ýagdaýyny sorap gaýdýardym. Ol has agyrlaşan wagtynda maşgalamyz bolup ýanynda otyrdyk. Kakam: «Hemmäňiz beýleki otaga geçiň, ýanymda diňe Maýa jan galsyn» diýdi. Özem şeýlebir horlanypdyr. Şonda kakam: «Gyzym, aýdymlarymy saňa tabşyrýandyryn» diýdi. «Ýok däde jan, beý diýme» diýip, aglap başladym welin, «Sesiňden öz owazymyň sesi gelýär» diýip, elimi gysdy welin, tas barmaklarym owranypdy. Adam iň soňky deminde jan berende üýtgeşik güýç gelýän bolmaly. Şu pursady her haçan ýatlasam-da barmaklarymda güýçli agyry peýda bolýar. Ýöne sesim ozal inçedi, emma şol pursatdan soň sesim hakykatdan-da kakamyň sesine meňzedi hemem rysgalym açyldy. Doganym Baýramgeldiniň üç ogly bar olaryň üçüsem aýdym-saz ugrundan kakamyň kärini dowam edýärler» diýip ýatlady.
Türkmenistanyň halk artisti, “Gaýrat” medalyň eýesi Öwezgeldi Tekäýew hakyndaky ynha şeýle ýatlamalar onuň aýdymlary ýaly, halkyň kalbynda ýaşaýar.
Akgül SAPAROWA.