JEMGYÝET

Hususy telekeçilere karz bermek: Ýeňillikli we 500 essä çenli

Hususy telekeçilere olaryň telekeçilik işine maliýe taýdan goldaw bermek üçin karzlar Türkmenistan boýunça bellenen iň pes aýlyk zähmet hakynyň 500 essesine çenli möçberde, ýyllyk 5 göterim bilen, esasy bergini üzmek boýunça 2 ýyl ýeňillikli döwür bolan 7 ýyl möhlete karzlary berilýär. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň 2021-nji ýylyň 14-nji dekabrynda çykaran 374-iş belgili Buýrugynda bellenilýär. Bu Buýruk bilen “Türkmenistanyň döwlet karz edaralarynyň ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslara – hususy telekeçilere karzlary bermeginiň Tertibi” tassyklanyldy. Bu Buýruk “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda çykaran 2269-njy kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Tertibe görä, hususy telekeçi – kiçi we orta telekeçilige degişli bolan ýuridik şahsy  döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs bolup, ol öz işini Türkmenistanyň Raýat Kodeksine, “Telekeçilik işi hakynda” we “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda hakyna tutma zähmeti ulanyp ýa-da ulanmazdan amala aşyrýar.

Eýsem karzlary haýsy taslamalara berilýär?

Şu Tertibe laýyklykda hususy telekeçilere berilýän karzlar şu aşakdaky görkezilen maksatlary üçin gönükdirilmäge degişlidir.

1) senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek;

2) bar bolan önümçilikleri giňeltmek;

3) halk çeperçilik senetleriniň we amaly sungatyň önümlerini öndürmek;

4) önümçilik üçin niýetlenilen desgalary satyn almak;

5) hyzmatlary ýerine ýetirmek;

6) maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, olary saklamak, gaýtadan işlemek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek;

Milli puldaky karzlar Türkmenistanyň dahyllylary bilen, şeýle hem dahylsyzlary bilen hasaplaşyklar üçin berilýär.

Daşary ýurt pulundaky karzlar Türkmenistanyň dahylsyzlary bilen hasaplaşyklar üçin berilýär (eger-de, Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa).

Türkmenistanyň döwlet karz edaralarynyň ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslara – hususy telekeçilere karzlary bermeginiň

Tertibi

 

I bap.Umumy düzgünler

  1. Şu Türkmenistanyň döwlet karz edaralarynyň ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslara – hususy telekeçilere karzlary bermeginiň Tertibi (mundan beýläk – Tertip) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat kodeksine, 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen “Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda”, 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen “Karz edaralary we bank işi hakynda”, 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda”, 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen “Telekeçilik işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, “Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 8-nji iyunynda çykaran 2269-njy kararyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Tertip, Türkmenistanyň döwlet karz edaralary (mundan beýläk – karz edara) tarapyndan öz we çekilen serişdeleriň hasabyna milli we daşary ýurt pulunda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanmaga başlaýan fiziki şahslara – hususy telekeçilere (mundan beýläk – hususy telekeçi) olaryň telekeçilik işine maliýe taýdan goldaw bermek üçin karzlary bermegiň tertibini düzgünleşdirýär.

  1. Şu Tertipde aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) karz edarasy – Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň esasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bank amallarynyň ähli ýa-da aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga hukugy bolan we esasy maksady peýda almak bolup durýan ýuridik şahs (bank ýa-da bank däl karz edarasy);

2) karz edaranyň karz topary – karz edarasynyň we onuň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döredilen şahamçalarynyň karz topary;

3) hususy telekeçi – kiçi we orta telekeçilige degişli bolan ýuridik şahsy  döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs bolup, ol öz işini Türkmenistanyň Raýat Kodeksine, “Telekeçilik işi hakynda” we “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda hakyna tutma zähmeti ulanyp ýa-da ulanmazdan amala aşyrýar;

4) maýa goýum taslamasy – döwlet standartlaryna (kadalaryna) laýyklykda işlenip taýýarlanylan taslama-çenlik resminamalaryny öz içine alýan maýa goýumlaryny amala aşyrmagyň ykdysady maksada laýyklygynyň, möçberiniň we möhletleriniň esaslandyrylmasy, şeýle hem maýa goýumlaryny amala aşyrmak boýunça iş ýüzündäki hereketleriň beýany (täjirçilik meýilnamasy). Ileri tutulýan maýa goýum taslamasy – durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararynyň esasynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamasy.

 

II bap. Hususy telekeçilere karzlary bermegiň umumy düzgünleri

  1. Şu Tertibe laýyklykda hususy telekeçilere berilýän karzlar şu aşakdaky görkezilen maksatlary üçin gönükdirilmäge degişlidir:

1) senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek;

2) bar bolan önümçilikleri giňeltmek;

3) halk çeperçilik senetleriniň we amaly sungatyň önümlerini öndürmek;

4) önümçilik üçin niýetlenilen desgalary satyn almak;

5) hyzmatlary ýerine ýetirmek;

6) maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, olary saklamak, gaýtadan işlemek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik telekeçilik işiniň beýleki görnüşleri üçin karz serişdeleri berilýär.

 

  1. Hususy telekeçilere olaryň telekeçilik işine maliýe taýdan goldaw bermek üçin karzlar Türkmenistan boýunça bellenen iň pes aýlyk zähmet hakynyň 500 essesine çenli möçberde, ýyllyk 5 göterim bilen, esasy bergini üzmek boýunça 2 ýyl ýeňillikli döwür bolan 7 ýyl möhlete karzlary berilýär.
  2. Hususy telekeçiler karzlary almak üçin Karz edarasyna şu aşakdaky resminamalary tabşyrýarlar:

1) karz almak üçin ýüztutmasy;

2) iş meýilnamasy ýa-da tehniki ykdysady esaslandyrmasy;

3) karzy ulanmagyň maksady bolan harytlary, ýerine ýetirilýän işleri, hyzmatlary tassyklaýan resminamalaryň (şertnamalar, hasap-sypatnamalary we ş.m.) nusgalary;

4) fiziki şahs-hususy telekeçiniň döwlet tarapyndan bellige alnandygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary;

5) maliýeleşdirilýän taslama boýunça ýer böleginiň ýa-da önümçilik jaýynyň barlygyny tassyklaýan resminamalaryň göçürmesi (ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän ýa-da ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwletnamalary, ýere kärende hukugy barada Şahadatnama, tükelleýiş işi, eýeçilik, kireýine almak ýa-da başga kanuny esasda peýdalanmagyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalary);

6) önümçilik desgalaryny gurmaklyga potrat şertnamalar (gurluşyk we taslama işlerine degişli ygtyýarnamalaryň nusgalaryny çatmak bilen);

7) satyn alynýan enjamlaryň gelip çykyşyny, şeýle hem esasy serişdeleri satyn almak bilen bagly önümçilik taslamalar boýunça çig mal üpjünçiligini tassyklaýan resminamalar.

  1. Hususy telekeçilere karz bermegiň mümkinçiligi hakynda meselä garalan wagty Karz edara tarapyndan hususy telekeçiniň karzy üzmek ukyby we iş meýilnamasy öwrenilýär.
  2. Karz edara bilen karz alyjynyň arasyndaky özara gatnaşyklar taraplaryň arasynda baglaşylan karz şertnamasy esasynda düzgünleşdirilýär.
  3. Karz serişdeleri şu aşakdaky maksatlar üçin berlip bilinmez:

1) ýitgileriň öwezini dolmak;

2) ýuridik şahslaryň esaslyk maýasyna gatançlary amala aşyrmak;

3) paýnamalary satyn almak;

4) karzy resmileşdirmek bilen baglanyşykly hyzmatlaryň bahasyny tölemek;

5) önümçilik däl çykdajylaryy (puşmany töleg, jerime we ş.m.) tölemek;

6) gymmatly kagyzlar boýunça göterim haklaryny (diwidendleri) tölemek;

 

7) Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelýän hasaplaşyklary amala aşyrmak.

  1. Milli puldaky karzlar Türkmenistanyň dahyllylary bilen, şeýle hem dahylsyzlary bilen hasaplaşyklar üçin berilýär.
  2. Daşary ýurt pulundaky karzlar Türkmenistanyň dahylsyzlary bilen hasaplaşyklar üçin berilýär (eger-de, Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa).

 

III bap. Karz edaralary tarapyndan hususy telekeçileriň karz almak üçin arzalara garamagyň tertibi

  1. Karz edaralary şu Tertibiň şertlerine laýyklykda, maksatly niýetlenilişinden ugur alyp, karz almak üçin ýüz tutan, hususy telekeçiniň resminamalarynyň bukjasyny seljerip, karz toparyna geçirýär.
  2. Karz topary hususy telekeçileriň arzasynyň hasaba alnan senesinden başlap 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda, resminamalaryň bukjasyna laýyklykda, hususy telekeçileriň taslamalarynyň önümçiliginiň netijeliligine, iş bilen üpjünligine baha berip, hususy telekeçä karzy bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek barada çözgüt kabul edýär.
  3. Şu Tertibiň on ikinji bölegine laýyklykda baha bermegiň netijeleri esasynda karz topary çözgüt kabul edýär. Ähli zerur resminamalary goşmak bilen (seljermäni, baha kesmäni goşup) mejlis ýazgysy düzülýär.
  4. Karz edaranyň karz toparynyň çözgüdi hususy telekeçä karzy bermek ýa-da bermezlik üçin esas bolup çykyş edýär.
  5. Karz edarasy karzyň berilmegi barada çözgüt kabul edenden soňra, bellenilen tertipde karz bermek boýunça ähli zerur amallaryny geçirýär.
  6. Emlägiň girewi, bank kepilligi, zamunlyklar, karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy karz boýunça üpjünçiligiň we borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň görnüşleri bolup biler.

Emlägiň girewi hökmünde, karz serişdeleriniň hasabyna alnan (satyn alnan mallardan we guşlardan gaýry) we Türkmenistana getirilen emläk kabul edilip bilner.

  1. Hususy telekeçi maýa goýum taslamalary boýunça iş meýilnamasynyň dogrulygyna we karzyň alynmagy bilen göz öňünde tutulan maksatlaryň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.

 

IV bap. Karzy bermegiň tertibi, karzlary peýdalanmagyň hasaby we gözegçiligi

  1. Karz bermeklik karz edaralary, şol sanda olaryň şahamçalary tarapyndan amala aşyrylýar.
  2. Karzlar, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2012-nji ýylyň 31-nji awgustynda 663 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdirýetiniň Başlygynyň 2012-nji ýylyň 24-nji awgustynda çykaran 231-ö belgili buýrugy bilen tassyklanan, Türkmenistanyň banklarynyň kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara karzlary bermeginiň Tertibine laýyklykda nagt we nagt däl görnüşde berilýär.
  3. Hususy telekeçiniň karz hasaplaryndan Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary söwda şertnamalary boýunça Türkmenistanyň dahylsyzlary bilen hasaplaşyklary geçirmek üçin daşary ýurt puluny satyn almaga ygtyýar berlip bilner.
  4. Karz edaralary tarapyndan karzyň üpjünçiliginiň ýagdaýyna hem-de karzyň netijeli we maksadalaýyk ulanylyşyna ýerinde barlaglar geçirilmelidir. Karz alyjy tarapyndan alnan karzlaryň maksadalaýyk ulanylmadyk halatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli işler geçirilýär.
  5. Üzülişmegiň möhletleri töleg tertibi görnüşinde berilmelidir, karz alyjylar alan karz serişdelerini karz şertnamada göz öňünde tutulan möhletlerde we bellenilen töleg tertibinde gaýtarmaga borçludyr.
  6. Karz alyjy tarapyndan karz boýunça esasy berginiň we göterim tölegleriniň möhletinden öň gaýtarylmagy karz şertnamasynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
  7. Karz alyjy tarapyndan karz boýunça esasy berginiň we göterimleriň karz şertnamasynda bellenilen möhletlerde tölenilmedik ýagdaýynda karz edarasy emele gelen borçnamalar boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini talap etmäge we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz talaplaryny doly möçberde kanagatlandyrmaga haklydyr.
  8. Şu Tertipde beýan edilmedik düzgünler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2022-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda 1555 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy