MEDENIÝET

Edebiýat boýunça Nobel baýragy eýesine gowşuryldy

Iki ýyldan bäri koronawirus pandemiýasy sebäpli Nobel hepdeligi adaty däl görnüşde geçýär. Köp sanly çäreler onlaýn tertipde geçirilýär, baýraklar hem dürli şäherlerde gowşurylýar.

Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň 2021-nji ýyldaky ýeňijisi Abdulrazak Gurna baýragyna gowuşdy. Oňa baýragy hem-de degişli şahadatnamasy Şwesiýanyň London şäherindäki ilçihana binasynda gowşuryldy.

Gurnanyň özi Zanzibarda (häzirki Tanzaniýa) arap maşgalasynda dünýä indi. 1968-nji ýylda Beýik Britaniýa göçüp bardy.

Gurna edebiýat boýunça Nobel baýragyna bosgunlaryň durmuşy we olaryň medeniýetleriň we yklymlaryň girdabynda galan durmuş ýoluny açp görkezen eseri üçin mynasyp görüldi.

Gurna özüniň ilkinji eseri 1987-nji ýylda ýazdy. Ol hem “Ugrama boýunça ýatlama” eseri boldy. Soňra ol “Hajylaryň ýoly”, “Dotti”, “Jennet” we beýleki birnäçe eserleri döretdi. Gurna umuman 10 roman we birnäçe hekaýalar ýazdy.

Onuň “Deňiz ýakasynda” atly romany Buker baýragynyň uly sanawyna girizildi. Ýene-de bir eseri Arkalaşygyň ýazyjylarynyň edebiýat baýragynyň ýeňijisi boldy.

2006-njy ýylda Abdulrazak Gurna Beýik Britaniýanyň Patyşa edebiýat jemgyýetiniň agzalygyna saýlandy.

Şeýle hem Nobel baýragyna beýleki ugurlar boýunça mynasyp bolan alymlara hem medaly hem-de degişli şahadatnamalary gowşurylýar.

 

Ýene-de okaň

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry üstünlikli geçirildi

Italiýada Türkmenistanyň arheologik üstünlikleriniň sergisi geçiriler

2026-njy ýylda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler

«Pa­ra­hat­lyk aý­dy­my» at­ly tä­ze film tomaşaçylara hödürlendi

«Balkan Trip TV» teleýaýlymy türkmen zergärleriniň ussatlygy barada gepleşik taýýarlaýar

Türkmenistanda Medeniýet hepdeligi badalga aldy