Her ýyl 21-nji noýabrda bellenilýän Bütindünýä telewideniýe güni, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1996-njy ýylda (A / RES / 51/205) yglan edildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän döwletler parahatçylyk, howpsuzlyk, ykdysady we jemgyýetçilik ösüşi we medeni alyş-çalşygy giňeltmek ýaly meseleler boýunça telegepleşikler arkaly bu güni bellemäge çagyrýar. Telewideniýe − jemgyýetiň pikirini nyşana almak we täsir etmek üçin möhüm gural hökmünde ykrar edildi. Aslynda, Bütindünýä telewideniýe güni telewizoryň tehniki taraplaryny däl-de, durmuşymyza getirýän pelsepe bolup, häzirki zaman dünýäsmizde telewideniýe aragatnaşyk we globallaşmagyň nyşanyna öwrüldi.
Telewideniýäniň taryhy takmynan bir asyr öň başlanypdyr. Elektron şöhlelerini belli aralyklara geçirmek we almak üçin ilkinji synaglar 1920-nji ýylyň başynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýaponiýada we Sowet Soýuzynda geçirilipdir.
1933-nji ýylda asly Amerikaly inžener Wladimir Zworykin telewizoryň esasy bölegine öwrülen katod turbasyny oýlap tapmagy başarýar. Zworykiniň açyşynyň netijesinde, 1936-njy ýylda Beýik Britaniýada we Germaniýada, 1941-nji ýylda bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda yzygiderli teleýaýlymlar başlanypdyr.
Şeýle-de bolsa, diňe 20-nji asyryň 50-nji ýyllarynda teleýaýlymlar Ýewropada-da giňden ýaýrap ugraýar. Häzirki zaman dünýämizde, esasanam, ýaşlaryň arasynda internetiň maglumat we güýmenje çeşmesi hökmünde meşhurlygynyň artýandygyna garamazdan, telewideniýe aragatnaşyk we globallaşmagyň nyşany bolan iň uly mazmun çeşmesi bolup durýar. Jemgyýetçilik pikiriniň döremegine we ýaş nesliň terbiýesine täsir edip, bütin dünýäde uly rol oýnaýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň özi, 1947-nji ýylda öz işine başlap, dünýädäki ynsanperwerlik krizisleri barada yzygiderli hasabat taýýarlaýar, adam hukuklary, parahatçylyk we howpsuzlyk, ösüş ýaly möhüm meseleler barada dokumental filmleri göni ýaýlymda görkezýär. Şol sebäpden, Birleşen Milletler Guramasyna agza ähli döwletleri we dünýäniň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň wekillerini häzirki wagtda mawy ekranlardan ýaýlyma berilýän maglumatlara has köp üns bermäge çagyrýar.
Türkmen telewideniýesine hem ser salyp görsek, 1996-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Fransiýanyň «Buig» TF telewizion kanalynyň ýolbaşçylary hem-de belli fransuz biznesmeleri bilen duşuşyk geçirilip, ýurdumyzyň telewizion merkeziniň gurluşygy hakyndaky protokola gol çekilip, 1998-nji ýylda milli telewideniýämiz täze tehnika bilen üpjün edilip başlandy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde «Altyn asyr», «Miras», «Ýaşlyk», «Türkmenistan», «Türkmen owazy», «Aşgabat», «Türkmenistan sport» ýaly teleýaýlymlar döredildi. Bu teleýaýlymlaryň hersi özbaşdak, biri-birine garaşsyz bolup, ýurduň dürli ugurlary babatynda alyp barýan işleri, ýetilen sepgitleri, halkyň däp-dessurlary teletomaşaçylara ýetirilýär.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.