SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dünýädäki “Covid-19” dermany üçin ilkinji tassyknama

Angliýanyň dermanlar we saglygy goraýyş önümlerini kadalaşdyrmak geňeşi (MHRA) öz beýanynda “Merk” we “Ridgeback” bioterapewtiki tarapyndan işlenip düzülen “Covid-19” dermanyny tassyklandygyny mälim etdi.

Dekabr aýynyň başynda “Pfizer-BioNTech” tarapyndan işlenip düzülen koronawirus sanjymyny dünýäde ilkinji bolup tassyklan Angliýa koronawirusa garşy dermany hem tassyklan ilkinji ýurt boldy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň derman kärhanasy “Merk” şu ýylyň 25-nji oktýabrynda koronowirus üçin derman işläp, ABŞ-nyň Azyk we derman senagatynyň administrasiýasyna gyssagly peýdalanmak barada ýüz tutupdy.

“Molnupirawir” atly derman hem koronawirusa garşy FDA tassyklamasyny alan ilkinji derman boldy. “Molnupirawir” atly dermanyň koronawirusynyň alamatlaryny azaldyp, näsaglaryň sagalmagyny çaltlaşdyryp biljekdigi aýdylýar.

Dermanyň bu görnüşi öýde hiç bir saglyk edarasyna gitmezden ulanylyp bilinjekdigi, epidemiýa gözegçilik etmekde esasanam saglyk ulgamy ösmedik garyp ýurtlarda uly goşant goşup biljekdigi mälim edildi.

“Pfizer” we “Roche” ýaly beýleki derman kärhanalary hem şuňa meňzeş koronawirusa garşy dermanlarynyň üstünde işleýärler. Bu kompaniýalaryň ýakyn aýlarda FDA tassyklamagy üçin ýüz tutmagyna garaşylýar.

 

Türkmenistanyň Türkiýede gatnaşýan kinofestiwaly barada nämeleri bilmeli?

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

4 aýda Özbegistana 4 milliondan gowrak syýahatçy geldi

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler