ATAWATAN ESERLERİ

Wirtual kärhanalar –elektron işewürligiň esasydyr

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ykdysadyýetiň ählumumy sanly ulgama geçirilmegi kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan hünärmenleriň innowasion tehnologiýalary çalt özleşdirmegi, şeýle hem kiberhowpsuzlyk meselelerine aýratyn üns bermegi talap edýär. Kommunikasion pudagyň geljegi internet platformalar, bulutly serwisler, 5G ulgamyna, Big Data tehnologiýasyna geçmek, ykjam maliýe we beýleki düşünjeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Häzirki zaman dünýä tejribesinde  bolsa kärhanalaryň giň  gerimde ösmegi bolsa wirtual kärhanalar esasynda amala aşyrylýar. Aslynda wirtual kärhana bu näme-?

«Tor guramasy» ýa-da «wirtual kärhana»–bu geografiki taýdan paýlaşdyrylan ykdysady subýektleri birleşdirýän kärhanadyr, bu subýektler bolsa kommunikasiýanyň elektron serişdelerini ulanmak bilen bilelikdäki önümçilik prosesinde özara hereket edýärler.

«Tor guramasy» ýa-da «wirtual kärhana» torda kärhananyň esasy guramaçylyk formasy bolupdurýar.

Islendik ýagdaýda bu kärhanalarda ähli prosesler Internet tory ýaly torlar boýunça elektron serişdeleri arkaly koordinirlenýärler, bu günki günde wirtual kärhananyň manysyna düşünmek üçin iki çemeleşme bardyr:

  1. Gurama içre tor özara hereketleri häsiýetlendirýär.
  2. Guramalaryň arasyndaky tor özara hereketlerini häsiýetlendirýär.

Birinji çemeleşmä laýyklykda, wirtual kärhana –bu çäkleýin daş aralykdaky işgärleriň birleşigi (topary) bolup, olar öz zähmetiniň netijesinde alnan önümlerini alyşýarlar hem-de elektron serişdeleri arkaly habarlaşýarlar.

Ikinji çemeleşme wirtual kärhanany dürli kärhanalardan şertnama esasynda döredilýän kärhana hökmünde görýär, onuň bütewi ýuridiki guramaçylyk strukturasy ýokdur, emma kesgitli önümiň durmuş siklini kompýuter taýdan goldawyny döretmek hem-de ulanmak maksady bilen bütewi maglumat strukturasyna eýedir.

Umumy ýagdaýda, wirtual kärhana diýip, guramalaryň arasyndaky wagtlaýyn döredilýän, çeýe kärhana düşünilýär, onuň esasy maksady –harytlaryň we hyzmatlaryň giň assortimentiniň netijesinde peýda almakdan ybarat.

Haçan-da, ähli kompaniýalar harytlary we hyzmatlary öndürmekden başlap, olary ýaýratmaklyga we satmaklyga çenli tutuş proses bilen meşgullanýan bütewi bir wirtual kärhana jemlenen ýagdaýynda, onda şeýle prosese çekilen industriýanyň strukturasynda güýçli (düýpli) özgermeleriň bolup geçmegine garaşmak bolar, önümçilik we paýlaýyş sektorlarynyň arasyndaky adaty çäkler bolsa kän bir wajyp bolmaz.

Ýokarda beýan edilen çemeleşmeleri umumylaşdyrmak bilen netije çykarmak bolar, ýagny wirtual kärhana–bu, düzgün bolşy ýaly, birnäçe garaşsyz hyzmatdaşlaryň (kärhanalaryň, institutlaryň, aýry-aýry şahslaryň) kooperasiýasynyň meýletin wagtlaýyn formasydyr, ol maddy nygmatlary öndürýän ulgamlary optimizirlemegiň netijesinde müşderilere uly bähbitleri (peýdalary) üpjün edýär.

Wirtual  kärhanalaryň  guramaçylyk  formalarynyň  klassifikasiýasy şu aşakdakylary  öz içine  alýar:

1.Aýry-aýry  taslamalary  döretmek üçin  döredilen, merkezleşdirilmedik (desentralizasirlenen)  wirtual kärhana.

  1. Aýry-aýry taslamalary ýerine ýetirmek üçin döredilen, merkezleşdirilen  (sentralizirlenen)  wirtual  kärhana.
  2. Wirtual maliýesenagat toparlary.
  3. Wirtual bilelikdäki kärhana  (wirtual  alýans).
  4. Tor arkaly bir salga  jemlenmek  (« Сетевой  пул »)

1.Aýry-aýry  taslamalary  döretmek üçin  döredilen, merkezleşdirilmedik (desentralizasirlenen)  wirtual kärhana. Bu forma unikal (ýeke-täk), adaty däl, çylşyrymly taslamalar üçin häsiýetlidir, onda dürli pudaklaryň kärhanalarynyň resurslary ulanylýar. Şeýle taslamalary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan resurslar kärhanalaryň hiç birinde aýratynlykda ýokdur. Şeýle wirtual kärhanada liderlik belli däldir (kesgitli däldir) hem-de ol gatnaşyjydan gatnaşyja edil şu tapgyrda onuň roluna baglylykda geçirilýär. Şunlukda guramaçylyk düzümi örän çeýedir, gatnaşyjylaryň gerimi bolsa giňdir, şeýle-de olaryň ählisi taslamanyň islendik tapgyrynda hiç  hili ýitgisiz çalşyrylyp bilner. Şeýle wirtual kärhana täze gatnaşyjylaryň girmegi hem-de ondan çykmagy taslamanyň zerurlygyna görä amala aşyrylyp biler. Bu bolsa diňe şol taslamanyň çäginde bolup geçýär, onuň tamamlanmagy bilen wirtual kärhana togtadylýar.

  1. Aýry-aýry taslamalary ýerine ýetirmek üçin döredilen, merkezleşdirilen  (sentralizirlenen)  wirtual  kärhana.

Merkezleşdirilen wirtual kärhana adaty däl taslamalary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan zähmet, tehniki, ylmy-barlag resurslary bolmadyk kärhanalar (öňdebaryjy kärhanalar) üçin amala aşyrmaklyga häsiýetlidir. Bu ýagdaýda wirtual kärhana şeýle resurslary bar bolan kärhanalara (birikdirilen kärhanalara) ýüz tutýarlar. Olar öz gezeginde şertleşilen işleri ýerine ýetirýärler, bu bolsa işewür prosesleri yzygiderli ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berýär. Bu ýagdaýda öňdebaryjy kärhana beýlekilere garanyňda sargytçy hökmünde çykyş edip, liderligini saklaýar.

Guramaçylyk düzümi oňdebaryjy kärhana tarapyndan kesgitlenilýär. Şu wirtual gurmanyň çäklerinde birikdirilýän kärhanalaryň düzüminiň üýtgedilmegi hem mümkindir. Şeýle üýtgetmeler oňdebaryjy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýar. Taslamanyň tamamlanmagy bilen wirtual kärhana öz işini bes edýär.

  1. Wirtual maliýesenagat toparlary (MST) .

Wirtual maliýe-senagat toparlary söwda, senagat we maliýe edaralaryndan (banklardan, ätiýaçlandyryş kompaniýalaryndan we ş.m.) ybaratdyr. Şeýle wirtual MST-laryň umumy bähbitleri amala aşyrmaklyga gulluk edýän ýeterlik derejede berk düzümi bardyr. Şeýle wirtual guramada maliýe aragatnaşyklary örän çylşyrymlydyr.

Adaty MST-lary bilen deňeşdirilende, hyzmatdaşlaryň çalşyrylmagynda çeýeligi örän ýokarydyr. Bu guramanyň funksionirlenmeginiň möhleti hiç bir taslamalaryň çäkleri bilen çäklendirilen däldir.

  1. Wirtual bilelikdäki kärhana  (wirtual  alýans).

Wirtual bilelikdäki kärhana bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmegiň mümkinçiliklerini kesgitli ykdysady sektorda berkitmek we amala aşyrmak maksady bilen strategiki hyzmatdaşlar tarapyndan gurnalýar. Wirtual alýansyň wezipesi – bilim, önümçilik we maliýe resurslaryny bilelikde ulanmak. Aragatnaşyklary gorizontal häsiýete eýedir, hyzmatdaşlar çalşyrylanda örän pes çeýelige eýedir. Bu wirtual kärhananyň funksionirlenmeginiň wagty hiç bir taslamalaryň çäkleri bilen çäklendirilen däldir.

  1. Tor arkaly bir salga  jemlenmek  (« Сетевой  пул »)

Bu iri we orta taslamalary ýerine ýetirmek mümkinçilikleri üçin uly bolmadyk bir tipli kärhanalaryň toparlary tarapyndan  döredilýär. Şeýle wirtual guramalar sargytlara örän aýdyň gönükmäge (nazarlanmaga) mümkinçilikleri bardyr. Kiçiräk kärhana üçin «Tor pulunda» bolmaklyk sargytlary almaklyga we harajatlary azaltmaklyga mümkinçilikleri aňladýar. Gorizontal aragatnaşyklar we hyzmatdaşlaryň çalşyrylmagynda ýokary çeýelik şeýle tipli wirtual kärhana üçin häsiýetlidir (mahsusdyr).

«Tor pulunyň» funksionirlenmegi, bir tarapdan umumy taslamalary ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklydyr, emma bu taslama «puluň» haýsy-da bolsa bir kärhanasynyň girmezligi, wirtual kärhanadan çykyşyny aňlatmaýar.

Wirtual kärhanalaryň  bu tipleriniň ählisini  geografiki taýdan ýerleşişi boýunça klassifisirlemek bolar. Bu  jähtde, wirtual kärhana sebitleýin (eger onuň ähli  gatnaşyjylary bir sebitiň çäginde funksionirlenýän bolsa), milli (eger  bir döwletiň kärhanalary we guramalary  çekilen bolsa) hem-de halkara (eger gatnaşyjylar dürli  ýurtlarda funksionirlenýän bolsa) bolup biler. Wirtual kärhanalaryň mehanizmleriniň  islendik ykdysady  sektorlarda  ulanylmagy optimal ýol bilen düýpli bäsdeşlik artykmaçlyklaryny gazanmaga kömek edýär, bu bolsa geljekde ösmegiň esasy faktorlarynyň biri hökmünde tor ykdysadyýetini gurmak üçin olaryň has gelejeklililigini we ähmiýetliligini kesgitleýär.

Umuman, wirtual kärhana–bu kärhanalaryň täze guramaçylyk formalarynyň birdir. Kärhanalary guramaklygyň we dolandyrmaklygyň bu formalaryny ösdürmeklige häzirki zaman bazarlaryny ösdürmekligiň şeýle tendensiýalary düýpli (has ýokary) derejede täsir etdi:

–  olaryň globallaşmagy;

– harydyň hiliniň ähmiýetiniň artmagy,

– onuň nyrhy we  sarp edijileriň  kanagatlandyrylmagynyň derejesi;

– sarp edijiler bilen durnukly gatnaşyklaryň wajyplygynyň artmagy (buýrujylara hyzmat edilişiniň indiwiduallaşdyrylmagy);

– täze maglumat we kommunikasion tehnologiýalaryň ulanylyşynyň artýan ähmiýeti.

Marketing nukdaýnazaryndan, wirtual kärhananyň maksady–dürli hyzmatdaşlaryň resurslaryny bir bitewi ulgama birleşdirmek bilen sarp edijileri harytlar we hyzmatlar babatynda maksimal derejede kanagatlandyrmak arkaly girdeji almak.

Allaýew Kemal.

Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we 

Dolandyryş insitutynyň 4 –nji ýyl talyby

Yslam ýurtlary koronawirusa garşy bilelikde göreşer

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri