ATAWATAN ESERLERİ

 Emeli añyñ döreýiş taryhy we şu güni

Häzirki wagtda emeli añ diňe bir IT pudagynda däl, eýsem adam işjeňliginiň beýleki köp ugurlarynda,esasanam ösüşiň iň geljegi uly ugurlaryndan biri hasaplanýar. Hususan-da, emeli añ esasly çözgütler “Sanly ykdysadyýet” düşünjesini durmuşa geçirmek nukdaýnazarynda esasy umytlardan biridir.

Emeli añ Týuringiň 20-nji asyryň başlaryna degişli kibernetika baradaky nazaryýet işine esaslanýar. Konseptual şertler has ir ýüze çykan hem bolsa, Rene Dekartyň “Metod barada çykyş”,  we Tomas Hobbesiň “Adam tebigaty”  filosofiki eserleri bilen ýüze çykypdyr.

1830-njy ýyllarda iňlis matematigi Çarlz Babbage çylşyrymly sanly kalkulýator düşünjesini oýlap tapdy, bu analitik maşyn, küşt oýny üçin hereketleri hasaplap biljekdigini öňe sürdi. 1914-nji ýylda Ispaniýanyň tehniki institutlarynyň biriniň müdiri Leonardo Torres Kwewedo iň ýönekeý küşt oýunlaryny oýnamaga ukyply elektromehaniki enjam ýasady.1956-njy ýylyň tomsunda ABŞ-nyň Dartmut uniwersitetinde Makkarti, Minski, Şannon, Týuring we beýlekiler ýaly emeli añyñ düýbüni tutujy diýlip atlandyrylýan alymlaryň gatnaşmagynda ilkinji iş konferensiýasy geçirildi. Alymlar 6 hepdäniň dowamynda emeli añ pudagynda taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şonda emeli añ adalgasynyň özi – emeli añ peýda boldy.

Stenford emeli añ laboratoriýasynda matematik Jon Makkarti

Emeli añ pudagyndaky ösüşleri ulanmakdan ylham berýän we täsir galdyryjy netijeleriň ilkinji mysallary, ýygy-ýygydan üýtgeýän faktorlaryň we çeýe adaptasiýa adam jogaplarynyň, mysal üçin güýmenje we oýunlarda göz öňünde tutulýan çärelerde gazanyldy.

Intellektual mümkinçilikleri adam bilen deňeşdirip boljak “akylly maşyn” döretmek ukybyna bolan gyzyklanma 1997-nji ýyldan soň ýagny, IBM Deep Blue superkompýuteriniň dünýä küşt çempiony Garri Kasparowy ýeňeninden bäri yzygiderli ösüp başlady.

Deep Blue superkompýuter dünýä küşt çempiony Garri Kasparowy ýeňdi.

2008-2011-nji ýyllarda emeli  añ boýunça işde kwant böküşi boldy. Matematiki ylmy dünýä çuňňur maşyn öwrenmek teoriýasynyň ösüşiniň esasyna öwrülen köp gatly nerw ulgamlaryny öwrenmek üçin täze teoriýalary we modelleri tapdy. IT pudagy bolsa ýokary öndürijilikli we iň esasysy arzan  hasaplaýyş ulgamlary öndürip başlady. Matematikleriň we inženerleriñ bilelikdäki tagallalarynyň netijesi, soňky 10 ýylda ajaýyp üstünlik gazanyldy.

Soňky birnäçe ýylda emeli  añ çözgütleri diňe bir güýmenje pudagynda däl, eýsem işleriň köp netijeliligine ýetip, işiň köp ugurlarynda durmuşa geçirildi. Tehnologiki ägirtler “Facebook”, “Google”, “Amazon”, “Apple”, “Microsoft”, “Baidu” we başga-da birnäçe kompaniýalar emeli  añ gözleglerine ummasyz köp maýa goýýarlar we eýýäm dürli ösüşleri ulanýarlar. 2017-nji ýylyň maý aýynda “Microsoft” programma üpjünçiliginiň önümleriniň hersinde emeli añ mehanizmlerini ulanmagy we olary her bir dörediji üçin elýeterli etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Emeli  añy köp ugurda köpçülikleýin ösdürmek we durmuşa geçirmek,IT pudagynyň ösüşinde birnäçe möhüm faktorlary diýip,ýokary tizlikli internetiň aralaşmagy,şol bir wagtyň özünde häzirki zaman kompýuterleriniň öndürijiliginiň we elýeterliliginiň ep-esli ýokarlanmagyny agzap bileris.Emeli añdan has köp peýdalanýan pudaklar mahabat we marketing, bölek satuw, telekom, döwlet hyzmatlary, ätiýaçlandyryş, bank we finteh ýaly köpçülikleýin we sarp ediş hyzmatlarynyň pudaklarydyr.Bulardan başgada üýtgeşmeler tolkuny bilim we saglygy goraýyş ýaly konserwatiw ugurlara hem ýetdi.

80-nji ýyllaryň başynda alymlary Barr we Feigenbaum emeli aňyň  aşakdaky kesgitlemesini teklip etdiler: “Emeli aňyň – intellektual kompýuter ulgamlaryny, ýagny adatça adam aňy bilen baglanyşdyrýan mümkinçiliklerimiz bolan ulgamlary – dil düşünmek, öwrenmek, pikirlenmek ukybyny ösdürýän kompýuter ylmydyr”.

“Amazon” -yň baş direktory Jeff Bezos emeli aň hakda şeýle ýazýar: “Soňky onýyllyklaryň dowamynda kompýuterler programmistleriň takyk düzgünler we algoritmler arkaly suratlandyryp biljek köp prosessini awtomatlaşdyrdy”.

Aslynda, häzirki wagtda emeli aň dürli programma üpjünçilik ulgamlaryny we olarda ulanylýan usullary,algoritmleri öz içine alýar.Onuň esasy aýratynlygy intellektual meseleleri çözmek hakda adamyň pikir edişi ýaly amala aşyrmak ukybydyr. Emeli aň programmasynyň iň meşhur ugurlarynyň arasynda dürli ýagdaýlary çaklamak, netijä gelmek synanyşygy bilen islendik sanly maglumata baha bermek, şeýle hem gizlin nagyşlary gözlemek (maglumatlary gazyp almak) bilen dürli maglumatlary seljermek esasylary hasaplanýar.

Häzirki wagtda kompýuteriň adamyň ýokary nerw işjeňliginiň çylşyrymly proseslerini duýgularyň, söýginiň, döredijiligiň ýüze çykmagy ýaly hereketleri ýerine ýetirmäge ukyply däldigini belläliň. Bu “güýçli emeli aň” diýlip atlandyrylýan ugra degişlidir we bu ugra 2030-2050-nji ýyllar aralygynda öňegidişlige garaşylýar.Şol bir wagtyň özünde, kompýuter adam tarapyndan kesgitlenen düzgünlere laýyklykda işleýän kibernetik awtomat hökmünde hereket edip, “gowşak emeli aň” meselelerini üstünlikli çözýär.

Biziň  ýurdumyzda hem Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde “emeli aň” ulgamy durmuşa geçirmek babatynda birnäçe işler amala aşyrylýar.Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda,şol sanda lukmançylyk,oba hojalygy,elektron hökümet we elektron resminama dolanşygy bilen baglanyşly işler sazlaşykly amala  aşyrylýar.Milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde biziň ýurdumyzda hem “Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna”laýyklykda ykdysadyýeti sanlaşdyrmakda,nagt däl hasaplaşyk we sanly bank ýaly birnäçe maksadalaýyk işler ýola goýulýar.Bulardan başgada bilim ulgamynda hem sanly bilim ösdürmeklikde, onlaýn okuwlary we sanly bilim portallaryny döretmekde birnäçe işler amal aşyryldy.Elektron hökümeti ýurda ornaşdyrmak,her bir edara kärhanalaryň resmi saýtlarynyň döredilmegi hem sanly ulgamyň aýdyň netijesidir.

Ýurdumyzy dünýäniň ösen ýurtlary bilen aýakdaş alyp barýan, biz talyp ýaşlara okamaga,döwrebap bilim almaga, dünýäniň ösen döwletleriniň bilim-ylym ulgamynda gazananlaryny öwrenmäge, olary durmuşa geçirmäge, kämil tehnologiýalardan baş çykarmaga   döredip berýän mümkinçilikleri üçin   Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag,başynyň dik,il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmudama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýän.

                            Çaryýew Merdan.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

Messiden soňra Ronaldonyň ykbaly nähili bolar?

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri