Şahyr öz ýazan eserleri bilen adamlaryň ýüreginde, halkyň taryhynda baky orun alýar. Bu ol şahyra goýulýan hormatyň, sarpanyň nyşany bolup durýar. Elbetde, özüni “şahyr” diýip atlandyrýan her bir adam bu işi başarmaýar. Munuň üçin uzak ýyllar zähmet çekmeli, şygyr gazanynda gaýnamaly. Biziň ýurdumyzda şeýle şahyrlaryň biri bar. Ol özüniň ýazýan goşgulary bilen bütin ýurda (şeýle hem, daşary ýurtlarda-da) meşhur bolan şahyr Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, halypa Gözel ŞAGULYÝEWA.
Gözel Şagulyýewa şu wagta çenli ýaşan ömründe ençeme kitaplary, onlarça poemalary, müňlerçe goşgulary ýazdy. Onuň “Elbukjam”, “Bu ýyllar”, “Men – garagumly”, “Uzaklarda nazarym”, “Söýgi mukamy”, “Belentligiň asman-zemin arasy”, “Dünýäň özem gözellige aşykdyr”, “Ak gülleriň – ak ýolum”, “Göwün otyr Aý içinde”, “Gezdim şygryň dünýäsinde” atly ýygyndylary halkyň arasynda söýlüp okalýan kitaplara öwrüldi, öwrülýärem, öwrülerem.
Indi, geliň, Gözel Şagulyýewanyň ömür ýoluna biraz ser salalyň.
Gözel Şagulyýewa 1940-njy ýylyň 11-nji awgustynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň “Miras” geňeşliginiň “Merw” daýhan birleşiginde gullukçy maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1957-nji ýylda umumy bilim berýän orta mekdebi, 1973-nji ýylda bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky ýokary mugallymçylyk mekdebiniň taryh we dil edebiýaty bölümini tamamlaýar.
Soň Gözel Şagulyýewa 1972-1982-nji ýyllar aralygynda Mary welaýat gazetinde habarçy, uly habarçy, bölüm müdiri wezipelerinde işleýär. 1982-nji ýyldan häzirki wagta çenli bolsa “Edebiýat we sungat” gazetinde “Esasy ugurlar boýunça” bölüm müdiri wezipesinde zähmet çekip gelýär.
Ýurdumyzyň ösüşlerini we batly gadamlaryny çeper wasp edýän Gözel halypa ençeme ýokary döwlet sylaglaryna hem-de hormatly atlara mynasyp bolýar.
G.Şagulyýewa 1989-njy ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolýar. Şahyr G.Şagulyýewa 1996-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 1999-njy ýylda «Gaýrat» medaly, 2000-nji ýylda «Galkynyş» ordeni, 2001-nji ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni, 2003-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», 2008-nji ýylda «III derejeli Altyn asyr» ordeni, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» ýubileý medaly, 2013-nji ýylda Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly, 2015-nji ýylda «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada we «Altyn aý» medalyna mynasyp boldy.
Halypa şahyr Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisidir. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň Zenany» atly bäsleşiginiň ýurt boýunça jemleýji tapgyrynda, «Döwrümiziň waspçysy» diýen ada mynasyp boldy
Halkyň kalbynda we taryhynda hemişelik orun almak diňe ýitilere hem-de beýiklere başardýar. Biz Gözel Şagulyýewada şol ýitiligi we beýikligi görýäris. Ol halkyna bolan söýgüsinden güýç alyp beýgelen we beýgelýän şahyr. Biz ýaşlara bolsa, ondan görelde alyp, oňa baş egmek galýar.
Biz žurnalistleriň, ýagny döredijilik işgärleriniň hem Gözel Şagulyýewadan öwrenere zadymyz örän kän. Ol edil biziň şamçyragymyz bolup, biziň ýolumyzy ýagtyldýar.
Beýikleri bize döwür berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bolsa, bize Gözel Şagulyýewa ýaly beýik şahyry berdi. Ol ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işlerini özüniň şygyr bentlerinde çeper beýan edýär. Bu gün Gahryman Prezidentimiz bir açylyş etse ýa-da il bähbitli iş etse, ertesi şol işiň tarypyny metbugatda çykan Gözel Şagulyýewanyň ýazan goşgusynda okap, ýurduň ösüşine galkynyp, Gahryman Prezidentimize söýgimiz we hormatymyz has-da artýar. Bu adama ussatlygy, erjelligi gerekdirýär. Bu ussatlyk, erjellik bolsa, Gözel Şagulyýewada aňryýany bilen bar.
Şu ýerde ýene bellemek isleýän zadym, men Gözel Şagulyýewany özümi bilelim bäri tanaýaryn. Onuň bilen tanşanymyza uzak wagt bolmadyk bolsa-da, onuň mähribanlygyny, päk kalplylygyny men ýürekden duýdum. Onuň bilen her gezek telefon arkaly ýa-da ýüzbe-ýüz gürleşenimde meniň dünýämi edil enem ýaly özüniň enelik duýgusy bilen gurşap alýar. Eger üns berip gören bolsaňyz, Gözel Şagulyýewanyň ýüzünden hiç wagt ýylgyryş egsik bolmaýar. Ol başga wagtlaram şeýle. Ol hemişe adamlara güler ýüz bilen seredip, mähirli sözleri bilen olaryň göwünlerinde ýer edýär. Şonuň üçin meniň ýüregimde onuň uly ýer edinmeginiň sebäbi onuň şol güler ýüzlüligi, mähremligi we süýji sözlüligidir.
Hormatly Gözel Şagulyýewa!
Mähriban halypam!
Siz biz ýaşlar üçin ajaýyp görelde we mähriban enesiňiz. Siziň janyňyz sag ýagdaýda uzak-uzak ýyllar aramyzda bolup, Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän ýurt ähmiýetli işlerini wasp etmegiňizi beýik Biribardan tüýs ýüregimden arzuw edýärin. Siziň ajaýyp döredijilik ýoluňyz biziň geljegimize şugla saçyp, bizi ak ertirlere ruhlandyrsyn!
DOGLAN GÜNÜŇIZ GUTLY BOLSUN, GÖZEL HALYPA!
Menem bu gün Gözel Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli onuň birnäçe goşgularyny “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň we “atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň okyjylaryna ýetirmegi makul bildim.
EŞRET!
Açyşly günleriň haýsyn aýdaýyn,
Baryna baraýyn, gülüp gaýdaýyn,
Lezzet!
Uçary asmanda ganat ýaýdyrýa,
Ýerden, gökden geçýän ýollar gaýdyrýa,
Hezzet!
Sähralar seýranda, asuda asman,
Allasyn ýatlaýan jebis il aman,
Rehnet!
Bu bir zaman, özge döwri istemen,
Ýaýlasy ýazlydyr, bagy gül çemen,
Jennet!
Yhlasyma, ykbalyma ýalkym bu,
Garaşa-garaşa ýeten bagtym bu,
Eşret!
NÄ GEREK SAŇA?!
Günüň doguşyny synlap, pikir et,
Günüň ýaşyşyny synlap, şükür et.
Ojagyňda oduň, saçagyňda – nan,
Ile egniň deňläp, sen ýöräp barýaň.
Asuda durmuşyň, arassa howaň,
Ogul-gyz daşyňda, gidip dur dowam.
Diň salýaň mukama hem bagşysyna,
Meňzejek bolýansyň il ýagşysyna.
Bolelin günleriň gidişinde bat,
Başga näme gerek şulardan zyýat?!
ŞYGYR BOSSANY
Şygyr bilen oýun etme galamym,
Aýdym bolar diýme, çyrşap, çalanyň.
Gürrüňdir bu şu günüňden, düýnüňden,
Owazyň gaýtmaly dünýäň düýbünden.
Adam ataň başyn başlan käri bu,
Täzeligi, tämizligi, täri bu.
Armanlydyr giren, hem girmedikler,
Boş çykar bagyndan gül tirmedikler.
Ylhamyň atydyr, uçar ganaty,
Şirwan halatydyr, zyban gaýraty.
Ýabyňa ýapyşma ýaglaman ýady,
Pyragy öýkelär, gyýlar Azady.
Oýlanýan oýlaryň bolmasa nakyl,
Diňläp oturandyr Arkadag akyl.
MEN
Ýer döräp zeminde asyrlap ýaşan,
Ilim bar, bilseňiz, “men” diýen sözde.
Agramly ýyllaryň azabyn daşan,
Silim bar, bilseňiz, “men” diýen sözde.
Ýaýylyp ýatandyr giňiş Garagum,
Keşdelidir geriş-geriş çägeler.
Sürä golaý gelseň gözleriňi ýum,
Ýaňy dogan guzujyklar mäleýär.
Depeler gümmezli öýlermiz ýaly,
Diňleseň bimarla:r aýdymly çeşmäm.
Maýsaly bossanlar köýnegim ýaly,
Nämedigni aýdar olar gelişmäň.
Giň ülkämiň jahany bar, jähegi,
Ýoluň düşse, dostum, sowulman ötme.
Şygyrly şelpäniň bardyr äheňi,
“Men” diýen sözümi Gözeldir öýtme.
ALMAK BILENDIR
Ýagdaý bolsa ýer goýmagyn ökünje,
Arman diýen aryn almak bilendir.
Arzyň aýtsaň, ýok bolsa-da özüňçe,
Zeýrenjiňe haýran galmak bilendir.
Aňa berilmese aýyl-saýyllyk,
Ýagşyny, ýamany garmak bilendir.
Süwümsize sowa geler kaýyllyk,
Birin berseň, känin sarmak bilendir.
Juda gytdyr, gymmatdadyr duýgudaş,
Açylaýsaň, aýba barmak bilendir.
Tapdyrsa mert bilen bolgunyň syrdaş,
Syry sandygyna salmak bilendir.
DÖRETMEK
Döretjek döreder gowulykda-da,
Galamyn ýöreder şowlulykda-da,
Sözüni ereder dowullykda-da,
Saýrar ol, gaýnar ol, bilbil mysaly.
Ýazmak isleýänleň ýol-ýoldaşy kän,
Hem özüň, hem galam durmaly mäkäm.
Aglaňlar, nalaňlar diýdigim-ä däl,
Has täsirin ýeti:r ýangynly haly.
ŞÄGIRT
Saňa hormat goýup gelýän şägirdiň,
Halypa saýmagy ynam – ululyk.
Başyn egip salam berýän şägirdiň,
Gül göwnünde duýgudaşlyk, durulyk.
Garşylarsyň geleninde ezizläp,
Perzendiňden kem görmersiň birjigem.
Her bir ädimine üstünlik diläp,
Ýetirjek bolarsyň ýola erjelem.
Synagyňdan geçer sypaýy zürýat,
Soň sorama, orun goýmaz sowala.
Özünden has beter begendi:r zyýat,
Şeýdibem, bu ýollar gider dowama.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşyk