Raýatlar iş bilen üpjünçilik meselesi boýunça haýsy edara ýüz tutmaly?
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň resmi saýtynda bu soraga şeýle jogap berilýär.Iş bilen üpjünçilik meselesi boýunça raýatlar Zähmet we ilaty iş bilen üpjünçiligi ministrliginiň ýerlerdäki bölümlerine ýa-da degişli häkimlige ýüz tutmaly.
Zähmet şertnamasy haýsy ýaşdan baglaşmaga ýol berilýär?
Zähmet şertnamasy on sekiz ýaşyna ýeten şahs bilen baglaşylýar. (Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 23-nji maddasy)
Zähmet haky tölenilmeýän rugsady bermegiň tertibi nähili?
Esasly sebäpler ýüze çykan mahalynda işgäriň islegine görä ýylyň dowamynda dowamlylygy on senenama gününe çenli zähmet haky tölenilmeýän rugsat berilýär. Haçanda işgäre on senenama gününden köp dowamlylykda zähmet haky tölenilmeýän rugsat gerek bolan halatlarynda oňa her ýylky esasy rugsadyň ýa-da goşmaça rugsatlaryň hasabyna goşmaça günler berlip bilner. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan dowamlylykdan başga-da, zähmet haky tölenilmeýän rugsat şu işgärlere olaryň islegine görä berilýär: 1) on dört ýaşa çenli bir ýa-da şondan köp çagany (on sekiz ýaşa çenli maýyp çagany) terbiýeleýän ýanýoldaşsyz ata ýa-da enä ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara – on dört senenama gününe çenli; 2) maýyplara – otuz senenama gününe çenli; 3) ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdebine giriş synaglaryna goýberilene – degişlilikde on bäş we on senenama gününe çenli, aspirantura – on bäş senenama gününe çenli, şunda görkezilen möhletlere okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerine giden we yzyna gaýdan wagty girmeýär; 4) gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşleri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň soňky okuw ýylynda önümçilikden aýrylman okaýan işgäriň islegi we degişli okuw mekdebiniň haty boýunça diplom taslamasyny (işini) taýýarlamak üçin – otuz senenama gününe çenli; 5) syrkawlan maşgala agzasyna seretmek üçin hossaryna – saglygy goraýyş edarasy tarapyndan bellenilen möhlete; 6) Türkmenistanyň bilim edaralarynda işleýän daşary ýurtly mugallymçylyk işgärlere – otuz senenama gününe çenli; 7) ýaşy boýunça pensionere – otuz senenama gününe çenli. Önümçilik sebäpleri boýunça (enjamlaryň, mehanizmleriň hatardan çykmagy, çig malyň, serişdeleriň (materiallaryň), elektrik energiýasynyň bolmazlygy ýa-da ýetmezçiligi we beýlekiler) boş durlan mahalynda kärdeşler arkalaşygynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramalarynyň ylalaşygy boýunça iş berijiniň işgärlere üç aýa, aýratyn halatlarda bolsa – on iki aýa çenli zähmet haky tölenmeýän rugsady bermäge haky bardyr. Weteranlaryň aýry-aýry toparlaryna we ýeňillikler boýunça olara deňleşdirilen adamlara iş haky tölenmeýän rugsadyň dowamlylygy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
Zähmet jedelleri boýunça kazyýete ýa-da zähmet jedelleri baradaky topara ýüz tutmagyň bellenilen möhletleri barmy?
Kazyýete ýa-da zähmet jedelleri baradaky topara ýüz tutmagyň aşakdaky möhletleri bellenilýär: 1. Işe dikeltmek hakyndaky jedeller boýunça – işgäre onuň bilen zähmet şertnamasynyň bes edilýändigi hakyndaky buýrugyň nusgasynyň işgäre gowşurylan gününden beýläk – bir aý; 2. Işgäriň iş berijä ýetiren maddy zyýanynyň öwezini tölemegi hakyndaky jedeller boýunça – iş berijiniň ýetirilen zyýanyň üstüni açan gününden beýläk – bir ýyl; 3. Beýleki zähmet jedelleri boýunça – işgäriň öz hukuklarynyň bozulandygyny bilen ýa-da bilmeli bolan gününden beýläk – üç aý. Şu maddada bellenilen möhletleriň esasly sebäplere görä berjaý edilmedik halatynda olar işgäriň ýa-da onuň ygtyýarly edilen wekiliniň arzasy esasynda kazyýet tarapyndan ýa-da zähmet jedelleri baradaky topar tarapyndan dikeldilip bilner. Işgäriň janyna ýa-da saglygyna ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini tölemek hakyndaky jedeller boýunça kazyýete ýüz tutmagyň möhleti bellenilmeýär. (Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 382-nji maddasy)
ÃaÅŸaýyÅŸ jaý gatnaÅŸyklary bilen baglanÅŸykly peýdaly maglumatlar