Koronawirus sebäpli agyz-burun örtükleri biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. “LG” şereketi hem täze tehnologiýa eýe bolan agyz-burun örtüklerini öndürdi.
“LG PuriCare” atly agyz-burun örtügi 94 gram agyrlykda. Bu örtük 1000 mAh batareýa eýe bolup, USB arkaly 2 sagatda doly zarýad alýar. Örtük bir gezeklik zarýad bilen 8 sagatlap işleýär.
“LG” şereketi “PuriCare” atly agyz-burun örtügini awgust aýynda Taýlandda satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Ýöne, geljekki aýlarda bu örtükleriň dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem satuwa çykmagyna garaşylýar.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.