2018-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip,onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary,wezipeleri,ugurlary,amala aşyrmagyň tapgyrlary kesgitlenildi.Häzirki döwürde ýurdymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan «Sanly Türkmenistan» döwlet maksatnamasynyň ykdysady kuwwatymyzy ýokarlandyrmakda, ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakda ähmiýetiniň ýokary boljakdygyny alamatlandyrýar.
Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy döredildi, bu global aragatnaşyk ulgamy ylmy gözlegler, öndürijilik, medeni üýtgeşmeler, dünýä söwdasy we dünýä bilimi üçin esasy maglumat çeşmesi boldy.Sanly ulgam eýsem bu näme zat?
Aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny öz içine alýan, ähli maglumatlary ýygnamaga, gaýtadan işlemäge, saklamaga we torlaryň üsti bilen bir ýerden başga ýere geçirmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalara “sanly ulgam” diýilýär.
Esasan hem maglumatyň aňsat we çalt elýeterliligini hem-de aragatnaşygy çalt üpjün edýär.Çykdajylary peseldýär we netijeliligi ýokarlandyrýar.
Munuň bilen baglylykda emeli aň häzirki wagtda ähli dünýäniň künjeginde ulanylýan we ynsan ýaşaýşyny has-da aňsatlaşdyrmaga kömek edýän, bu adamlaryň önümi bolup, öwrenmek we meseläni çözmek ýaly adamyň akyl ukyplaryny köpeldip bilýän ulgamlaryna berilýän atdyr.
Ýagny bu ukyp iň bolmanda gürrüňleri aň edip bilmek , strategiki pikirlenmek ýaly ukybyny hem öz içine alýar. Emeli aň ömürboýy adamlar ýaly öwrenmek , uzak we gysga möhletli ýat, öwrenilen ukyplaryň klassifikasiýalaşdyrylmagy, bar bolan ukyplara täze ukyplary goşmak, ukyplary başga bir sistema geçirmek (öwredip bilmek), gaýtadan ulanmak we nädip öwrenmelidigini öwrenmek ýaly aýratynlyklara eýedir .
Häzirki wagtda emeli aň kesgitlemesiniň 3 basgançagy bar:
Emeli dar intellekt (Artificial Narrow Intelligence – ANI – Narrow AI): Öňünden kesgitlenen maksatlara we adam ukyplaryny çäklendirilen bir gurşawa ýetmek üçin mümkinçiliklerini köpeldip bilýän emeli intellektli ulgamlar.
Emeli umumy intellekt (Artificial General Intelligence – AGI – Human Level AI, Strong AI, Deep AI): Diňe adamlar ýaly başaryp biljek çylşyrymly işleri ýerine ýetirip bilýän görnüş.Öň öwrenilen ýa-da ilkinji gezek tejribe edilýän , öwrenilen başarnyklary ulanmak ýa-da öz-özüňe öwrenmek arkaly berlen meseleleri ýerine ýetirip bilýän emeli intellektli ulgamlar.
Emeli super intellekt (Artificial Super Intelligence – ASI): Adam akyllaryndan has ýokary mümkinçilikleri ösdürýän emeli intellektli ulgamlar.
Emeli aň ady ilkinji gezek 1956-njy ýylda ‘John Dartmouth’ kollejiniň emeli intellekt konferensiýasynda Jon Makkarti ýolbaşçylygynda resmi taýdan girizildi we esaslary döredildi. Ilkinji emeli intellekt laboratoriýasy 1959-njy ýylda Massachusetts Tehnologiýa Institutynda (Massachusetts Institute of Technology-MIT) Jon Makkarti we Marwin Minski tarapyndan döredildi.
Häzirki wagtda emeli aňy kesgitlemek üçin iň möhüm ädim ‘Perseptron’ kesgitlemesidir. Psiholog Rosenblatt “Perceptrony” beýnimizdäki neýronlaryň işleýşiniň ýönekeý matematiki modeli hökmünde taslady. Gurluş taýdan neýrony 5 bölekden gözden geçirip bileris. Häzirki wagtda emeli aň ulgamlary lukmançylykda, aragatnaşyk pudagynda, gündelik durmuşda ulanylýan, köp programmalar bilen çäklenmän eýsem çylşyrymly logikada we tebigy dili gaýtadan işlemek ýaly köp ugurda gözleglerine dowam edýär. Emeli intellektiň durmuşymyza täsir edýän köp sanly mysallary bar. Emeli aň bizlere köp wagt pul we energiýa tygşytlamak arkaly durmuşy aňsatlaşdyrýandygyny inkär edip bolmaz.
Emeli aň we onuň nähili işleýändigini öwreneliň, emeli aň barada mysallar:
1. “Google kartalar” we gezelenç programmalary
Indi täze syýahat etmek hakda kän pikirlenmeli däl. Çylşyrymly salgy görkezmelerine bil baglamagyň ýerine, telefonyňyzda amatly karta programmasyny açyp, barmaly ýeriňizi ýazyp bilersiňiz.
Şeýlelikde, programma takyk ugurlary, iň amatly ugry, hatda ýol päsgelçiliklerini we dyknyşyklary nädip bilýär? Mundan birnäçe ýyl öň gatnaw üçin diňe GPS (hemra esasly nawigasiýa) ulanylýardy. Emma indi ulanyjylaryň daşky gurşawlaryna degişli has-da gowulaşdyrylan tejribe görkezmek üçin emeli aň goşulýar.
2.Ýüzi kesgitlemek we tanamak
Surata düşenimizde we telefonlarymyzy açmak üçin ýüz belgisini ulananymyzda gündelik durmuşymyzyň bir bölegi bolan iki emeli aň programmasydyr. Birinjisi, islendik adamyň ýüzi kesgitlenýändigini aňladýan ýüzi kesgitlemegi öz içine alýar. Ikinjisi belli bir ýüzi tanamakdan peýdalanýar.
Ýüz tanama döwlet edaralary ýa-da howa menzillerinde gözegçilik we howpsuzlyk üçin hem ulanylýar. Mysal üçin, London Gatwik howa menzili ýolagçylaryň uçara münmezden ozal şahsyýeti barlamak üçin ýüz tanama kameralaryny ulanýarlar.
3. Tekst redaktorlary
Redaktorlar üçin awto-düzediş gurallary bar, çylşyrymlylyk derejesine baglylykda resminamalar ýazylanda ýazgylary, grammatikany we birnäçe ýazuw düzgünlerini barlaýar.
Arkaýyn gürlemezden ozal diliňizi öwrenmek üçin birneme wagt gerek bolmaly. Şonuň ýaly-da, emeli usulda akylly algoritmler diliň nädogry ulanylmagyny kesgitlemek we düzedişleri teklip etmek üçin çuňňur öwrenmegi we tebigy dili gaýtadan işlemegi hem ulanýarlar.
Dilçiler we kompýuter alymlary, mekdepde öwredilişi ýaly, enjama grammatikany öwretmek üçin bilelikde işleýärler. Enjamlara enjamlaryň düşünip biläýjek derejede ýokary hilli dil maglumatlary berilýär. Hatda ýekeje otury hem ýalňyş ulanýan bolsaňyz, redaktor ony gyzyl reňkde belleýär we teklipler berýär.
Indiki gezek dil redaktoryňyzy barlanyňyzda, emeli aňyň birnäçe mysallaryndan birini ulanýandygyňyzy biliň.
4. Gözleg we maslahat beriş algoritmleri
Halaýan filmleriňizi görmek, aýdym diňlemek ýa-da onlaýn söwda etmek isleseňiz, teklip edilýän zatlaryň(öňüňizden çykýan reklamlar) gyzyklanmalaryňyza laýyk gelýändigini gördüňizmi? Bu emeli aňyň gözelligi.
Bu akylly maslahat beriş ulgamlary, onlaýn işleriňizden özüňizi alyp barşyňyzy we gyzyklanmalaryňyzy öwrenýär we siziň halaýanlaryňyzy görkezer. Soňra bolsa köp gözleg etmän, gyzykly teklipler bilen islegleriňizi çaklap bilýär.
5.Jemgyýetçilik tor
Jemgyýetçilik toruň peýda bolmagy bilen täze düşünje üpjün etdi. Dürli internet programmalary bu meselelere gözegçilik etmek we ulanyjylara beýleki gyzykly aýratynlyklary bermek üçin emeli aň goldawyny ulanýarlar.
Emeli aň problema çözüji erbet sözleri öz içine alýan ýazgylary adamlardan has çalt tapyp we çalt aýyryp biler we şeýlelik bilen internet howpsyzlygyny üpjün eder. Bu dürli dillerdäki erbet sözleri, sözlemleri we nyşanlary kesgitlemek ukyby bilen mümkin bolar .Bular söz goşma ukyby bolan ulgam bilen üpjün edilendir . Çuňňur öwrenmegiň nerw ulgamy arhitekturasy bu prosesiň möhüm bölegidir.
Emojiler(nyşanlar) dürli duýgulary görkezmegiň iň gowy usuly boldy. Bu sanly dile emeli aň tehnologiýasy bilen hem düşünilýär, sebäbi belli bir tekstiň manysyna düşünip we çaklaýjy tekstiň bir bölegi hökmünde dogry emoja ugrukdyryp biler.
Ýüz tanamak jemgyýetçilik torda hasaplarynda hem ulanylýar we adamlara awtomatiki teklipler arkaly dostlaryny bellemäge kömek edýär. Akylly süzgüçler spamy ýa-da islenmeýän habarlary kesgitläp we awtomatiki aýyryp biler. Akylly jogaplar ulanyjylaryň halamagy mümkin başga bir aýratynlykdyr.
Jemgyýetçilik tor pudagynyň geljekdäki käbir meýilnamalary, çap edilen we sarp edilýän mazmuny seljermek arkaly akyl saglygy meselelerini kesgitlemek üçin emeli aň ulanmagy öz içine alýar. Muny psihologlara iberip bolar.
6. Elektron tölegler
Her bir amal üçin banka ylgamak gaty kyn iş bolup biler. Banklar indi töleg amallaryny ýönekeýleşdirmek arkaly müşderileri aňsatlaşdyrmak üçin emeli aň ulanýarlar.
Emeli aň wagt tygşytlaýar we alymlara öz güýjüni has möhüm açyşlara sarp etmäge mümkinçilik berýär.
Ara alyp maslahatlaşan emeli aň mysallarymyz diňe bir güýmenje çeşmesi bolup hyzmat etmän, eýsem endik eden köp sanly hyzmatlary hem hödürleýär. Emeli aň pudagy henizem adam ukyplaryny has takyklaşdyrjak köp täze oýlap tapyşlar bar.
Sanly tehnologiýany köp ugurlarda we birnäçe pudaklarda ulanylýar.Ol pudaklardan biri hem bilim pudagydyr. Bilim pudagy sanly tehnologiýalaryndan has köp peýdalanýan ugurlaryň biridir we ol bu ugurda uly ösüş gazandy.
Metbugatyň oýlanyp tapylmagy soňra onuň kämilleşmegi we kitaplaryň çap edilmegi bilen, şol döwürde täze zatlaryň bilim almagyna we öwrenilmegine uly goşant goşdy. Kompýuterleriň kömegi bilen elektron gurşawdaky ähli kitaplara we arhiwlere häzirki wagtda aňsatlyk bilen girip bolýar. Göni ýaýlym sapak wideolary we hereketli şekiller bilen has aňsat bilim berilýär.
Daş çäkler üçin bilim tehnologiýasy bilen bize uzak aralyk päsgelçilikleri bolmazdan bilim almaga mümkinçilik berildi. Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalarynyň iň peýdaly ýeri simulýasiýa. Simulýasiýa tehnologiýasy durmuş üçin howply ýagdaýlarda ulanylýar. Awtoulag synaglary we uçar synaglary ýaly köp ugurlarda ulanylýan bu tehnologiýa bilen howply türgenleşik ömrüňi ýitirmezden berlip bilner. Tehnologiýanyň ussatlyk bilen birleşdirilen bu bilim gurşawy hemişe innowasiýa ideýalarynyň kömegi bilen täzelenýär. Zerur bolan bütin maglumatlary çeşmeleri bilen bilelikde getirýär . Resmi bilim modelleri üçin wagt sarp edip bilmeýän şahsyýetler üçin oňyn proses hökmünde kabul edilen tehnologiýa esasly uzak aralyk okuw maksatnamalary häzirki döwürde has möhüm bolup durýar, täze okuw usullarynyň içinde iň ýokary derejäni kabul edýär. Tehnologiýany bu usulda ulanmak, adaty okuw usullaryndan tapawutlylykda adamlaryň strategiki we seljeriş ukyplarynyň ösmegine goşant goşýar.
Emeli aň durmuşymyzyň her bir ugrunda öňdebaryjy rol oýnap başlady. Häzire çenli gelip ýeten gözlegler bilen emeli aň gelejegimizi emele getirýär. Bir wagtlar diňe fantastiki filmlerde görlen oýlap tapyşlar gündelik durmuşda öz ornuny almagy we adam durmuşyna uýgunlaşmagyny dowam edýär. Durmuşymyzyň indiki tapgyrynda bize nähili täzelikler garaşýar, tehnologiki ösüşler dowam edende emeli aň nähili ösjekdigini we durmuşymyzy nähili üýtgetjekdigini bilelikde göreris.
Aýgül Halmyradowa Türkmenistanyň Daşary işler
Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
talyby