SIZDEN GELENLER

Peýniriň peýdalary we iýmitlik gymmaty

Peýnir, ertirlik naharymyzda has köp sarp edilýän iýmitleriň biridir. Peýnir, bedeniň kalsiý talaplaryny kanagatlandyryp bilýändir. Aslynda  diňe kalsiý bolman, belok we B2 witamine hem baýdyr. Bu adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Peýniriň kaloriýasy we ýokumlylygy baradaky maglumatlary size ýetirýäris. Şeýle hem, peýniriň deri üçin peýdalary barada aýratyn maglumatlary hem agzap geçeris.

Ýokarda peýniriň köp witaminlere baýdygyny belledik. Peýnir A, C, D, E we K witaminlerini saklamak bilen adam bedeniniň zerurlyklaryny kanagatlandyrýar. Bulardan başga-da, organizmleriň saglygy üçin peýdalydyrr, sebäbi düzüminde B12 we B6 witaminleri hem bar. Peýniriň adam bedeni üçin beýniden süňk saglygyna çenli köp peýdasy bar.

Peýniriň peýdalary şu aşakdakylary öz içine alýar:

  • Nerw ulgamy üçin peýdalydyr.
  • Memoryady güýçlendirýär.
  • Dişleri güýçlendirýär. Diş emeli üçin peýdalydyr.
  • Dişleriň çüýremeginiň öňüni alýar.
  • Bedeniň kalsiý zerurlygyny kanagatlandyrýar.
  • Süňk rezorbasiýasynyň döremeginiň öňüni alýar.
  • Süňk gurluşyny güýçlendirýär.
  • Süýji keselinden goraýar.
  • Ýürek keselleriniň döremek howpuny peseldýär.
  • Gan basyşyny peseldýär.
  • Fatadawlyga we streslere garşy gowy.
  • Çişiň döremeginiň öňüni alýar.
  • Migren agyrylary üçin peýdalydyr.
  • Uky meselesini çözýär.
  • Içege bakteriýalaryny goraýar.

Peýniriň deri üçin peýdalary:

  • Derini janlandyrýar we ýaşardýar.
  • Zeper ýeten derini bejerýär.
  • Deriniň gözeneklerini iýmitlendirmek arkaly gowulandyrýar.
  • Peýnirdäki witaminler deriniň wagtyndan öň garramagynyň öňüni alýar.

Peýniriň Koloriýasy we iýmitlik gymmaty:

100 gram feta peýnir 309 kkal kaloriýa.

100 gram ak peýniriň iýmitlenişinde A, B2 we B12 witaminleri, şeýle hem kalsiý, fosfor, sink minerallaryna baý belok bar.

 

Ýusupowa Aýbölek,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojayk

 uniwersitetiniň mugallymy

 

 Alsgeýmer keseline garşy göreşmek üçin derman tassyklandy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti