MEDENIÝET

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan dilinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline terjime edildi we çapdan çykdy.
Milli Liderimiziň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eseri uly ruhy ähmiýete eýedir, sebäbi onda umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär.
Türkmenleriň milli däp-dessurlarynda öz aýdyň beýanyny tapan ýokary ynsanperwer ýörelgeleri beýleki halklarda hem uly seslenme döredýär. Muňa, ilkinji nobatda, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň eýýäm dünýäniň köp dillerine, şol sanda hytaý, ýapon, rus, gruzin, ukrain we azerbaýjan dillerine terjime edilendigi hem şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň many-mazmuny hem-de beýan ediliş usuly boýunça örän gymmatly eseri täsin halk döredijiligini toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli, tutanýerli ylmy-edebi işleriň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň folkloryň, şol sanda nakyllaryň, atalar sözleriniň parasatly pähimlerini döredijilikli, ussatlarça peýdalanmagy bu edebi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar, ol häzirki wagtda mundan ýüzýyllyklar ozal hem dünýäniň beýleki halklary bilen dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny ýola goýan türkmen halkynyň ruhy dünýäsine göz ýetirmegiň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär.

2 müň 100 tonnadan gowrak pile taýýarlandy

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

“Gorkut ata” atly halkara kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň MEÝILNAMASY

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri