JEMGYÝET

Galla oragyna badalga berildi

Ýurdumyzda 4-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 11-nji iýunda goşular.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyza abadançylyk, tutuş türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk dileg edip, “bismilla” bilen ýerlerde ilkinji bugdaý desselerini ordular. Olar: “Çäjiňe bereket!” diýen hoşniýetli sözler bilen oraga başlap, nobaty zähmetsöýer kombaýnçylara berdiler.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna we Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bereketli”, “Ýolöten-1», “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Goşant”, “Miras”, “Rowaç”, “Hasylly” hem-de “Watan” ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Umuman, ýurdumyz boýunça 2021-nji ýylyň galla oragy möwsüminde “СLAAS”, “John Deere”, “Сase”, “New Holland” ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müň 111 sanysy işlediler. Işler iki çalşykda, gije-gündiz alnyp barlar. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer.

Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat eder. Olar tehnikalary zerur ýangyç-çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün eder. Galla meýdanlarynda oraga gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin zerur durmuş şertleri döredildi. Ýerlerde medeniýet işgärleriniň çykyşlary we göçme söwda ýola goýlar.

Ýygnalan hasyly 156 sany kabul ediş bölümine, ammarlara hem-de elewatorlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň 11 müňe golaýy işlediler. Galla oragynyň başlanýan döwrüne çenli degişli barlaghanalar taýýarlanyp, şolarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlär.

Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.

 

5-nji iýunda Ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy