SIZDEN GELENLER

Iňlis dilinde ýalňyşlary düzetmek üçin usullar

Iňlis  dili öwrenilýän wagty okuwçylar birnäçe ýalňyşlyk goýberýärler. Bu öwrenmekde adaty hem-de wajyp zatdyr. Eger-de okuwçylar ýalňyş goýbermeseler, özlerini kämilleşdirmek üçin yhlas etmezler, has çylşyrymly tekstleri we kadalary öwrenmezler. Öwrenmek işinde mugallymyň mähirli gatnaşygy, äheňi olarda gyzyklanma döredýär hem-de okuwyna täsir edýär. Gygyrmak we gorkuzmak okuwçylaryň synpdaşlaryndan çekinmegine we sapaga gatnaşmaga bolan höwesiniň pese gaçmagyna getirýär. Ýalňyşlyk goýberen okuwçyny beýlekilerden aýrybaşgalaşdyrmak, onuň bilen ýekelikde işlemek onuň özüni oňaýsyz duýmagyna sebäp bolýar. Okuwçylary höweslendirmek, yhlasy üçin “sylaglamak” bolsa okuwyň netijeliligini artdyrýar.

Ýalňyşlaryň üstünde işlenilende oňyn we gyzykly usullardan peýdalanmak zerurdyr. Aşakdaky käbir usullar iňlis dili mugallymlary üçin peýdaly bolup biler.

Okuwçylardan ýalňyşlarynyň nähili düzedilmegini isleýändiklerini soramak. Bu usul okuwçylaryň özlerini rahat duýmaklaryna we sapagyň gyzykly geçmegine kömek edýär. Köplenç, okuwçylarda bu barada özboluşly we peýdaly pikirler bolýar. Bu okuwçy-mugallym gatnaşyklaryny berkitmäge-de ýardam berýär. Köp sanly okuwçyly synplar bilen birbada bir meňzeş usullar bilen işlenilse, az okuwçyly synplarda her bir okuwçy üçin özboluşly ýalňyş düzetmek usuly bolup biler.

Hereket usuly. Sözleýişde we ýazuwda dürlüçe düzediş usullaryny ulanmak bolar. Mysal üçin, sözleýişde ýalňyşlary düzetmek üçin mugallymlar el hereketlerini ulanýarlar. Olardan käbirlerine ýüzleneliň:

  • “The” sözi galdyrylanda, ony ýatlatmak üçin barmaklar bilen “T” harpyny görkezmek.
  • Nädogry söz yzygiderliligini görkezmek üçin elleriň bilen atanaklaýyn “X” şekilini ýasamak.
  • “Artykmaç sözleri aýyr” diýen manyda barmaklar bilen gaýçy hereketini etmek.
  • Öten zamany aňlatmak üçin kelläň bilen egnaşyr arka tarapa ümlemek.
  • “to” sözüniň galdyrylandygyny duýdurmak üçin tagtada ýa-da howada “-2” ýazgyny görkezmek (“to – -mak/-mek” we “two – 2” sözleriniň meňzeş eşidilýändigi üçin). Meselem, I must to go draw -2.
  • “with” we “by” sözleriniň haýsysynyň ulanylýandygyny aňlatmak üçin elleriňi galgadyp, hoşlaşyk yşaratyny etmek (“bye – hoş gal” we “by – -ly/-li” sözleriniň meňzeş eşidilýändigi üçin). Meselem, “awtobusly” diýen sözi “with bus – awtobus bilen däl-de “by bus – awtobusly diýip aýtmalydygyny düşündirmek üçin.
  • Iňlis dilinde sözlemde iki sany ýokluk şekiliniň ulanylmaýandygyny aňlatmak üçin barmaklar bilen iki sany aýyrmak şekilini goşmak şekiline öwürmek. Meselem, “I don’t want no tea”.
  • Eger okuwçylar “to go” diýmegiň ýerine “for going” diýse, dört barmak galdyryp, olaryň ikisini ýatyryp, ýokarda agzalan “to – 2” yşaratyny görkezmek (“for – üçin” we “four – 4”, “to – -mak/-mek” we “two – 2” sözleriniň meňzeş aýdylýanlygy sebäpli).
  • “to be” işliginiň galdyrylandygyny aňlatmak üçin ary ýaly wyzlamak (“bee – balary” we “be – bolmak” sözleriniň meňzeş eşidilýändigi üçin). Meselem, “I going”. Eger “was” sözi galdyrylsa, öten zamany aňladyp wyzlamak bolar.

 

Gaýtalamak usuly. Bu usulda mugallym sözlemiň ýalňyşylan böleginiň üstünde durmak bilen okuwçylaryň nirede ýalňyşandygyna ünsi çekýär. Meselem, Yesterday I eat an apple” diýseler, mugallym: “Yesterday I…” diýip säginmek bilen, “eat” sözüniň” öten zamanda ulanylmalydygyna ünsi çekýär. Ýa-da mugallym sözlemi dogry görnüşde gaýtalap biler. Şeýle-de okuwçylara sözüň dogry görnüşini gaýtalatmak gerekdir.

Käbir okuwçylary gürläp duran wagty ýalňyşlaryny düzetmek bolar. Emma olara sözlemi doly gutarmaga pursat bermeli. Eger her ýalňyşda onuň sözüni bölseň, okuwçy pikirini jemläp bilmez, şonuň üçin hem öwrenip bilmez. Ol aýtmaly söz ýadyna düşmän säginen wagty gerek sözi ýatlatmak bolar. Emma onuň özi islemese, sözlemi jemlemäge mümkinçilik döretmek gerekdir. Okuwçy sözlemi gutaransoň onuň ýalňyşlaryny ýüzüne basman, düşündirip düzetmek bolar:

Okuwçy: I stood up late.

Mugallym: Oh, you got up late! (sorag äheňinde)

Okuwçy: Yes, I got up late, then I eat big breakfast.

Mugallym: You had a big breakfast. (şadyýan äňeňde)

Okuwçy: Yes, I had a big breakfast, then I went at the park.

Mugallym: So, you went to the park.

Jedwel usuly. Mugallym okuwçylar iňlis dilinde gürleýän wagty synp tagtasynda jedwel çyzyp, onda dürli kada ýalňyşlaryny görkezýär. Bu jedwelde diňe bir okuwçynyň hem, tutuş synpyň hem ýalňyşlary görkezilip bilner. Okuwçylar iki topara bölünip, bir topar gürläp, ikinji topar ýalňyşlary belläp hem biler. Bu usul iki toparyň hem bilim derejesini barlamaga mümkinçilik döredýär.

 

Galdyrylan sözler Ýalňyş yzygiderlik Fonologiýa, ýalňyş aýdylan söz Grammatik ýalňyş Üns berilmeli çalyşma Zaman aňladylyşy, sözlemiň görnüşi
Has, the, to, a I speak well English (islendik at, sypat, işlik) He go “I” däl-de “my”, “we” däl-de “us” Past tense, irregular

 

Kabir ýalňyşlara üns bermezlik. Okuwçylar degişli kadany doly öwrenmändikleri üçin ýalňyşýarlar. Bu ýalňyşlary düzetmek uzak wagta çekip bilýär. Ýetişigi pes okuwçylara birbada ähli nädogry jogaplaryny düzetmek kyn düşýär. Şonuň üçin mugallym onuň käbir ýalňyşlaryna göz ýummaly bolýar. Eger okuwçy bir sözlemde 3-4 sany ýalňyş goýberse, onuň öwrenmegi üçin 1 ýa 2-sine üns bermek gerek. Şol ýalňyşlary gaýtalamadyk ýagdaýynda, beýlekileriň üstünde işlemäge girişmeli. Meselem, okuwçy “I father clever” diýse, mugallym “My father” diýen esasy bölegine üns bermeli.

Ýazuw usuly. Tagtada okuwçylaryň ýalňyşan sözlerini we sözlemlerini ýazmak. Her bir okuwçy öz sözlemini görüp, nirede ýalňyşandygyna düşünýär. Ýalňyş sözleriň aşagyny çyzmak hem bolar. Soňra okuwçylara şol ýalňyşlary düşündirmek gerek, hem ýazuw arkaly, hem dilden gaýtalatmak peýdalydyr.

Eger okuwçylar täze ýalňyşlary goýberýän bolsalar, bu olaryň öwrenýändikleriniň we öz üstünde işleýändikleriniň alamatydyr. Emma olar şol bir ýalňyşy goýberýän bolsalar, bu gowy netije däldir, bu okuwçynyň hiç zat öwrenmändigini aňladýar. Şeýle ýagdaýda mugallym sözlügiň üstünde gaýta-gaýta işlemelidir. Okuwçynyň ýalňyşyna düşünmegini, ony ýeňip geçmegini üpjün etmelidir. Mugallymyň esasy wezipesi okuwçylaryň öz üstünde işlemegini gazanmakdyr.

 

Aýgözel TÄJIÝEWA,

Türkmenbaşy şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

 

 

ÝTÖB: telekeçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti