SIZDEN GELENLER

Tebigy nygmatlaryň beýnimize täsiri

Jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilimi kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ösüşlerimiziň özeni milli bilim ulgamynyň binýadynyň berkemegi, türkmen biliminiň rowaçlanmagy bilen baglanyşdyrylýar. Ýokary taýýarlykly, öz kärini söýýän, zähmetkeş hünärmenleri taýýarlamak ýaly abraýly hem-de jogapkärçilikli iş bilim ulgamyna degişli bolup durýar. Bu bolsa her bir pudagyň, her bir ulgamyň rowaçlygynyň girewidir. Ýaşlaryň bilim mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bir hatarda, olaryň ýokary ahlak, watansöýüjilik, dogruçyllyk, halallyk ruhunda terbiýelenmegi hem bilim edaralarynyň paýyna düşýär. Bu hakykata ünsi çekmek bilen, Hormatly Prezidentimiz: «Biz häzirki döwürde bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berýäris, sebäbi bilimli nesil – kuwwatly Watandyr. Hemmetaraplaýyn bilimli, geljekde Watanymyzyň ykbalyny ele aljak ýokary aň-düşünjeli ýaş nesli kemala getirmek Watanymyzyň ykdysady abadançylygynyň hem-de türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir» diýip nygtaýar.

Häzirki wagtda türkmen ýaşlaryna dünýäniň köp sanly döwletinde, abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okamaga mümkinçilik döredilen. Мunuň özi dünýä tejribesini ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrmakda ýaş nesle düşýän jogapkärli wezipäni, borjy has-da artdyrýar.

Döredilýän uly mümkinçilikler oňaýly şertler mugallymlaryň, okuwçydyr talyplaryň, jemläp aýdanyňda tutuş bilim işgärleriniň öňünde täze hem-de jogapkärçilikli wezipeleri goýýar. Häzirki wagtda bilimiň hil taýdan özgerýän döwründe ýaşlara, mekdep okuwçylara, has ýetginjek ýaşlarmyza hem-de zähmet çekýän ýaş hünärmenlere Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolçulygyň mekanynda, tebigy nygmatlaryň ynsanyň beýnisine täsiri şeýle-de aňymyzyň giňemegine, ýatkeşligimiziň güýçlenmegine peýdalary barada gysgaça nesihatlary aýdyp bermek isleýärin.

  1. Rozmarin – bu ösümlik biziň ýatkeşligimizi we pikir jemlemekligimizi has-da kämilleşmegi üçin iň gowy iýmitlerden biridir. Onuň himiki düzümi beýniniň netijeliligini artdyrýandygy subut edilendir. Bu ösümligiň ajaýyp ysy bar. Ony öýüňizde hem goýup bilersiňiz ýa-da naharňyza  goşup hem iýip bilersiňiz.
  2. Şugundur – Bu biziň beýnimize we tenimize gan aýlanşy tizleşdirýär.
  3. Ýumrutga – Ýatkeşligiňizi güýçlendirýär we sagdyn beýniňe peýda getirýär.
  4. Balyk – Beýniň saglygy üçin wajyp bolan Omega-3 ýag kislotalary öz içine alýar.
  5. Awokado (amerikan armydy) – Beýnidäki gan aýlanşygy artdyrýar.
  6. Klýukwa miwesi – Beýniniň garramaklygyna garşy goraýan birnäçe antioksidanlary öz içine alýar. Antioksidan – ýaglaryň okislenmegini (turşamagyny) haýallatýan maddadyr.
  7. Sogan – Ýatkeşligiňi kämilleşdirýär. Munuň üçin ony suwuk görnüşde içmek gerek.
  8. Ýarma – Beýniniň saglygyna uly möçberde peýda getirip bilýän omega-3 ýag kislotalary, kletçatkalary we kompleks uglewodlary öz içine alýar.
  9. Pomidor – Olar boş radikalardan gelip çykýan bozulmalardan beýniň öýjüklerini goraýan likopeni öz içine alýar.
  10. Gök çaý – Ýatkeşligiňi kämilleşdirýär we beýniň güýjini artdyrýar. Günde 2 ýa-da 3 käse içmek peýdaly. Pikir jemleme, akyl ýetirme funksiýalary güýçlendirýär.
  11. Gara şokolad – Bu baý iýmit pikirlenşiňi we ýatkeşligiňi güýçlendirýän birnäçe antioksidanlary we kofeini öz içine alýar.
  12. Kädi – Beýniňizi kämilleşdirmäge bu örän gowy iýmit, sebäbi olar durşy bilen beýniňi bozulmalardan goraýan B12 bitamini we folik kislotasyny özünde jemleýär.
  13. Hoz – Beýniniň gan aýlanyş damarlaryny güýçlendirýän omega-3 – e goşmaça bolup, kislorod akymyny artdyrýar we birnäçe ýokumly maddalary öz içine alýar.
  14. Alma – Öz görnüş şekiliňde galmak we beýniniň saglygy hakynda aladalanmak üçin örän gowy iýmit hasaplanaýar.

Ýusupowa Täzegül,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

 uniweresitetiniň mugallymy

GDA agza ýurtlar: diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepler

 

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk