JEMGYÝET

Kazan-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnaw

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 26-njy aprelinde Kazan-Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrýar. Bu barada awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň  “turkmenistanairlines.ru” internet saýty habar berýär.

Bu gatnawdaky orunlar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsullygynyň sanawy boýunça amala aşyrylýar. Eger Baş konsullykdan şu gatnaw üçin bildiriş alan bolsaňyz, onda petek almak üçin avia@itmgroup.ru ýa-da +79119300080 telefony arkaly habarlaşmak zerurdyr.

Eger siziň ýatyrylan gatnaw üçin Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde satyn alan petegiňiz bar bolsa, şol petegi çalyşmak üçin hem avia@itmgroup.ru salgysyna ýüz tutup bilersiňiz. Türkmenistanyň çäklerinde satyn alnan petekleri Türkmenistanyň çäklerinde çalyşmak bolýandyr.

Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek gerek. Bu Tatarystandan Türkmenbaşy şäherine amala aşyrylýan şu aýdaky ikinji gatnawdyr. Mundan ozal hem 9-nji aprelde koronawirus pandemiýasy sebäpli bu ýurtda galan 275 türkmen raýaty ýurdumyza dolanyp gelipdi.

 

Kazandan uçar gatnawy bilen ýük ibermek

 

“THY”: maý aýyndaky meýilnamasynda AÅŸgabat hem bar

 

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri