SPORT

Çempionlar ligasynyň senasy nirуden gelip çykdy?

Futbolçylaryň köpüsi Çempionlar ligasynyň senasyny eşidenlerinde, özlerinde tolgundyryjy duýgulary oýanýandygyny boýun alýarlar. Käbir futbolçylar bolsa ilkinji gezek Çempionlar ligasyna gatnaşmak bilen üýtgeşik duýgulary başdan geçirýärler.

Çempionlar ligasynyň senasy eýýäm bütin futbol äleminde şeýle bir yz galdyrdy welin, her bir janköýer bu sazy eşideninden tanaýar. Bu sena 1992-nji ýyldan bäri, ýagny 30 ýyl golaý wagtdan bäri Çempionlar ligasynyň oýunlary başlamazdan öň ýaňlanyp gelýär. “UEFA” guramasynyň resmi üç sany dilleri bar, olar: iňlis, fransuz we nemes dilleri bolup durýar. Senanyň sözlemleri hem bir wagtyň özünde bu üç dilden ybaratdyr. Çempionlar ligasynyň senasy dürli formatlarda ulanyp boljak birnäçe görnüşleri bar we onuň doly görnüşi üç minut töweregi dowam edýär.

Çempionlar ligasynyň senasynyň taryhy…

Futbol resmi taýdan ýok wagty abraýly çempionatyň senasy 1727-nji ýylda peýda bolupdyr. Aýdymyň özi Georg II-niň täç geýdirilmegi mynasybetli ýazylan sena bolup durýar. Çempionlar ligasynyň senasynyň sözlerini bolsa iňlis kompozitory Toni Britten ýazypdyr. Toni korollyk sazçylyk kollejini tamamlapdyr. Ol bu sazyň soň meşhur boljakdygyna garaşmaýardy. Elbetde kompozitoryň futbola gyzyklanmasy bolupdyr, emma ol regbi sport oýnuny has gowy görýän eken.

 

Türk futbolçylary Ýewropa çempionatyna Türkiýede we Germaniýada taýýarlanar

 

Ýene-de okaň

Mergen Orazow bilen Roberto Martinez duşuşdy

Ata Watan Eserleri

20 ýyldan soňra ýene-de Lihtenşteýni ýeňdi

Ronaldonyň täze rekordy: 900 gol geçiren ilkinji futbolçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Ispaniýada taýýarlyk görýär

Arkadag topary: 20 duşuşyk 20 ýeňiş bilen taryhy rekord goýdy

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlary başlaýar