BIZNES

Türkmen pomidorlary Wenanyň bazarynda

Türkmenistanda öndürilen pomidorlar Ýewropanyň merkezinde satylyp başlandy. Ýurdumyzyň “Halal Dogan” hususy kärhanasyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Awstriýanyň Wena şäherindäki wekilhanasynyň goldaw bermeginde öz öndüren pomidorlaryny Wenanyň bazaryna çykardy. Bu barada “orient.tm”  internet neşiri habar berýär.

Saýlanan türkmen pomidorlarynyň ilkinji tapgyry Wena lomaý bazaryna geldi we önümler degişli gümrük düzgünlerinden geçenden soň derrew Awstriýadaky söwda nokatlarynyň arasynda paýlandy.

Döwrebap ýyladyşhana toplumlarynda ösdürilip ýetişdirilen türkmen pomidorlary Ýewropanyň ähli kadalaryna we ülňülerine laýyk gelýär we olaryň goşmaça täsin artykmaçlygy türkmeniň keremli topragynyň güneşli howasydyr. Wagtynda eltip bermek we başarnykly gaplamak, Türkmenistandan Awstriýa ýokary hilli önümiň eksportunyň amala aşyrylmagynda gazanylan üstünliginiň açary boldy.

“Halal Dogan” hususy kärhanasynyň Awstriýanyň tarapyndan hyzmatdaşy hökmünde “Turop Konsalt” kompaniýasy çykyş etdi. Awstriýanyň kompaniýasy geljekde hem türkmen işewürleri bilen hyzmatdaşlyk edip, türkmen pomidorlarynyň Ýewropa bazaryna eksportunyň artdyrylmagyna goşant goşmakçy. Ýewropa bazarynda türkmen pomidorlaryna bolan islegiň ýokarlanýandygy bellenilýär.

 

Türkmen talyplarynyň taýýarlan programmasy Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň işini döwrebaplaşdyrdy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar