SIZDEN GELENLER

Şetdaly agajy  

 Şetdalynyň ösdürilip ýetişdirilýän ýurtlary Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan, Demirgazyk Kawkaz, Moldowa. Özbegistanda şetdaly has köp meýdanda ösdürilip ýetişdirilýär. Şetdalynyň 6 sany görnüşi bolup, esasylary: adaty şetdaly (P. vulgaris Mill.) we Fergana şetdalysy (P. ferganensis Kov.) biziň ýurdumyzda, Özbegistanda we Täjigistanda ösdürilip ýetişdirilýär. Şetdalynyň medeni sortlary adaty şetdaly görnüşlerinden gelip çykypdyr, ýöne ýabany görnüşde duş gelmeýär. Agaç we seýrek gyrymsy ösümlik görnüşinde bolup, 7-8 metre çenli boýy bolýar. Tekiz meýdanda 10-30 ýyl, daglyk ýerde 50-80 ýyl ýaşaýar. Nahallary oturdylandan soň 2-3 ýyldan hasyl berip başlaýar, 5-6 ýyldan soň hasyllylygy has ýokarlanýar we gektardan 500-600 sentner ýokary hil görkezijili miwelerini getirýär. Şetdaly çalt ösýän, birinji ösüş ýylynda güýçli ösýän baldaklary we gysga ösüşi bilen tapawutlanýar. Bir ýyllyk baldaklaryndan we 2-3 ýaşly topbak ýerleşen hasyl getiriji şahajyklaryndan miwe getirýär. Köp mukdarda (20-30%) miwe düwünçeklerini saklaýar. Ýagtylygy we ýylylygy köp talap edýär, gurakçylyga aram çydamly, ýöne gyş sowuga durnuksyzdyr. Şetdalynyň has sowuga çydamly sortlary -28 0 C-da hem sowuk urman saklanýar. Pyntyklaryny -22-23 0 C-da sowuk urýar, gülleri-5 0 C sowuga çydamlydyr. Ýeňil topragy talap edýär, agyr toprakda gommoz (şire akma) keseli bilen keselleýär. Gülleri iki jynsly, miweleriniň daşy mahmal ýaly tüýjümek ýa-da ýalaňaç (nektarinler), süýji tagamly, uzak aralyga daşamaga ýaramly. Miwelerinde 6-15% süýjüler, 0,08-1,02% turşular, 1,26% askorbin turşulary, reňkleýjiler, dubil we aromatik maddalar saklanýar. Bu bolsa şetdaly miwesine özboluşly tagam we bejeriş-berhizlik aýratynlyklaryny berýär.

 

Arazgeldiýewa Gülzada,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

 

Iň köp ulanylýan parollar

 

 

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk