Halkymyzyň gadymy-medeni mirasyny saklamakda giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet ähmiýetli möhüm işleriniň biridir.Şol ugurda alnyp barylýan özgertmeler türkmen alabaýlaryň tohumçylyk işiniň has-da ösdürilmegini hem-de kämilleşdirilmegi nazara alynýar.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz türkmen alabaýlarynyň dünýädäki at abraýyny artdyrmak, türkmeniň milli itşynaslygyny ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, 25-nji fewralda Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakyndaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ol her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde geçiriler.
Ýurdumyzda her ýylda ahalteke bedewleriň halkara gözellik bäsleşigini geçirmek asylly däbe öwrülişi ýaly. Şunuň bilen bilelikde , Türkmen alabaýlaryň başarnygyny, özboluşly häsiýetlerini we aýratynlyklaryny açyp görkezýän halkara bäsleşigiň geçirilmegi hem-de onuň ýeňijisine “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” derejäniň berilmegi diýseň buýsandyryjydyr. 2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda hoşallyk konferensiýasy geçirildi.
Maslahata gelenler asylly däplere, milli mirasa hormat goýmagyň hem-de wepalylygyň özboluşly nyşanyna öwrülen gadymy alabaý itlerini gorap saklamak we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin milli Liderimize özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar.
ÇARYÝEW ÝAZMUHAMMET,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby