DÜNÝÄ

GECF :”Mawy altyn” iň köp sarp edilýän energiýa serişdesi bolar

Tebigy gaz ýakyn geljekde dünýäde iň köp sarp edilýän energiýa serişdesi bolar. Bu barada Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň( GECF) her ýyl neşir edilýän “GECF Global Gas Outlook 2050” maglumatnamasynyň täze goýberlişinde aýdylýar. 2021-nji ýylyň 24-nji fewralynda Kataryň paýtagtynda “GECF Global Gas Outlook 2050” maglumatnamasynyň 5-nji goýberilişiniň online tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Forumyň Halkara işler  we jemgyýetçilik gatnaşyklar ofisi tarapyndan “Atavatan Türkmenistan”  halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna iberilen magluamatnamada bellenişine görä, häzirki döwürde dünýäde sarp edilýän energiýa serişdeleriniň arasynda tebigy gazyň paýy 23 göterim bolsa, bu görkezijiniň 2050-nji ýylda 28 göterime çenli çykmagyna garaşylýar. Şol döwürde nebitiň paýy 32 göterimden 27 göterime, kömrüň paýy bolsa 26 göterimden 16 göterime çenli peselmegine garaşylýar. Bu bolsa, 2050-nji ýyla çenli tebigy gazyň dünýäniň iň köp sarp edilýän energiýa serişdesi boljakdygyny görkezýär.

Maglumatnamada bellenişine görä, 2050-nji ýyla çenli global gaz önümçiliginiň 1 trillion 933 milliard kubmetre çenli artmagyna garaşylýar. Şonda, Ýewraziýa sebitiniň artýan gaz önümçiligi 366 milliard kubmetre barabar artsa gerek. Başgaça aýdanymyzda şol döwre çenli dünýäde artýan önümçiligiň 19 göterimi bu sebitiň paýyna degişli bolar.

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň( GECF) çaklamalaryna görä, şol döwürde goşmaça artyşlary hem hasaba alanyňda dünýäde öndürilýän “mawy altynyň” jemi möçberiniň  5,9 trillion kubmetre barabar bolmagyna  garaşylýar. Bu önümçiligiň 1 trillion 286 milliard kubmetri Ýewraziýa sebitinde öndüriler. Şeýlelikde, 2050-nji ýylda dünýäde öndürilýän tebigy gazyň 21,7 göterimi bu sebitde öndüriler. Bu sebitdäki önümçiligiň uly bölegi bolsa Russiýa we Türkmenistan tarapyndan üpjün ediler. “Mawy altynyň” ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan şonda esasy energiýa ýurdy hökmünde global gaz bazaryndaky öz ornyny berkitýär.

Maglumatnamada global gaz bazarynyň 2050-nji ýyla çenli döwür üçin başgada birnäçe çaklamalar bar bolup, biz ýakyn gelejekde bu maglumantnamany has içgin seljermegi meýilleşdirýäris.

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy( GECF)  2008-nji ýylda döredilen halkara hökümetara guramasy bolup, öz, düzüminde tebigy gazy eksport etmekde dünýäde öňdebaryjy ýurtlary birleşdirýär.  2020-nji ýylyň dekabr aýyndaky maglumatlara görä 11 döwlet: Alžir, Boliwiýa, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidad we Tobago, Ekwotarial Gwineýa bu guramanyň agzalarydyr. 8 ýurt: Angola, Azerbaýjan, Yrak, Gazagystan, Malaziýa, Norwegiýa, Oman we Peru synçy derejesine eýe bolup durýarlar.

Dünýä gaz gorlarynyň 70-e golaý göterimi, gaz önümçiliginiň 40 göterimden gowragy, turbageçirijileriň 52  göterimi we suwuklandyrylan tebigy gazyň söwdasynyň  51 göterimi gazy eksport ediji ýurtlaryň Forumynyň paýyna düşýär.

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär