SIZDEN GELENLER

Üzümiň ösdürilip ýetişdirilişi we onuň peýdasy

Üzümiň häzirki wagtda 350-ä golaý görnüşi bellidir. Dünýä boýunça her ýylda 77 518 398 tonna üzüm öndürilýär. Hytaý Halk respublikasy, Italiýa, ABŞ we Fransiýa ýaly ýurtlar üzüm öndürmek boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýär.

Ýurdumyzyň klimat şertlerinde halyly, gelinbarmak, gözel gara, gyzyl kişmiş, gara kişmiş, terbaş, gürgoýy, riş baba ýaly görnüşleri giňden ösdürilip ýetişdirilýär.

Üzümi çybygyndan, ýere gömmek we kesmek arkaly köpeltmek (wegetatiw köpeltmek) häzirki wagtda giňden ýaýrandyr we az harajat talap edýändir. Çybygyny gömmek arkaly köpeltmek howanyň gurak bolmadyk we onuň temperaturasynyň üýtgemeýän wagtlarynda – tomus we güýz pasyllarynyň ilkinji günlerinde geçirmek amatlydyr. Kadaly temperaturanyň bolmagy üzümiň ýere gömülen pyntyklaryndan kökjagazlaryň çaltlyk bilen çykmagyna getirýär. Ýere gömülip, gapdal ýanyndan çykarylan çybykda ene üzümiň ähli häsiýetleri saklanyp galýar.

Bu usul bilen köpeldilende üzümiň gowy kök tutmagy üçin toprak onuň talap edişi ýaly çyglandyrmalydyr we goşmaça iýmit maddalary bilen baýlaşdyrmalydyr.

Çybyk bilen köpeldilende ýokary hilli hasyl almak üçin üzüm çybyklaryny dogry kesip almaly. Onuň üçin üzümi ilki bilen arassalamaly – ýapraklaryny we onuň murtjagazlaryny aýyrmaly hem-de 4-5 pyntykdan ybarat bolan üzüm çybyklaryny kesip almaly.

Kesilip alnan çybyklar desse edilip, daňylyp goýulýar we üzümiň haýsy görnüşine degişlidigi baradaky bellikler edilýär. Soňra olar mart aýynyň başyna çenli gömülip goýulyp, ýygy-ýygydan suw berilýär. Onuň maksady bolsa geljekde ýaş nahalyň gowy köklemegi hem-de ýokary derejede hasyl bermegi üçin şineletmekdir. Şine emele gelenden soňra mart aýynyň başlaryna gömülip goýlan çybyklar alnyp, ýörite keşlere, 4-5 sm aradaşlykda hem-de 3-4 boguny ýeriň aşagyna gömmek arkaly ekilip, olara suw tutulýar. Ýeriň ýüzüne üzüm çybygynyň 1-2 bogunynyň çykmagy ýeterlikdir. Ýaş üzüm nahaljyklary 1 ýylyň dowamynda olaryň köpeldilýän ýerinde ideg edilip, 1 ýyldan soňra bolsa olaryň hemişelik oturdyljak ýerlerine göçürilýär.

Üzüm nahaljyklaryny 2 metr aradaşlykda ekilip, olara kadaly ýagdaýda agrotehniki sürüm işlerini we beýleki bejergileri geçirmek üçin iki setiriň aralygyny 3-4 metr edip ekmeli.

Üzüm ösdürilip ýetişdirilende, ony zyýanly mör-möjeklerden goramak zerurdyr.

Hasyl berýän üzüm agaçlaryna häzirki döwürde ýokary derejede agrotehniki çäreler geçirilýär. Olary timarlamak, düýbüni ýumşutmak we sürüm işlerini netijeli alyp barmak boýunça gyzgalaňly möwsüm dowam edýär.

Üzümiň adam saglygy üçin peýdasy örän uludyr. Ol diňe terligine iýilmän eýsem ondan ýokary hilli kişmiş, toşap, mürepbe taýýarlanylýar. Miweleriň ortaça 65-80 göterimini suw tutýar. Onuň düzüminde glýukoza, fruktoza, sahoroza ýaly uglewodlar, 80 göterime çenli suw, organiki turşular, pektinler bar. Miwelerinde kaliý, kalsiý, natriý, magniý, demir, margenes, alýuminiý, fosfor, kremniý ýaly mineral maddalar we mikroelementler, B, C, P, PP toparynyň witaminleri, fermentler saklanýar. Mundan başga-da, üzümiň örän güýçli antiseptiki täsiri bar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, ganazlygy, käbir ýürek-damar kesellerini, dem alyş ýollarynyň sowuklamasyny, bogun agyrysyny üzüm bilen bejermek mümkin.

 

Maýsagül Çaryýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti