Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman diňe ýolda däl, umuman beýle adamlaryň sany köp bolmasa hem käbirlerimiziň goňşularymyz,garyndaşlarymyz bar. Geliň eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen aragatnaşyk saklamagy öwreneliň!
Günimizde eşitme ukybyny ýitiren adamlar bilen aragatnaşyk saklama usullary giňelýär. Şeýlelikde, “olar bilen nähili aragatnaşyk saklanar” diýen, sorag ýüze çykýar. Belki käbirlerimiz ony goşmaça öwrenmäge gyzyklanýandyrys. Ilki bilen adam gulagynyň belli sesleri, aragatnaşykdaky sesleri (gürleşmeleri) eşitme ukyby bar. Gulagyň duýma işiniň ýerini ýetirilmeýän halyna “Eşitme ýitgisi” diýilýär.
Käbir adamlar ömründe 5 duýgy organynyň ählisine eýe bolup bilmeýär. Kähalatda ýaşan ynjalyksyzlyklary sebäpli ker, dilsiz bolýarlar.Munuň üçin beden dilini ulanýarlar. Eşitmeýän ýa-da juda pes eşidýän käbir adam, dodak okap (adam dodagyna seredip näme diýýänini anyklamak) ýa-da elleri bilen aragatnaşyk saklaýarlar.
Bulardan el bilen gatnaşyk saklamak has köp ulanylýar. El bilen düşünişmek, adatça barmaklar bilen düşünişmegi hem-de yşarat dilini aňladýar. Barmaklar bilen düşünişmekde her bir barmagyň hereketi elipbiýdäki her bir harpy aňladýar.Yşarat dili, edil gürleşme dili ýaly dünýäniň her ýerinde, şol bir baýlykda (görnüşde) ulanylýar. Kerler, barmak arkaly düşünişmäni we yşarat dilini bilýän adamlar bilen aragatnaşyk ýoluny gurýarlar.
Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar üçin elipbiý belki bizi gyzyklandyrýandyr.Elipbiý dünýä möçberinde şeýle kabul edilen:
Alymlaryň aýtmalaryna görä eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen aragatnaşyk edilende üns bermeli zatlar:
- Lal biri bilen gürleşip başlanyňyzda, özi bilen gürleşýändigiňizi oňa duýduryň. Ýagdaýa görä eliňiz bilen yşarat edip bilersiňiz ýa-da egnine ýuwaşjadan degip bilersiňiz.
- Gürleşip duran wagtyňyzda şol kişiniň nähili aragatnaşyk gurmagy gowy bilýändigine düşünjek boluň. Mysal üçin:yşarat dili,ýazgyda ýa-da dodak okamasy bolup biler. Eger-de düşünip bilmeseňiz onuň aragatnaşyk gurma görnüşine düşünip bilmeýändigiňizi aýdyň ýagny elleriniň bilen ýoklugy bildiriň.
- Sessiz we ýagty ýer lal adamlar bilen düşünişmekde amatly. Eger-de yşyk ýanyp duran otagda arkaňyz bilen yşygy ýapyp dursaňyz, garşyňyzdaky adamyň gözüni gamaşdyryp onuň dodak okamagyna päsgel berip bilersiňiz.
- Kişiniň düşünmeýän sözlerini gaýtalajak bolmaň, bu sözleri sinonime getirip başga manyda aýtmagy deňäň. Açyk, günlük durmuşda ýygy- ýygy ulanylýan sözleri ýuwaşja aýdyň. Şeýle edeniňizde olar dodaklaryňyzy okap aňsatlyk bilen düşünip bilerler.
- Lal adamlar bilen gygyryp gürleşmegiň peýdasy ýokdur. Sebäbi olar eşitme ukybyny ýitiren adamlar.
- Eşitme ukybynyň ýitmegi birnäçe kynçylyklara getirse-de,käbir ýerlerde üstünlige getiripdir. Olaryň gözleri ýiti, düşünjeleri beýik,ys alyş ukyplary ýokary bolýar. Abraýly german sazandary Ludwing wan Bethowen iň gowy eserlerini ker bolanyndan soň döredipdir.
Belki indi gelejekde biraz bolsada lal adamlar bilen düşünişmegi öwreneris.
Begenç Mälikgulyýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyby.
Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!