SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Rus sanjymy Türkiýede öndüriler

Göni maýa goýumlaryň rus gaznasy “Sputnik V” sanjymynyň Türkiýede öndürilmegi babatda türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Bu barada rus we türk metbugat gulluklary habar berýär.

Şoňa laýyklykda, sanjymyň öndürilmegi üçin tehnologiýalaryň üpjün edilmegi ýola goýuldy.

Göni maýa goýumlaryň rus gaznasy (GMRG) bu ugurda türk kompaniýasy bilen gazanylan ylalaşygy “Sputnik V” rus sanjymynyň daşary ýurt bazarlarynda giňden wagyz edilmegi hem-de tanyşdyrylmagy wezipeleri esasynda alyp barýar.

Rus sanjymynyň millionlarça dozasyny öndürmek mümkinçiliginiň bardygy, geljekde bu önümçiligiň geriminiň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Rus sanjymynyň hem Türkiýäniň içerki bazaryny üpjün edilmegi hem-de başga ýurtlara hem iberilmegi meýilleşdirilýär.

Adamyň adenowirus ugrunyň içgin öwrenilen platformasynyň esasynda döredilen hem-de degişli barlaglardan geçen «Sputnik V» serişdesi Russiýa bilen bir hatarda Belarusda, Argentinada, Birleşen Arap Emirliklerinde, Wengriýada, Serbiýada, Boliwiýada, Alžirde, Palestinada, Wenesuelada, Paragwaýda we Türkmenistanda bellige alyndy.

Şeýle hem rus sanjymynyň Ýewropa Bileleşiginde hem bellige alynmagy babatda işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň «Sputnik V» sanjymyny Merkezi Aziýada ilkinji bolup, bellige alan ýurtdygyny hem bellemek bolar.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Garahan depe: Müňýyllyklardan aşan rowaýatlar

Özbegistanda Türkmenistanyň iri lukmançylyk klasteri tanyşdyryldy

Türkiŷede gijeki syýahat: Ŷyldyzlaryň astynda aŷlanmak

Türkmenistan bilen Hytaý çaga lukmançylygy boýunça hyzmatdaşlyk eder

“EKSPO-2025”: Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Özbegistan Aşgabatda geçiriljek halkara sergide lukmançylyk mümkinçiliklerini hödürlär