SPORT

Ronaldo hem Peleden ozdurdy

Ençeme futbol baýraklaryň eýesi portugaliýaly hüjümçi Kristiano Ronaldo, karýerasynda geçiren gollarynyň sany boýunça meşhur braziliýaly hüjümçi Peläni geçmegi başardy. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Italiýa futbol çempionatynyň 15-nji tapgyrynda “Ýuwentus” topary öz meýdançasynda “Udineze” toparyny kabul etdi. Duşuşyk 4:1 hasaby bilen ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Bu oýunda Ronaldo iki gol geçirdi we bir gezek ýardam pasyny berdi. Bu iki goluň kömegi bilen Ronaldo resmi duşuşyklarda geçirilen gollaryň sany boýunça meşhur hüjümçi, ady rowaýata öwrülen Peläni geçdi.

Golaýda asyryň oýunçysy baýragyna hem eýe bolan Ronaldonyň hasabynda jemi 758 goly bar. Bu diýmek geçen asyryň oýunçysy bolan Peläni bir pökgi bilen geçmegi başarypdyr. Bu görkezijä ýetmek üçin Ronaldo 1032 duşuşyk, Pelä bolsa 812 duşuşyk gerek bolupdyr.

Häzirki wagtda bu ugurdaky rekordy bolsa Ýozef Bisan saklap gelýär. Awstriýa we ozalky Çehoslawakiýa milli ýygyndylarda çykyş eden futbolçy 759 gezek tapawutlanmagy başarypdyr. Ronaldo ýene-de bir-iki gol geçirip, bu rekordyň täze eýesi bolar.

Golaýda argentinaly Lionel Messi hem diňe bir toparyň düzüminde geçiren gollarynyň sany boýunça Peleden öňe saýlanmagy başarypdy.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy