SIZDEN GELENLER

Bitaraplygyň gazananlary: Türkmen ykdysadyýeti ösüş ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Taryha nazar aýlasak, gysga wagtyň dowamynda Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüş babatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Esasan-da, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bazar ykdysadyýetiniň türkmen  nusgasy kemala getirildi hem-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň saýlap alan ugrunyň jemi içerki önümiň ösüş depginini, senagat önüminiň öndürilişiniň möçberlerini, daşary söwda dolanyşygyny ýokary derejede saklamaga, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarynda bahalaryň durnuklylygyny üpjün etmäge, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtamak gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna «Sanly Türkmenistan» atly Döwlet Maksatnamasyny işläp taýýarlamak babatda tabşyryk berdi. Ol Maksatnama Maglumat we Kommunikasion Tehnologiýalaryny öňe gidirmäge we şol pudagyň ýurduň IGJ-ne (Içki Jemi Girdejisine) goşandyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ýurduň ilatyň sebitlerdäki, şäherlerdäki we obalardaky gündeki durmuşynyň «sanly deňsizligi»azaltmaga gönükdirilendir. Bu Maksatnama milli ykdysadyýetiň innowasion ýoluna düşmegini tizleşdirmek, ilata ylmyň gazananlaryny talap edýän iş pudaklarynda işlemegi üçin şerleri döretmek, önümçilik tehnologiýalarynyň ösen görnüşlerini ulanmak, şeýle hem elektron resminama dolandyryş we elektron identifikasiýalaşdyryş ulgamyna geçmek maksady bilen döredilendir. Türkmenistanda telelukmançylygy, kompýuter we telekommunikasion tehnologiýalaryny ulanyp sanly infrastrukturany ösdürmäge ep-esli mümkinçilikleri bardyr, şeýle hem, uzak aradan maslahat we bilim berip  goşmaça elektron hyzmatlaryny ösdürmäge mümkinçilik bardyr.

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmegiň strategiýasy ýurdumyza ilatyň bähbidini goramaga gönükdirilen wezipeleri çözmäge giň mümkinçilik berýär. Mysal üçin, soňky ýyllarda býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk haklary, şeýle hem döwlet kömek pullary, pensiýalar, talyp haklary her ýylda yzygiderli ýokarlandyrylýar. Dogry saýlanyp alnan bu özgertmeler ýoly ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösmegini üpjün edip, onuň uzakmöhletleýin geljek üçin abadançylygyny berkidýär we ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan, Türkmenistanda kabul edilen ösüş maksatnamalary ýurdumyzyň ýakyn we uzak möhletli geljek üçin durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň, türkmen halkynyň maddy-hal ýagdaýyny belli bir maksada gönükdirip ýokarlandyrmagyň ygtybarly kepillendirmesi bolup durýar. Bu strategiki meýilnamalar halk hojalygynyň ähli pudaklaryny gurşap alan hem-de anyk netijeleri gazanmagy maksady bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri çaltlandyrmak üçin mäkäm esas bolup çykyş edýär.

Bilbil Berdiýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 halkara ykdysady gatnaşyklary

fakultetiniň talyby.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat

Dil – giň dünýägaraýşyň açary