ATAWATAN ESERLERİ

Soňky duralga

(hekaýa)

Bäş ýyl bir gapydan girip-çykan talyplar özleri üçin gadyrly bolan ýyldaşlary bilen hoşlaşanlarynda gözlerine ýaş aýladylar. Ýyldaşlarynyň arasynda ,,Leýli-Mejnun”  adyny alan Bakydyr Aýjahan üçinem aýgytlaýjy pursatlar ýetip gelipdi. Baky obasyna bardygy öýündäkileri Aýjahanlara sözaýdyjy edip ugratjakdygyny, onsuz durmuşynyň  manysynyň ýokdugyny, welaýatlary aýry bolsa-da, bagtlary üçin hossarlarynyň razy boljakdygyna  ynandyryp hoşlaşdy. Demir ýol menzilinden  uzaklaşyp barýan otlynyň aýnasyndan gol bulap barýan Aýjahan özüni dünýädäki iň bagtly ynsan hasaplady. Sebäbi ol ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlady. Indem göwün mülkiniň şasy bolan Bakyň törüni bezejek günleriniň alysda däldigini hyýal edip barşyna arzuwlar ummanyna çümdi.  Baky öýündäkilere göwün islegini aýdyp olar agyr görselerem, gudaçylyga gitmäne yrdy.  Ýöne gyzyň hossarlary  üzül-kesil özleriniň garşydygyny eýýäm başga biriniň sözüni alandyklaryny tiz arada toý boljakdygyny aýdyp olary ugratdylar. Şeýlelik bilen ýaşlaryň kalplaryndaky söýgä eýlenen arzuwlary, bir ömürlik arman boldy. Gysga wagtlyk bagty gijeňlän ykbal olaryň hersini bir kenara oklady.

**********

Duralga gelip saklanan awtobusa ýaşy kyrkdan geçiberen zenanyň münenine onuň içindäki mähelle üns bermese-de, yzrakda oturan Bakynyň näme üçindir onda gözi eglendi. Awtobusyň içinde Bakyň gapdalyndaky ýer boş bolansoň, zenan şol ýere geçip oturdy. Göwnüne bolmasa bu nätanyş zenan oňa kimidir birini  ýatlatdy. Baky bu ýaşdan soň  iliň gelnine gözini mölerdip seretmegi uslyp bilmän, ony gözüniň aşagy bilen  synlady. Içinden ,,özä ýüzi tanyş kimkä?” diýip, pikirlendi. Birdenem ,,Aýjahan” diýip seslenenini duýman galdy. Bu tanyş ses Aýjahany tok uran ýaly etdi. Az pursatlyk gözler gözlerde eglendi. Aýjahan aradan ýigrimi ýyla golaý wagt geçensoň ýüz keşbi üýtgän Bakyny gözlerinden tanady.

Ol Aýjahana seredip durşuna:

  • Ýyllar keşbiňi üýtgetse-de, gözleriň şol öňkiligi – diýdi.
  • Dogry – diýip, Aýjahan oň gepini makullady.

Ara dymyşlyk düşdi. Baky ýyllar boýy kalbynyň düýp-düýbinde gizläp gelen söýgülisiniň ýanynda oturanam bolsa, gürleşere söz tapmandy. Emma Aýjahanyň maşgala ýagdaýy barada sorasy geldi. Ýöne nähili sorajagyny bilmän:

  • Nemeee… öý içeri çagalar gurgunçylykmy! – diýip biraz ýaýdandy:
  • Şükür Hudaýa gowçylyk.
  • Çagalardan näçe boldy?
  • Bir oglum, üç gyzym bar.
  • Tüweleme!
  • Sende näçe?
  • Meň iki oglum bar, gyzym bolanda seň adyňy goýaryn diýip niýet edipdim, bolmady – diýip, degişen boldy.

Aýjahan çalaja ýylgyrdy-da:

  • Zyýany ýok agtygyňa goýarsyňda – diýdi.
  • Aý hawwala, ýoldaşyň näme kär edýär?
  • Ýoldaşym arhitektor, kakam dagy siziňkileriň sözüni alman ugradan soň

,,gowy gyz obasyndan uzaga gitmezmiş”  diýip obamyzdan söz aýdyjy gelenleriň birine durmuşa çykardy.  Nalamok söýmän maşgala guranam bolsak bagtly ýaşaýas. Ýoldaşymy işi üçin bäri ugratdylar,  Nazaram durmuşa çykanym bäri gelmänsoň,  ,,okan ýerleriňe zyýarat etseň göwnüň açylar” diýip menem özi bilen alyp gaýtdy. Bu günem möhüm duşuşygy bolansoň bile aýlanyp bilmedi, şonuň üçin talyplyk ýyllarymyz  geçen köçeleri bir synlaýyn diýip,  awtobusa mündim, gaýtam bahanada senem gördüm – diýip, ýylgyrdy.

  • Ola dogry, ýöriteläp edeýin diýseňem bolmazdy,  şunça ýyldan soň görüşeris

diýip kim pikir edipdir – diýip, Baky onuň sözüni makullady.

Awtobusyň aýnasyndan köçäniň ugrundaky seýilgähe göz aýlan Aýjahan biraz wagtdan soň:

  • Seň ykbalyň nähili boldy, ol döwürler häzirki ýaly jaňlaşaýyn diýseň

telefonam ýokdy – diýip, onuň durmuşy  bilen gyzyklandy.

  • Goňşy obadan Merjen atly gyza öýlendim.  Talyp ýyllarymdan hususy

telekeçi bolmagy, ýurt görmegi, welaýatlara aýlanmagy arzuw ederdim ýadyňa düşýärmi. Şol arzuwlarymyň yzyna düşip, telekeçem boldum, aýlandymam, işlerim gül ýaly, söýgide bagtym çüwmedigem bolsa, maşgala ýagdaýym örän gowy. Gelnim çagalarym bilen bagtly ýaşaýas.  Bu günem bärde möhüm bir mejlis boldy, şoňa gatnaşmaga gaýdypdym. Köpden bäri gelmänsoň, talyplyk ýyllarymy ýatlaýyn diýip, awtobusa münäýdim.  Barmaly ýerimem soňky duralga ýakyn  – diýip, müýnli ýylgyrdy.

  • Dogry edipsiň, menem gelmeli ýerime ýetdim – diýip, Aýjahan Baky bilen

hoşlaşdy-da, duralgada saklanan awtobusdan düşdi.

Awtobus ugransoň ädilesi gelmeýän aýaklaryna zor salyp barýan Aýjahan içini gepletdi ,,Wah garamaňlaý Aýjahan bagt nire sen nire! Aslynda meni garyndaşlyk gatnaşygymyz ýitip barýar diýip, gum obadaky uzagyrak garyndaşymyzyň ogluna berdiler. Onuň alyp barýan  üýtgeşik kärem ýok çölde çopan, oba kä mahal gelýär diýmeseň, mydama çölde mallary bilen başagaý bolup ýörendir. Çagalarym bar diýip, agyz dolduryp gürlänem boldum. Ýeke dikrarym Näzikjanam dogulanda gözi batyl bolup doguldy. Ondan soň hiç hili çagamyz bolmady. Otursam tursam gaýynym ,,Ogluma iner ýaly ogul doguryp bermediň, ýörejek ýoluny görmeýän gyzyň kime gerek,  wah oglum sen garamaňlaý sebäpli  bir ömür dünýeden  armanly boljakda” diýip iňňirdäp janymy alýar. Ýoldaşymyňam göwni menden sowuk, arzymy aýdaýyn diýsem dertdeşimem ýok, ýat illerde ýeke galdym. Bärigem ökde lukman barmyşyn diýip, gyzymyň gözüni barlagdan geçirmäne gaýtdym. Şu wagt şäher aýlanmak ýüregime-de syganok, Baky bu zatlary saňa aýdyp bilmänim üçin meni bagyşla, ýyllar boýy seň kysmatyň nähili boldyka diýip pikirlenerdim. Saňa ýalan sözlänim gowy boldy. Sebäbi sen bagtly şol bagtyňa guwanyp ýaşaýarkaň meň keç ykbalyma köýmegiň asla geregi ýok” diýip, gözlerinden syrygýan ýaşlary eliniň aýasy bilen çalaja süpürdi-de, keselhana tarap ýöneldi.

Aýjahany awtobusyň aýnasyndan gözleri bilen ugradan Baky öz ýanyndan ,,bäh şunça ýalany nädip dokap bildimkäm, bagtly maşgalasy, sylaşykly gelini, iki ogly, hususy telekeçilik işi barmyşyn…. He-e-ý Bakyjan olar ýaly zat nirede diýsene çetiräk oba mekdebinde mugallym ahyry seniň käriň,  nämä aldaýaň, çaga zar bolup barlanmadyk lukmanyň galmada, näçe ýyllap ,,senden çaga bolmaýa” diýip gelniňe azar bermediňmi, ahyram näçe barlaglardan soň  önelgesizligiňi bilensoň bar edeniňi burnuňdan getirip gelniň seň  bilen aýrylyşmadymy! Näme üçin şu zatlary  boluşy  ýaly aýdyp bilmediň?  Ýeri aýdanymda näme? Üýtgejek zat barmy! Ýigrimi ýyldan soň, bir duşubam arman bolan söýgüliňe derdiňi desterhan etjekmi?! Ýo-ok meň ykbalym oňmadygy bilen Aýjahanyňky oňupdyra, tüweleme bagtly eken! Maňa şonuň özem ýetik, goý ol meniň köýen kysmatyma gyýylyp däl-de,  ykbalynyň eçilen bagtyna guwanyp ýaşasyn! – diýip, hyýalynda öz-özi bilen gürleşip oturyşyna  soňky duralgada saklanan awtobusdan düşdi.

 

Gunça Orazowa,

 Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport

      institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri