ATAWATAN ESERLERİ

Ene

Men bu makalamyň başyny şu sözler bilen başlamak isledim.Söýgi-biziň durmuşymyzyň gözbaşydyr hemde ahyrydyr.Söýgi-bu mukaddesdir. Ýaşaýşy söýgüsiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl.Bu duýgyny ajaýyp,dürdäne sözler bilen näçe wasp etseňde azdyr.

Ynsan kalby ýylyň islendik pasly,islendik güni hem söýgiden dolup möwç alyp durýar.Käbir adamlar öz Watanyny ene topragyny birnäçe ajaýyp şygyrlardyr, eserler bilen wasp etmegi halaýar. Şeýlelik bilen Watana bolan söýgi döreýär. Şeýle hem mährem eneňe bolan söýgi, dost-ýaryňa, maşgalaňa, wepaly söwer ýaryňa bolan söýgide bar.Emma söýgi diýlende Ýer ýüzündäki ynsanlaryň aglaba bölegi ene söýgüsine düşünýär.Çünki ene dünýädäki iň mukaddes ynsandyr.Ynsanyň dünýä gelip, ilkinji aýdýan sözi hem enedir.Enä bolan söýgi öçmejek söýgüdir.Ol bakylykdyr.Bu mukaddes ene sözi üç harplygyna garamazdan bütin dünýäniň manysyny özünde jemläp biljek güýje eýedir. Enelerimiziň nurana keşbi ynsanlaryň kalbyny ýyladýar. Türkmen halkymyzda hem enelere uly hormat goýulýar.Çaga eneden päkligi,halallygy öwrenýär. Eziz eneler her bir türkmen öýüniň arzymany, bezegidir.Bu ynsanlar kalbyndaky mähri, söýgüsi bilen gyşy ýaza döndürýär. Eneler biziň ilkinji mugallymymyz, öwüt-ündew berýän, söýgüsi, soňsuz yhlasy bilen ýüregimize giren mähribanlarymyzdyr. Enelere bolan söýgini wasp etmek islendik ýaşdaky ynsanlar üçin ýakymly.Şonuň üçin hem eneleri wasp edýän setirler soňsuzdyr.Emma ol ajaýyp setirler eneleriň perzendine bolan söýgüsiniň ýanynda ejiz gelýär.Dil biteninden tä ömrümiziň soňuna çenli kiçi bol,uly bol,tapawudy ýok,diňe şol sözi gaýtalaýarys.Begensegem,gynansagam aklymyza ilki bilen käbämiziň ady gelýär.Çünki biz mährem eneleriň söýgüsi astynda ulaldyk ahyry. Käbelerimiziň söýgüsi bu soňsuz umman ýalydyr.

Ene hüwdüsini diňläp ulalan çaga näçe wagt geçse-de, ýenede şol mähriban gujagy, jadylaýjy hüwdüni küýseýär.Çünki eneleriň jadylaýjy hüwdüsi,mährem gujagy perzentlerini özüne maýyl edýär.Mähriban eneler perzentlerini mähirden doly söýgi bilen ulaldýarlar. Ömrüniň köp bölegini perzentleri barada aladalanyp geçirýän käbeleriň iň uly arzuwy çagalarynyň bagtly ýaşamagy,ýakynlaryna wepaly bolmagydyr.Enesiniň şol arzuwyny ýerine ýetirip bilen perzent ene-atasynyň başyny göge direýändir.Ene-atasyny begendiren perzendiň işi elmydama şowna bolýandyr.Mähriban eneler hemişe perzendiniň ýagşy günlerine şaýat bolasy gelýär.Ene çagasynyň ýalňyşyny düzedip, oňa dogry öwüt-ündew berýär, perzendini dogry ýoldan gitmäge gönükdirýär.Bu dünýädäki hiç bir gudrat mähriban eneleriň gudratyna taý gelip bilmez.Sebäbi mähriban eneler gudratly elleri bilen,mähirli gözleri, mylaýym sözleri bilen entek aga-gara düşünmeýän çagany kemala getirýärler.Biziň ýeten üstünliklerimiz hem gözbaşyny ene söýgüsinden alyp gaýdýar.Eneler şol gudraty bilen garaňky gijäni hem ýagtyltmaga ukyplydyrlar. Ene dünýäniň iň mährem ynsanydyr.Onuň päk mährine taý tapmak megerem mümkin däl bolsa gerek.Ene şeýle bir beýik ynsan, ol öz çagasynyň içki duýgusyny ýüzüne seredenden bilip bilýär.Onuň gamyny,şatlygyny, gaýgy-gussasyny deň paýlaşyp oňa ýol görkezip bilýär.Tebigat gözelliklerini biziň ählimiz mukaddes enelerimizden öwrenýäris.Çünki bahar paslynda açylan bägül eneleriň ýüregine,bilbilleriň ajaýyp owazy şol mylaýym hüwdä, daň säher dogup gelýän güneşiň nury eneleriň mähir doly gözlerine çalymdaş.Kümüş saçly enelere seredeniňde olaryň ýüzlerindäki ýygyrtlaryň her birinden bir wakany okap bolýar.Gözleriniň mähir nury uçganaklaýar.Olar köp zady başdan geçiren eneler.Şonuň üçinem bir iş edeniňde enelere maslahat salsaň hiç wagt ýalňyşmaýaň.Enäni onuň mährini hiç bir zada deňäp bolmaýan bolsa gerek.Ýekeje pursady enesiz göz öňüne getirip görüň hiç hili manysy ýok.Diýmek eneler bu dünýäniň manysyny özünde jemlän.

Ejem meniň kalbymda müdimilik ýaşajak ynsandyr.Öz mähribanyňyzy ýitirmänkäňiz onuň gujagyna doluň.Oňa söýýänligiňizi aýdyň.Hiç haçan gözüne ýaş aýlatmaň. Elmydama ýylgyrdyň.Mydama onuň gadryny bilip ýaşaň.Eziz enelerimizi ynjytmalyň,olary hemişe söýüp heme-de hormatlap ýaşalyň.Maşgala gymmatlygy bolup oturan käbelerimiziň jany sag, ömri uzak bolsun.Eneler beýikdir,belentdir,gahrymandyr,dünýäniň göwher gaşy-mähek daşydyr.

 

                                   Mährem Annamyradow,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri