ATAWATAN ESERLERİ

Gül

  Söýgi diýenimizde aklymyza gelýän iñ esasy zatlaryñ biri bir zady gowy görüp, onuñ özümiziñki bolmagyny isläp oña eýe çykmak ýaly düşünjeler geler aklymyza. Bu bolsa ynsanyñ duýgularynda bolan isleglerden başlanýarmyka diýýäris. Belki-de bu isleglerdir ynsany ýaşamaga umyt bagladýan. Beýik alymlaryñ aýtmagyna görä “Dünýä söýginiñ üstünde gurulupdyr”. Geliñ bir pikirlenip göreliñ.  Durmuşymyzda  “Söýgini” göz öñümizde janlandyralyñ. Ene-atamyza bolan söýgi, dogan-jigimize bolan söýgi,  Watana bolan söýgi, dost-ýara bolan söýgi, beýik alymlara bolan söýgi, ýerine ýetiren işiñe bolan söýgi, söýgi, söýgi, söýgi… asyl biziñ ýaşaýşymyz söýgä bagly eken. Durmuşymyzy, söýmek bilen, söýgimizi añdyrmak bilen we söýülýändigimizi añmak bilen has-da gyzyklandyryp bilýaris. Söýgimiz; özümizi alyp barşymyzda, hereketlerimizde, ýüzlenmelerimizden başlap dürli gatnaşyklarymyzda özüni belli eder. Mysal üçin gowy görýän mugallymymyzyñ ýanyna gitmek, gürrüñdeş bolmak, öýümize gidenimizde oñat bahalar bilen gidip, olary begendirjek hereketlerde bolmak nähili göwnümize ýaraýan bolsa, bir işi edýärkäk lezzet alýan bolsak, ynanyñ köñlümiz söýgi bilen dolup-daşýar diýmekdir.

Segsen ýaşlaryndaky är-aýalyň ýagdaýy örän gözgynydy. Adamyň özdiýenli bakyşlary sessiz, enäniň aglamakdan içine çöken gözleri bir-birlerine seredýärdi.

Kazy agaç çekijini stola urup galmagaly  goýdurdy. Ilki sözi Garry enä berdi:

– Aýdyber, daýza, näme üçin aýrylyşmak isleýärsiňiz?

Garry ene uludan demini aldy, başyndaky öýmesini agzyna eltip ardynjyrady-da söze başlady.

– Bu adamdan hunaba ýutmaga indi men çydam edip bilemok. Elli ýyldan bäri durmuşymy zäher etdi.

Soňra kazyýetiň zaly dym-dyrslyk boldy. Bir fotoaparatyň sesi bilen sessizlik bozuldy. Çünki zalda birnäçe gazetçi we suratçy bardy. Her kim öz gazetinde bu wakany nähili ýazarlarka?

Garry aýalyň gözleri doldy we ýene-de söze başlady.

– Biziň bir gülümiz bardy, ony örän eý görerdim. Ol bilýän däldir. Elli ýyl öň bolupdy. Ol güli maňa berlen gülleriň arasyndan saýlap aldym. Çagamyz bolmady. Ony çagam bilip ulaltdym, çagam ýaly söýdüm. Ýöne birnäçe wagtdan soňra gülüm gurap başlady. Gije suwlasaň guramaz diýdiler. Her gije turup oňa suw bererin diýip şol wagt özüme söz berdim. Ondan bäri elli ýyl geçdi emma bu adam turup yekeje gezek men suwlaýyn diýmedi. Şeýle adam bilen elli ýyl geçirdim. Men oňa ömrümi, umydymy berdim. Ol bolsa maňa hiç zat bermedi. Ondan aýry ýaşasam müň esse gowy bolar.

Kazy Garry adama garap:

– Ýeri, ýaşuly, aýtjak zadyň barmy?- diýdi.

Garry adam günäkärlenendigi üçin utanç duýýardy, çekinjeňlik bilen söze başlady.

Ýaşlygymda bir köşküň bakjasynda bagban bolup işleýardim.  Aýalymy-da, gülleri-de şol ýerde tanadym. Oňa çemen bogup ýüzlerçe gezek iberdim.  O güllerden bakjasy-da doludyr. Ysyny örän gowy görerdim. Öýlenenimizden birnäçe gün soňra aýalymyň boýny agyrýanlygy üçin lukmana äkitdim. Lukman, uzyn wagtlap ýatsa, boýnundaky hassalygy beterleşer, her gije ýarysynda turup biraz gezmelemeli diýipdi. Aýalym lukmany diňläp durmady. Ol günler gülümiz-de gurap başlady. Gije suwlasaň gowy bolar diýdim. Söz berdirdim. Her gije tuzurdym. Aýalyma we çagasy ýaly gowy görýän gülüne serederdim. Her gije aýalym ýatansoň men turup, gülli wazonyň suwyny dökdüm. Sebäbi ol gül gije suwy halamaýar.  Muny diňe aýalym her gije turup gezmelemegi üçin etdim… Indem garrylyk-da… Geçen gije turup bilmändirin, tuzuryp-da bilmedim. Gül suwsuz oňup bilerdi. Ýöne her gije turmasa aýalymyň boýny beterleşerdi.  Günäkärlendim ýöne sesimi çykarmadym.

Çyn söýgi ten islegleriniň däl, ruhuň islegleriniň kanagatlandyrylmagyna mätäçdir.

Söýgüni wagt bilen syna!

 

 

Merettäç Sopyýewa, 

Balkanabat şäheriniň  1-nji orta mekdebiniň taryh  mugallymy

 

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  «Apple» dükanlary gaýtadan açylýar
Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri