…Ýokary okuw mekdebini tamamlan Mähri öz ugry boýunça işe başlady. Mähri orta mekdepde okaýan döwürleri hem göreldeli okuwçylaryň hataryndady. Ýokary okuw mekdebiniň talybyka hem olimpiadalara, dürli bäsleşiklere gatnaşyp ezberlikde öňüne hiç kimi geçirenokdy. Kakasynyň kiçijekkä aradan çykmagy bilen ejesi çagalaryny hem eje hem kaka bolup terbiýeläp ýetişdirip, il hataryna goşdy. Sadadan mähirli, sypaýy Mährä gelýän sözaýdyjylaryň yzy üzülenokdy. Ýöne Mähri hiç göwnündäkä duşanokdy…
Täze iş ýerinde işläp başlanyna üç aýdan gowrak wagt geçdi. Mähri işdeşleri bilen täze işi bilenem öwrenişdi. Bir gün işde ullakan bir guty iş kagyzlaryny goluna sygman zordan göterip getirýärka tejribelik geçmäge gelen oglan derrew Mähriniň ýanyna bardyda: “Mümkin bolsa özüm götereýin” diýip, kagyzly gutyny elinden aldy. Mähri bolsa oglana sag bolsun aýtdy-da öz işleri bilen boldy. Hat-da oglanyň kirpikmen gözleriniň özünde galandygynyda duýmady. Şol günden soň talyp ýigit her gün diýen ýaly Mähriniň öňünden çykýardy. Mähri bolsa salam diýip baş atýardy-da deňinden geçip gidýärdi. Şeýdip günler yzly-yzyna kerwen gurap geçip durdy. Talyp ýigit ýokary okuw jaýyny tamamlady, ol uçurym dabarasyndan çykan badyna Mähriniň ýanyna geldi. Öz işine gümra bolup oturan gyz ýigidiň gelendigini-de duýmady. Görse-de kän üns bermedi. Bälçikligi bilen göwün göteriji sözleri aýdyp degişýän şadyýan ýigit özüne üns berdirmegi başardy. Alçak ýigide Mähriniň hem syny oturyp başlady. Kalbynda düşnüksiz duýgular peýda boldy. Üns bermejek bolsa-da ýigit baradaky pikirler gyzy öz gününe goýmady. Öz içki dünýäsine berlip öz-özi bilen gürleşmäni tapyndy. Şol günlerden kän wagt geçmänkä ýigit Mähriniň iş bölümine geldi. Mähri onuň adynyň kimdigini, nirä işe ýollanandygynam bilenokdy.
Täze harby lybasyny geýip gelen ýigidiň döşündäki ýazgysyndan familiýasyny gördü-de, gyz ýylgyrdy. Adyny bilmese-de familiýasyny bilendigine öz ýanyndan begendi. Ýigit hem ýylgyrdy-da bir Mährä birem döşündäki ýazga nazar aýlady-da familiýasyny aýtdy. Ine bir gün hem gyzyň el telefonyna nätanyş belgiden jaň geldi. El telefonyna birnäçe wagt seredip duran Mähri telefonynyň ýaşyl düwmesini basdy. Telefonyň aňyrsyndan gelýän sesi öň hem bir ýerde eşiden ýaly doňup duran gyz birden özüne geldi-de, jogap bermäge başlady. Jaň edýän şol talyp ýigitdi. Mährini ilki gören güni gowy görendigini we başgada köp zatlar aýdyşdyrdy…
… Ýigidiň hem ykbalynyň öz ykbalynyňky bilen meňzeş bolmagy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Ykbalyň bu ýaş juwanlary duşurmagy tötänlik däldi. Ikisiniň geljekde bir edarada işlemegi bolsa Mähridir Kemaly diýseň begendirdi. Kemalyň päk söýgüsine Mähri hem söýgi bilen jogap berdi.
Kemal her gün ir bilen edaranyň girelgesinde Mähri gelýänçä garaşyp durýardy. Mähri gelenden soň bolsa ikisi bileje ýöräp hersi öz iş otaglaryna tarap gidýärdiler. Bileje ýöräp işe gelýän bu ýaş juwanlary daşyndan gören her bir adam guwanýardy. Ýöne göz boldumy, dil boldumy günleriň birinde ýaşlaryň arasyna sowuklyk düşdi, oturyberdi…
Dynç günleriň birinde Mähri myhmançylyga gelen jorasyny ugradyp barýarka tötänden Kemalyň bir gyzy garşylap durandygyna gözi kaklyşdy. Kemal gyzyň goş-golamlaryny göterşip, awtoulaga tarap ugrady. Bu ýagdaýy synlap duran Mähri Kemala jaň etjegini-de, etmejegini-de bilmän alasarmyk ýagdaýda galdy. Uzak gije pikirlenmekden, gynanmakdan gül meňzi solan Mähriniň ukusyzlykdan gabaklary ýellenip durdy. Irden işe baranynda girelgäniň agzynda garaşyp duran Kemala seretmedem, hamala ýok ýaly ýoluny dowam etdirdi. Kemalyň salamy jogapsyz galdy. Kemaldan gelýän üznüksiz jaňlara jogap bermän, telefonyny-da öçürip goýdy. Kemal bolsa Mähriniň näme sebäpden beýle edýändigine hiç düşünip bilenokdy. Bu wakadan soň iki aý gowurak wagt geçdi. Mähri adatdakysy ýaly iş wagty tamamlanyp işden çykypdy. Birdenem girelgäniň agzynda şol nätanyş gyzyň durandygyna gözi düşdi. Gyz salam berip Kemaly sorady. Mähri jogap berip ýetişmänkä, bir ýerden Kemalyň özi hem geldi. Ikisi salamlaşyp hal-ahwal soraşdylar. Mähri ikisiniň deňesinden geçip barýarka Kemalyň: “Jigim okuwlaram gowumy, sag aman tamamlap geldiňmi?” diýen sözlerine Mähri ol gyzyň Kemalyň jigisidigine düşünip utandy. Nädip Kemaldan ötünç sorajagynyň bilmän, birnäçe gün gezdi. Ahyry ýüregini daşa baglap, Mähriniň özi Kemala jaň etdi. Biri-birini söýen ýürekler ara düşen kiçijek säwligi ýeňip geçmegi başardylar.
Olar uzaklaşdyrman toý sähedini bellediler.
…Goşa gumry ýaly bolup Toý mekanyna girip gelýän ýaşlary gören myhmanlar ör turup ýüzlerine syldylar. Ýigidiňdir gyzyň ejesi bolsa begenç gözýaşlaryny saklap bilmediler. Toý mikrofonynda bagt arzuw edilip el çarpyşmalar boldy…
Bir ýyl wagtdan soň bularyň ogul perzendi dünýä indi. Adyna bolsa Kemalyň kiçijekkä aradan çykan kakasynyň ady goýuldy.
Mahym Begliýewa,
Ahal welaýatynyň Babadaýhan
etrabynyň ýaşaýjysy.
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!