Saud Arabystanyň ýolbaşçylyk etmeginde “G20” atly öňdebaryjy ýurtlaryň ýolbaşçylaryň sammiti 21-22-nji noýabrda onlaýn görnüşde geçiriler diýip, “G20”-niň resmi saýtynda bellenilip geçilýär. “G20” sammiti Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy Salman Ben Abdel Aziz Al Saudyň ýolbaşçylygynda geçiriler.
Bu sammitiň gün tertibine koronwirus pandemiýasy döwründe adamlaryň saglygyny gorama, ykdysady ösüşi dikeltmek babatda alnyp barylýan işler giriziler. Mundan başga-da, dermanlara, sanjymlara we diagnostika önümçiligine, paýlanyşyna we elýeterliligini üpjün etmek üçin 21 milliard dollar sarp edilendigi habar berilýär.
“G20” platformasy dünýä ykdysadyýetini goramak üçin 11 trillion dollar maýa goýum maksatnamasyny amala aşyrar.
“G20” ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň ilkinji onlaýn sammiti 26-njy martda geçirildi. Onuň çäklerinde bilelikdäki deýannama kabul edildi. Resminama laýyklykda, “G20” ýurtlary pandemiýany ýeňip geçmek üçin mümkin bolan ähli kömekleri berjekdigini mälim etdiler.
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!