“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ saýtynyň döredijilik topary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Ata Watan Eserler” döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyryny yglan edýär. Kalby ylhamdan doly halypalary hem-de ýaşlary bu döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýarys. Bäsleşige gatnaşmak isleýänleriň bäsleşigiň şertlerini içgin okamagyny haýyş edýäris.
Bilşiňiz ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ saýtynyň döredijilik topary birnäçe bäsleşikleri, ýagny ilki erkin mowzukda, soňra “Üstünlik we üstünlik gazanmagyň ýollary” atly temada, Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen bilelikde şol ýurtda bilim alýan türkmen talyplaryň gatnaşmagynda bolsa “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşiklerini gurnady. Bu bäsleşiklere köp sanly metbugat işgärleri bilen bir hatarda, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy.
Nobatdaky bäsleşigimiz bolsa “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnalýar.
“Ata Watan Eserler” döredijilik bäsleşigi Aşgabat şäherinde terjime hyzmatlaryny hödürleýän “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň we Stambul şäherinde ýerleşýän we Türkiýede bilim almak isleýän talyplara okuw maslahatlaryny we terjime hyzmatlaryny berýän “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti” türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýär.
Bu gezekki bäsleşigimiziň mowzugy hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Döredijilik toparymyz hem bäsleşigiň mowzugyny kesgitlemek üçin özara pikir alyşmalary gurnap, jemgyýetiň içinde islendik ýaşlylaryň gatnaşmak mümkinçiligini göz öňüne tutup, hemmeleriň höwes bilen çykyş edip biljek köpugurly tema bolan SÖÝGINI saýladyk.
Bäsleşigiň mowzugy: “Söýgi – durmuşyň özeni”
Söýgi — mukaddesdir. Ynsanyň töweregini gurşap alýan mukaddeslikler köp. Olaryň ilkinjisi Watandyr. Bu ajaýyp duýgy hakynda näçe wasp etseň-de bärden gaýdýar…Şeýle-de kimdir biri ýaradylyşyň başlangyjy bolan Ylahy söýgüden söhbet etmek islese, kimdir biri ene-ata, dogan-garyndaşa bolan söýgüden gürrüň berer.. Dostdan bagty çüwenler dostluk söýgüsini wasp ederler, gözellige teşne ynsanlar tebigaty söýmekden lezzet alýandyklaryny aýdarlar. Ruhubelent hem şähdaçyk adamlar bolsa ýaşaýşa bolan söýgüsiniň çäksizligini nygtarlar. Geçmişde-de, şu günde-de söwer ýara bolan söýginem sungat derejesine ýetirip, ondan bagt tapýanlaryňam az şaýady bolamzok. Eýsem bu ajaýyplyklary neneň wasp etmejek..
Bu temanyň köptaraplylygynyň siziň her biriňize galam aldyrjagyna ynanýarys.
“Üstünlik we üstünlik gazanmagyň ýollary” ady bilen geçirilen bäsleşigimize eser hödürlän awtorlaryň köpüsi, üstünlik gazanmak üçin esasy şertleriň biri hökmünde, edýän işimizi söýmelidigimizi bize ýatlatdylar. Eýsem, söýgi bolmasa eser ýazmak mümkinmi näme?!
Bu bäsleşigi gurnamak üçin hem bizi höweslendiren güýç-işimize we döredijilige bolan söýgimiz. Şeýlelikde, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ saýty bu bäsleşikde jemgyýetiň arasyndaky “söýgi köprüsi” boljakdygy bizi buýsandyrýar.
Bäsleşigiň esasy maksady – döredijilige ukyby bolan ýaşlary höweslendirmek, olaryň zehinlerini hem-de başarnyklaryny açyp görkezmekden, jemgyýetiň sanly ulgam bilen aragatnaşygyny işjeňleşdirmekden, ony peýdaly ugra gönükdirmekden ybaratdyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar “Söýgi – durmuşyň özeni” diýen köptaraply tema boýunça eserlerini (makalalaryny, oýlanmalaryny, hekaýalaryny, publisistik makalalaryny) hödürläp bilerler.
Bellik: Bäsleşige goşgy kabul edilmeýändigini ýatlatmak isleýäris.
Bäsleşigiň möhleti:
- Bäsleşikde eserler 01.09.2020ý. senesinden kabul edilip başlanýar.
- Hödürlenen çykyşlar 2020-nji ýylyň 15-nji sentýabryndan başlap, saýta ýerleşdiriler.
- Bäsleşige ugradylýan eserler 2020-nji ýylyň 20-nji noýabryna çenli (sagat 18:00) kabul edilip, 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli saýta ýerleşdiriler.
- Bäsleşigiň ýeňijileri 2020-nji ýylyň 10-njy dekabrynda yglan ediler.
- Ýeňijilere baýrak gowşurmagyň senesi goşmaça habar berler.
Bäsleşigiñ geçiş tertibi
- Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň iberen eserleri “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda çap ediler.
- Siziň iberen eserleriňiz “Atavatan Turkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň döredijilik topary tarapyndan seredilip, diňe bäsleşigiň şertlerine laýyk gelýän işler saýtda ýerleşdiriler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenleriň eserleri websahypamyza ýerleşdirilenden soňra bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanýarlar.
- Şonuň üçin gyzykly, çeper, öwredijilik häsiýetli hem-de okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekjek eserleri ibermegiňiz has maksadalaýyk bolar diýip pikir edýäris.
- Hödürlenjek eserler “Söýgi – durmuşyň özeni” mowzugyndan ýazylan bolmalydyr.
- Bäsleşige hödürlenýän işler türkmen dilinde bolup, oňa isleg bildirýän islendik ýaşly raýatlar gatnaşyp biler. Dünýäniň dürli künjegindäki ildeşlerimiziň iberjek eserlerini okamakdan lezzet alarys.
- Hödürlenjek eserler WORD görnüşinde atawataneserleri@gmail.com elektron salgysyna “Ata Watan Eserleri bäsleşigine hödürlenýär” belligi bilen iberilmeli. Awtorlar bäsleşige ýazan işlerine degişli suratlary hem iberip bilerler. Mysal üçin,awtor öz obasyna bolan söýgüsini beýan eden bolsa, şol oba degişli ajaýyp suratlary goşmagy göz öňüne tutulýar. Bellik: saýtyň talabyna laýyk gelýän suratlar ýerleşdiriler. Habarlaşmak üçin : +993 62 88 02 63
- Bäsleşige hödürlenen eseriň awtory özi baradaky maglumatlary (ady, familiýasy; öý salgysy, telefon belgisi, bar bolsaişleýän (okaýan) ýeri) takyk görkezmelidir. Eser boýunça jogapkärçilik awtora degişlidir. Awtor islese, özüniň fotosuratyny e-mail bilen iberip biler. (Bellik: awtor tarapyndan iberilen fotosurat talabalaýyk bolsa saýta ýerleşdiriler. Eger-de awtorlar suratlaryny öz maglumatynyň ýanynda ýerleşdirilmegini isleýän bolsa, onda fotosuratyny bize eser bilen bilelikde ibermegini haýyş edýäris. Awtoryň fotosuraty biziň Instagram we beýleki hasaplarymyzda hem eseri bilen bilelikde paýlaşylar).
- Her awtor bäsleşige özi tarapyndan ýazylan 1 eser bilen gatnaşyp bilýär.
- Awtoryň hödürlejek eseri 500 bilen 1000 söz aralygynda bolmalydyr. Bu çäklerden daşgary gelen eserler bäsleşige kabul edilmez. Şol sebäpli ýazan eserleriňizde söz çäklerine üns bermegiňizi haýyş edýäris.
- Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmatbahaly sowgatlar we pul baýraklar gowşurylar. Baýraklar Aşgabat şäherinde gowşurylar.
- Hödürlenen eserler internet saýtymyzda okalan sany (70 %) hem-de “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň “Instagram” jemgyýetçilik torundaky (@atavatanturkmen) “halanan” sany (30 %) boýunça ýeňijiler kesgitlener. Netijäni kesgitlemegiň şertleri barada anyk maglumatlar aşakda berilýär.
- Bäsleşikde “okalan sanynyň “ýasama” artdyrylmagynyň” öňüni almak üçin “Google Analytic” mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Haýsy-da bolsa bir eser üçin adatdan daşgary, ýagny ýasama okama sany boýunça synanşygyň ýüze çykarylan ýagdaýynda, ol eser hiç hilli duýduryş berilmezden bäsleşikden çetleşdiriler.
Ýeňijini kesgitlemegiň şerti
Ýaryşa hödürlenen eserlerden ýeňiji kesgitlenende saýtymyzdaky şol eseriň “okalan” sany 70 göterim täsir edýän bolsa, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň resmi Instagram sahypasyndaky şol eseriň “halanan” sany 30 göterim täsir edýär.
Eger “okalan sany” boýunça saýtda görünýän “okalan sany” bilen “Google Analytic” maglumatlary boýunça “okalan sany” deň gelmese, onda “Google Analytic” maglumatlary kabul ediler.
Saýtdan “okalan sany”
Saýtdan okalan sanynyň ortaça hasaplananda 10.000 gezek okalanda 100 bal bolýar. Ýagny her 100 gezek okalan sany 1 bala deň gelýär. Mysal üçin saýtymyzda bir eser 4500 gezek okalan bolsa, 4500/100=45 bal alar.
Instragram hasabyndan “halanan sany”
Instagram hasabymyzdan şol eseriň 1000 gezek “halanan sany” 100 bala deň gelýär. Ýagny, her 10 gezek “halanan” 1 bala deň gelýär. Mysal üçin, Instagram hasabymyzda bir eser 600 gezek halanan bolsa, 600/10=60 bal alar.
Mysallara ýüzleneliň:
A belgili eser saýtymyzdan 55 bal alan bolsa (ýagny 5500 gezek okalan bolsa) we Instagram hasabymyzdan 45 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 450 gezek “halanan” bolsa), onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.
=(55*70/100)+(45*30/100)=38.5+13.5=52 bal
B belgili eser saýtymyzdan 45 bal alan bolsa (ýagny 4500 gezek okalan bolsa) we Instagram hasabymyzdan 53 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 530 gezek “halanan” bolsa) onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.
=(45*70/100)+(53*30/100)=31.5+15.9=47.4 bal
C belgili eser saýtymyzdan 48 bal alan bolsa (ýagny 4800 okalan bolsa) we Instagram hasabymyzdan 67 bal alan bolsa (ýagny Instagram hasabymyzda 670 gezek “halanan” bolsa) onda bu eseriň jemi baly şeýle kesgitlenilýär.
=(48*70/100)+(67*30/100)= 33.60+20.10=53.70 bal
Bu ýagdaýda, C belgili eser 53.70 bal bilen 1-nji orny, A belgili eser 52 bal bilen ikinji orny we B belgili eser bolsa 47.4bal bilen 3-nji orny eýeleýär.
“Ata Watan Eserleri” bäsleşigine hödürlenen ähli eserleri okamak üçin şu ýere basyň!
Bäsleşik bilen baglanşykly habarlarymyzdan ýakynlaryňyz habardar bolmagyny we olaryň bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolmagyna goşant goşmak we döredijilik toparymyzyň kiçijek zähmetine Sizem öz goşandyňyzy goşmak isleseňiz bu habary öz IMO, Instagram, Linkedin, Facebook we Twitter hasabyňyzdan paýlaşyň we biziň aşakda berilen şeýle hasaplarymyza goşulyp “Like” (halamak) we Teswirleriňizi goýuň!
Ýeňijilere baýraklar:
“Ata Watan Eserleri” bäsleşiginiň bu tapgyrynda bu bäsleşik Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýändigi sebäpli jemi 25 baýrak ýeňijilerine garaşýar. Pul baýraklarynyň jemi möçberi 25.000,00 manata barabar.
Esasy Baýraklar
Baş baýrak: Samsung Galaxy Watch 46 mm akylly sagat
Ikinji orun : Red Me Note 8 telefon
Üçünji orun : 2.500,00 Manat
Beýleki baýraklary
4-nji orun: 2250,00 manat
5-nji orun : 2000,00 manat
6-nji orun : RedMe 7 A
7-nji orun : 1900,00 manat
8-nji orun : 1800,00 manat
9-nji orun : 1700,00 manat
10-njy orun : 1600,00 manat
11-nji orun :1500,00 manat
12-nji orun :1400,00 manat
13-nji orun Mikrotolkunly peç
14-nji orun : 1300,00 manat
15-nji orun:1200,00 manat
16-nji orun :1100,00 manat
17-nji orun :1000,00 manat
18-nji orun : 900,00 manat
19-nji orun :800,00 manat
20-nji orun : 700,00 manat
21-nji orun: Kabelsiz gulaklyk (nauşnik)
22-nji orun: 600,00 manat
23-nji orun: 500,00 manat
24-nji orun :Charger Powerbank (ýan güýç beriji)
25-nji orun: 250,00 manat
Höweslendiriji sowgatlar
Şeýle hem bäsleşige gatnaşyp, ilkinji 50 orny eýelän eserleriň awtoryna “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň we “Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti” türk kompaniýasynyň içinde 2021-nji ýylyň senenamasy, bellik kagyzy ýaly sowgatlar jemlenen ýan torbasy sowgat berler.
Üstünlik hemraňyz bolsun!
Hormatly okyjylarymyz!
Saýtymyzda biri-birinden gyzykly we peýdaly habarlary özünde jemlenen ýörite sahypalar açyldy we ol sahypalardaky habarlardan habardar bolmak üçin degişli bölümiň ady gök bilen ýazylan ýere giriň!
Saýtymyzdaky ähli habarlary okamak üçin Habarlar sahypasy Siziň hyzmatyňyzda.
Siz öz gyzyklanýan ugruňyza görä degişli sahypanyň ady ýazylan gök ýere basmak bilen ýa-da degişli surata basmak bilen ol habarlary aňsatlyk bilen tapyp bilersiňiz!
ykdysadyýet ulgamyna degişli habarlar,
dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglanşykly habarlary,
täze açyşlar we tehnologiýa degişli habarlary,
dünýäniň dürli künjegine syýahat bilen baglanşykly habarlary,
populýar we gündelik durmuşa degişli habarlary,
medeniýet ulgamyna degişli habarlary,
sport baradaky täzelikleri we seljermeleri,
telekeçilik bilen meşgullanmak isleýänler üçin gyzykly täzelikleri we maglumatlary,
bilim ulgamyna degişli habarlary
Hormatly okyjylarymyz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda şeýle hem başgaça birnäçe sahypa hereket edýär. Siz bu sahypalaryňyz üsti bilen Türkmenistan we dünýäde bolup geçýän wakalar baradaky gyzykly we peýdaly habarlary we maglumatlary okap bilersiňiz!
Saglyk we COVID19 baradaky habarlar
Ýyldyzlar näme diýýän okyjylarymyz üçin Täleýnama sahypasy
Durmuşda peýda berjek Peýdaly maslahatlary özünde jemleýän ýörite sahypamyz
Hünärmenleriň degişli ulgamlara degişli teswirleri özünde jemleýän Teswirler sahypasy
Sungat ussatlary bilen geçirilen Söhbetdeşlikleri okap boljak ýörite sahypamyz
Resmi hasaplarymyz:
Bu hasaplarymyza girmek üçin hasaplaryň ady ýazylan gök ýere basyň ýa-da hasaplara degişli suratlara basyň!
Habarlarymyzy IMO hasabyndan okamak üçin +993 65 80 24 70 belgili telefondan goşulyň