Döredijilik bilen meşgullanýanlar bilen bir hatarda giň okyjylar köpçüliginde hem gyzyklanma döredip başlan “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyry ýakynda yglan ediler. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty häzire çenli birnäçe döredijilik bäsleşigini yglan etti we üstünlikli geçirdi. Şu wagta çenli geçirlen bäsleşiklerde saýta ýerleşdirilen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere basyň!
Geliň indi öň geçirilen bäsleşikler barada gysgaça maglumat bereýliň. Şol bäsleşikler barada giňişleýin maglumaty bolsa gök ýazylan ýere girip okap bilersiňiz!
Birinji tapgyr
Bäsleşikleriň ilkinjisi geçen ýylyň oktýabr aýynda yglan edilipdi we ýaryşa islendik ugurda edebi makala, goşgy, hekaýa, oýlanma kabul edildi. Ýeňijiler eseriň saýtda okalan sanyna görä kesgitlendi we baş baýrak hökmünde RedMi 7A telefon sowgat berildi. Bäsleşik Makul Hyzmat terjime merkeziniň hemaýatkärliginde geçirilipdi. Bäsleşigiň goşgy we beýleki eserler ugrundan birinji orny eýelän her bir awtoryna Microwave Peç, ikinji orny eýelän awtorlaryna TTEC, Re Charger Universal Powerbank we üçünji orny eýelän awtorlaryna Preo My Sound X-Bass sowgat berildi.
Ikinji tapgyr
“Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşiginiň ikinji tapgyry üstümizdäki ýylyň başlarynda yglan edildi. “Üstünlik gazanmagyň ýollary” mowzugy esasynda geçirilen bu bäsleşik 2020-nji ýylyň 30-njy martynda tamamlandy. Şonuň netijesinde bäsleşigiň emin agzalarynyň hem-de internet saýtynda okalan sanyna laýyklykda ýeňijiler mälim edildi. Bäsleşik “Aysözen Management Consulting” merkeziniň we “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň ýakyndan goldaw bermeginde geçirildi. Bäsleşigiň bu tapgyrynda birinji orny eýelän awtor- baş baýrak “Notebook HP ProBook 450” kompýuter bilen sylaglandy. Bäsleşikde ikinji orny eýelän awtora “RedMi 7A” telefony, üçünji orny eýelän awtor bolsa “Samsung” mikrotolkunly peç bilen sylaglandy. Mundan başga-da, 4-10-njy orunlary eýelän awtorlaryň her birine “Preo Pwatch X Pro” akylly sagat sowgat berildi. Bäsleşigiň bu tapgyry Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
Üçünji tapgyr
Bäsleşigiň üçünji tapgyry, Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirildi. “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi Türkiýede hereket edýän Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan gurnaldy. Ýeňijiler eseriň okalan sanyna we Facebook we Instagram hasaplarynda “halanan” sanlaryna görä kesgitlendi.
Bäsleşik Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän, Türkmen, Türk, Iňlis we Rus dillerinde terjime hyzmatlaryny hödürleýan we Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly raýatlara bilim ulgamynda maslahat hyzmatlary berýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık, Tercüme, Turizm ve Bilişim Ltd Şti Türk kompaniýasynyň hemaýatkärliginde geçirildi. Bäsleşigiň birinjisine 2000 Türk lirasy sowgat berildi. Bäsleşigikde ýeňiji bolan 15 eseriň awtoryna jemi 10 500 Türk lirasy pul baýragy berildi. Bäsleşikde ilkinji 15-lige giren eseriň awtoryna şeýle hem Türkmenistanly sungat işgäri we häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynda bilim alýan we sungat kärini dowam etdirýän Çynaranyň kitaby sowgat berildi. Ýeňijilere baýrak onlaýn ýagdaýda gowşuryldy we pul baýraklary ýeňijileriň bank hasaplaşyklaryna iberildi. Bäsleşigiň bu tapgyry hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirildi.
Täze döredijilik bäsleşigi: Bäsleşigiň täze tapgyry
“Ata Watan eserleri” döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyrynyň mowzugy, geçiriljek wagty, beriljek sowgatlar we bäsleşik baradaky beýleki jikme-jik maglumat ýakynda www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna ýerleşdiriler. Bu bäsleşik bilen baglanşykly soraglaryňyzy we maslahatlaryňyzy turkmenlawyer@hotmail.com salgysyna ugradyp bilersiňiz!