JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda geňeşmeler geçirildi

2020-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçen baştutanlyk etdi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle hem halkara guramalaryň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň giň göwrümli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar ýokary derejelerdäki duşuşyklary guramagyň we işjeňleşdirmegiň örän wajypdygyny hem belläp geçdiler.

Hususan-da, taraplar dünýäde ýüze çykan pandemiýa bilen bagly sebitleýin we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň koronawirusyň planetar ölçegde ýaýramagy ýaly gaýragoýulmasyz wehimlere garşy göreşde ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň netijeli ulanylmagy baradaky başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetliligi we öz wagtyndalygy bellenilip geçildi.

Şeýle hem diplomatlar gün tertibiniň ykdysady, söwda, nebit we gaz, telearagatnaşyk, saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet ýaly ulgamlary babatda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny alamatlandyrdylar. Bu ugurlarda her ýurduň ägirt uly kuwwatyny dolulygyna amala aşyrmaga mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Taraplar hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý toparynyň nobatdaky mejlisiniň ýakyn geljekde geçirilmegi baradaky tagallalaryň işjeňleşdirilmegi dogrusynda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri