MEDENIÝET

6-njy iýun rus diliniň güni

Her ýylyň 6-njy iýunynda  Rus diliniň güni bellenilip geçilýär.  Bu şanly sene 2010-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan döredildi. Bu abraýly halkara gurama tarapyndan ykrar edilen bu baýramçylyk görnükli rus şahyry Aleksandr Puşkiniň doglan gününde bellenilip geçilýär. Rus dili BMG-niň hem resmi dilleriniň biri bolup durýar.

Rus dili dünýäde iň meşhur döwlet dilleriň hatarynda tanalýandygy belki-de hemmämize mälim bolsa gerek. Bu baýramçylykda rus halky, esasan hem, milli naharlary bolan böregiň dürli görnüşleri bilen toý saçagyny bezeýär. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurduň dürli künjeklerinde köp sanly medeni çäreler guralýar.

Rus dili giň hem-de gadymy dil. Bu dili öwrenmek hem kyn däl. Alymlar rus dilini öýde hem öwrenip boljakdygyny aýdýarlar. Häzirki wagtda internetiň barha pajarlap ösmegi netijesinde, “YouTube” we beýleki birnäçe onlaýn platformalarda rus dili bilen bagly gyzykly sapaklar her bir öwreniji üçin elýeterdir.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri